«Men seniň ýanyňa geldim...».
Aýdymdan.
Kalby saplap köne kine-öýkeden,
Bu ne söýgi, agras başy ýaýkadan?!
Giň dünýäni açmak üçin gaýtadan,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Sen bilýärmiň: ýaşlyk näme, ýaş näme?
Tutuş ömre degýän täsin düýş näme?
Dideleňde öz-özüme duşmaga
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Ahmalym ne – ýa gelgeý, ýa gelmegeý,
Ahwalym ne – ýa bilgeý, ýa bilmegeý,
Sowallara gapgarylyp telbe deý,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Gözläp yşky küt kitaplaň gatyndan,
Ahyr tapdym birje söýgi hatyndan.
Nämemiş perwana oda atylmak –
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Öňküje özümden ara açyp men,
Del-düregeý dünýä aralaşyp men,
Diýjek sözlerimi şygra goşup men,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Ýolum suwlap gökden inen ýagyşlar,
Ör turup, ýol berdi maňa agaçlar...
Mende başga çykalga ýok, bagyşla...
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Kakamyrat Rejebow
Duşuşyk
-
A93
3 years ago
- Menem hemişe şu goşgyny özüm ýazan ýaly bolup aýdyp gezýärdim:)
-
yashalym
3 years ago
- Arslan Alyyew azajyk utanay kanem utanma!!!
Adam usrmeli eytmeli beytmeli hacandan bari reklama edip yorsin so musyr saytlany narmanly sayt bolanda agzalar reklama etmeli so saytlanyzy utanynow adamlan yuregine dusyanyz buloklar.ru yeketak ru iki saytdan basga reklama edip masgara bolyp yoren bamy siz yaly yuzlerce sayt bar sizden basga solar sutayyk gelip reklama edenoga tmkars in yorgunli prgrama sol sutayyk gelip bir zat goydym gorip gaydayn dp yalbaryp yorenoga oz yanynyzdan diyen bolyansynyz ay ine bizem bahym tmkars yaly her reklama 10 20 milyon pul alars zat diyip oz ozinize gowunlik beren bolyanyzmy😂😂😂
Sorag-jogap, yashalym tarapyndan 4 minutes ago
Üýtget Poz
yashalym 1 second ago
Arslanalayew pozyber arkayn mowzugy ajy hakykata seretmane yuzuniz yokmu su gunden baslap isim zetpora bilen sen borsynyz saytlanyzy reklama edip yurege dusdiniz basga yer yokmy sutaydan basga
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- Gowy eken
Pegas 3 years ago- Okuwdakak şuň iň soňky bendini gruppa bilen hor bolup aýdýardyk. Owadan goşgy.