Ay geljekde ederin, geljekde beyderin diyip gymmatly wagtymy zayalap yörşüme gözüm yetdi bu günler. Geljek haçan geljek? Durmuşda wajyp zatlaryn şu wagt edilmegi gerekdigine düşündüm bu günler. Eysem nadip? Bir görsem birnaçe hepde kan boş wagtym boldy, hiç zat etmani yöne geçirdim şol wagty, içimden bir ses wagt nagtdyr diyip aydyardy, yüregim syzlardy, bu wagtyn yöne geçmeli daldigini, arzuw hyyalym ugruna sarp etmelidigimi bilyardim, emma yaltanyp, bahana tapyp, son ederin diyerdim özüme. Ine ol boş günler gutardy, işe başladym, indi hyyalym barada oylanara da wagtym yok, geljegim hem şeyle gitse, men haçan arzuw hyyalymy amala aşyrayyn? Şonun üçin elime pursat geçse derrew herekede geçjegim barada öz özüme söz berdim, erkim güyçlüdür, aydan zadymy ederin, şeylelik bilen arzuwyma yakynlaşanymy duymaga başladym. Wagt gymmatly, wagt nagtdyr. Her salymyny arzuwyn üçin yaşamalay we şeydip arzuwyna yetmeli. Geljekde ederin, ertir ederin diysen ol wagt hiç haçanam gelmez, şu wagt, edil şu salym başlamaly, şonda arzuwyna tarap bir adim atan bolarsyn, arzuwyn sana bir adim yakynlaşar. Ine menin durmuş pelsepam.

Köneler, arassaTürkmen tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir