Irki döwürde adamlaryň haja atly, düýeli gidýan wagtlary haja gidýänler özleriniň atlaryna, düýelerine sereder ýaly bir sada adamynam ýanlaryna alýarlar.Ol adam sada bolansoň, hajçylar ýol boýy ol adama degip gülüşip gelipdirler. Mekge şäherine baransoňlar ol adamyny goşlarynyň ýanynda goýup, özleri haj parzlaryny etmäge gidýärler.Ol adamlar kyblaýy Käbäni togap edip gelenlerinden soň ýaňky sada adamynam "Bar senem Käbäni aýlanyp,hajyňy bitirip gel" diýip iberýärler.Ol adam gidensoň haja baranlar "Geliň ýaňky geler welin üstünden gülüp-degişeliň"-diýip dilleşýärler. Ol adam Käbeden gelensoň, beýleki haja gidenler oňa "Eý, pylany, hany seniň kabul hatyň barmy, hajyň kabul bolsa, eliňe "Hajy kabul boldy"-diýip, hat berýäler-ä, biz-ä berdiler" dýip, bary öň dilleşensoňlar öz taýýarlap goýan hatlaryny oňa görkezýärler.Ol adam olaryň elindäki haty görüp, kellesini tutup "Waý Allahym,hajym kabul bolman ekeni"-diýip, zar-zar aglap, täzeden kyblaýy Käbä tarap ugraýar. Täzeden aglap "Allahym meniňem hajymy kabul et, kabul hatymy ber, Allahym"-diýip,yhlas bilen ýalbaryp, aglap, aýlanyp başlaýar.Ol adam aglap gidensoň, ol adamyň türkanalygyna beýleki hajçylar gülüşýärler. Olar "Beýlede bir sada adam boljak ekeni" diýip otyrkalar, ýaňky sada adamyň "Maňa-da hat berdiler"-diýip gelmegi ol adamlary haýrana goýýar.Sebäbi ol adam sada bolsa-da, hiç hili aldajak adam däl ekeni. ,,Ol nähili beýle bolýaraý"- diýip ala basgy bolup görseler, onuň elinde hakykatdanam "Hajyň kabul" diýilen hat bar ekeni. Soňra ol adamlar ol haty şol döwrüniň din alymlaryna görkezipdirler.Şonda olaram"Şu hat hakykatdanam Allatagala tarapyn"- diýýärler, sebäbi şol hat daşyna üýşüp okasalar hem, şol daşyndakylara haty öwürmeselerem baryna dürs ýagdaýda görünýär ekeni. Bary birlikde öwürmesiz şol haty okap bilýär ekenler.

Allatagala bize-de şol sada adamyňky ýaly iman, yhlas, kiçigöwünlilik nesip edip ybadatlarymyzy kabul kylsyn !

Bilim, Men_ve_Sen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir