Iň ýönekeý hasaplanylýan barlykdan iň çylşyrymly gurluşa eýe barlyklara we hadysalara çenli ähli zadyň ýaradylyşynda ençeme maksatlar bolar-da, barlyklaryň soltany we iň kämili bolan ynsanyň ýaradylyşynyň maksady bolmazmy?! Elbetde, ynsanyň hem ýaradylmagynyň maksady bardyr. Hawa, ynsanyň ýaradylyş maksady älemi we ynsany ýaradan Halygyny tanap; bagyş eden nygmatlary üçin Oňa şükür edip; bu älemde Onuň eziz myhmany hökmünde ýaşap, wagty-sagady gelende-de başga bir äleme gitmekdir. Bir aýatda ynsanyň name üçin ýaradylandygy beýan edilýär: “Men jynlary we ynsanlary diňe Meni tanap, Maňa gulluk etsinler diýip ýaratdym” (Zariýat, 56). Ýöne ynsan, ilki Allahy tanap, bilip, gulluk duýgusyna eýe bolandan soňra gulluk edýär.
Ynsanyň ýaradylyş maksady…
-
şakird
15 years ago
- Ynsanyň ýaradylyşynyň asyl we ikinji maksady: gulluk
Barlyklara siňe syn edilende, olaryň näme üçin ýaradylandygyny aňmak bolýar. Gawuna syn eden, onuň iýmek üçin ýaradylandygyna düşüner. Ýolbars ýaly wagşy haýwanlaryň dişlerini we penjelerini gören, olaryň-da parçalamak, böwüsmek üçin ýaradylandygyna göz ýetirer. Hawa, ynsanyň hem tebigatyna syn eden, onuň özüni Ýaradany tanap, Allaha gulluk etmek üçin ýaradylandygyna düşuner. Çünki, ynsan diňe iýmek-içmek; oýnamak-wagt geçirmek; zowky-sapa üçin ýaradylandyr diýsek, bulary beýleki barlyklaryň has oňat edýändigini görýäris. Diýmek, ynsan has tapawutly bir maksat üçin ýaradylan bolmaly. Ähli zat ynsana hyzmat edýär. Ynsan hem ähli zady ýaradyp, özüne hyzmatçy eden Rabbine Onuň emir edişi ýaly hyzmat edip ýaşamalydyr. Emirlerini berjaý edip, gadagan eden zatlaryndan daşda durmalydyr.
-
şakird
15 years ago
- Kuran ähli adamzady gulluga çagyrýar
Kuran aýatlarynyň wahyý görnüşinde iniş yzygiderliligine görä ilkinji emir “Ýaradan Rabbiň ady bilen oka!” (Alak, 1) bolsa, Kuranda süreleriň ýerleşdiriliş tertibi içinde Hak tagalanyň ilkinji emir “Gulluk ediň!” buyrugydyr.
“Eý ynsanlar! Sizi we sizden owalkylary ýaradan Rabbiňize ybadat (gulluk) ediň. Beýle etmek bilen her dürli zyýandan goralmagy umyt edip bilersiňiz
Rabbiňiz Ýer ýüzüni siziň üçin düşek, gögi-de üçek eýledi. Gökden ýagmyr inderip, ol ýagmyr sebäpli dürli miwelerden we ekinlerden rysk berdi. Şu halda, siz bu zatlary bilip durkaňyz hem, hergiz Rabbiňize şirk goşmaň” (Bakara, 21-22).
Ýagny, “Eý ynsanlar” – ýagny, ähliňiz; kapyr, mümin, münafyk… haýsy synpa; dünýädäki kowumlardan haýsyna degişli bolsaňyz boluň, ähliňiz şu emir bilen jogapkärsiňiz; “Sizi we sizden owalkylary, atalaryňyzy, eneleriňizi, ähli ejdadyňyzy, başdan soňa barysyny ýaradan älemleriň Rabbine ybadat (gulluk) ediň!”
Gullugyň sebäpleri, delilleri
Allah “Gulluk ediň!” diýende, ynsanda şeýle sorag döreýär: “Näme üçin gulluk etmeli?” Allah: “Allah sizi ýaradandygy we sizi terbiýeländigi üçin gulluk ediň!” diýip jogap berýär. Allah bizi ýaratmak bilen bir sanda, ýaşaýşyň dowamy üçin haýsy nygmatlar zerur bolsa, olary-da ýaratdy we bize yhsan etdi. Bizde şeýle gymmatly nygmatlar bar welin; akyl göz, gulak, dil, erk (we ş.m.) bularyň ýekejesini dünýä malyna çalyşmarys.
“Sizden owalkylary ýaradan Allahdygy üçin-de gulluk ediň”. “Sizden owalkylar” hakykatyna üns beriň. Hz. Adamdan bu güne çenli Ýer ýüzünde näçe ynsan ýaşady. Emma, ählisi-de geldi-geçdi. Ol dünýä gitdiler. Sen hem panysyň. Daşdan-polatdan dälsiň. Etden-süňkden ybaratsyň. Sen hem bir gün gitmelisiň. Şu halda, bu dünýä seni aldamasyn. Gitjek ýeriňe taýýarlykly bol. Allaha gulluk et.
Rabbiňiz aýaklaryňyzyň astyndaky Zemini siziň üçin düşek kylyp, onuň üstünde sizi ýaradypdyr. Her dürli nygmaty ol ýerde taýýar edipdir. Ýeri düşek edendigi üçin Rabbiňize gulluk ediň.
“Başyňyzyň üstündäki Gögi-de deňagramsyz ýagdaýa düşmekden goralan üçek eýledik.” (Enbiýa, 32) Öýümiziň üçegi bizi daşarky howplardan goraýar. Sowukdan, yssydan, daş-toprakdan, tozandan goraýar. Ýer atly umumy öýümiziň goragly üçegi asmandyr, atmosfera howa gurşawydyr. Eger bu üçek bolmadyk bolsa, Günden gelýän zyýanly şöhleler sebäpli zäherlenerdik. Meteor daşlary entek asmandaka ýanyp, pytramasa, bu öýümiz birmahallar harap bolardy. Bulary biz öz güýjümiz bilen etmedik. Allahyň bize bagyş eden bu nygmatlary üçin gulluk etmeli.
Ýagyş damjalary ýüzugra däl, belli bir nyzama görä inýär. Çünki, şeýle uzak aralykdan gelýändigine garamazdan, şemaldyr öwüsginleriň täsirine garamazdan, damjalaryň arasynda garpyşma bolmaýar. Diýmek, ol damjalar Ýer ýüzüne ýüzugra inmän, jylawlary Allahyň melekleriniň elindedir.
Şu halda, asmandan Ýere suw inderýän Allaha gulluk ediň. Ýagyş ýagmasa, halyňyz niçik bolardy? Eliňizden name gelerdi? Allah ýagyş bilen dürli miwelerden, hasyllardan ryskyňyzy ýetirýär. Eger Allah ol ryzklary bermedik bolsa, siz özüňiz iň ýönekeýini, iň kiçisini hem ýaradyp bilmezdiňiz. Munça nygmatlary Allah berýär. Allaha gulluk ediň. Allahyň gullarynyň üstünde haky bar. Biziň Oňa gulluk borjumyz bar.
Ynsan Allahyň beren nygmatlaryny bilşiçe, duýşuça Allaha gulluk eder. Şonuň üçin Kuran birnäçe ýerde Allahyň sansyz nygmatlaryny düşündirýär. “Sanamaga synanyşsaňyz hem sanap aňyrsyna çykyp bilmersiňiz” diýýär. Sansyz nygmatyň öwezine sansyz gulluk kylynmalydy. Emma, Allah bizden çäkli, sanalgy gullugy talap edýär.
Allahy iň ýagşy tanaýan, bilýän Söýgüli Pygamberimiz Hz. Muhammetdi (s.a.w.). Şonuň üçin-de, iň köp gulluk eden hem Ol’dur. Mugire (r.a.) gürrüň berýär: Pygamber (s.a.w.) namaz kylanda iki aýagy ýa-da iki baldyry çişýänçä aýak üstünde durardy. Hz. Aişe ondan: “Ýa Resulullah, Allah seniň geçen we geljek günäleriňi bagyşlady. Ybadat meselesinde näme üçin beýle özüňe azap berýärsiň?” diýip soranda, Resuly Ekrem: “Allahyň nygmatlaryna şükür edýän gul bolmaýynmy?” diýip jogap bererdi.
Hz. Muhammed (s.a.w.): “Allahym! Saňa gözel gulluk etmegim, şükür we zikir etmegim üçin maňa ýardam eýle!” diýip dileg edýär.
“Heý, depelerindäki Göge seretmedilermi? Seredip, Biziň ony nähili pugta bina edendigimizi, onda ýönekeýje jaýryk, deňagramsyzlyk ýokdugy barada piker etmezlermi?
Ýeri-de düşedik. Ol ýere deňagramlylygy saklajak agyr basyşlar, uly daglar ýerleşdirdik. Ol ýerde gözleri, köňülleri açýan her dürli ösümliklerden jübütler ýetişdirdik.
Bularyň ählisini Allaha ýöneljek her gula Ýaradanyň gudratyny ýatlatmagy, ders bermegi, nusga almagy üçin etdik.
Gökden bereketli suw inderdik. Onuň bilen baglar we ýygyljak ekinler, salkym-salkym miweleri bolan uly hurma agaçlaryny ýetişdirdik.Bularyň ählisi gullarymyza ryzk bermek üçindir. Hem ol suw bilen öli topraga ýaşaýyş berdik. Ynha, ölen ynsanlaryň mazarlaryndan çykyşy hem şeýle boljakdyr.” (Kaf, 6-11).
-
Laplandiya
15 years ago
- Shakird aga mena sozum yok,subhanallah,alla senden razy bsn. Shakird aga,tema yazyp yitayanle,biz bn oturup pikir paylashsak
-
sukomoto
15 years ago
- men öz soragyma şeýleräk jogap isläpdim.
ýöne, Şakird, seň bilenem ylalaşyp bolarmyka?
-
şakird
15 years ago
- Allah (j.j.) hemmämizden razy bolsun..
sukomota dostum, haýsy temada ylalaşyp bolmazmy?
-
sukomoto
15 years ago
“Men jynlary we ynsanlary diňe Meni tanap, Maňa gulluk etsinler diýip ýaratdym” (Zariýat, 56).
munuň bilen ylalaşman bolmaz.
Ynsanyň ýaradylyşynyň birinji maksady: ylymdyr.
munyň umumy we düşnükdiz.
-
DoJiGat
15 years ago
- gaty gowy bellapdir sagbolun zahmedinize elin gozun dert gormesin.
şakird 15 years ago- Ynsanyň ýaradylyşynyň birinji maksady: ylymdyr.
Hawa, ynsan Allahy bilip-tanaýşyna görä Oňa gulluk edýär. Şonuň üçindir: yslamda Allahyň ilkinji emriniň magraçda namazyň emir edilmegi bolandygyna garamazdan, şol wagta deňiç Allahdan ybadat teklibi gelmändi. Kuran 11-12 ýyllap ynsanlara Allahyň barlygyny, güýç-kuwwatyny düşündiripdi. Tutuş älemi biz – ynsan nesli üçin ýaradandygyny düşündiripdi. Sahabalar hem şoňa ynanypdy. Olarda şeýle bir Allah düşünjesi (marifetullah) emele gelipdi welin, “Şu ynanýan Allahymyz bizden name talap edýär? Name etsek bizden razy bolarka?” duýgusyna eýe bolanlarynda, Allah-da buýrupdy: “Namaz kylyň!” Emma, magraç hadysasyna çenli diňe marifetullah (Allah düşünjesi) dersi, iman dersi berlipdi.
Hakykatdan hem, ynsanyň ýaradylyş maksady gönüden-göni diňe gulluk bolsady, Allahyň Hz. Adamy ýaratmagynyň manysy galmazdy. Hz. Adamdan öň Ýer ýüzünde melekler-perişdeler bardy. Olar Allaha göz açyp-ýumasy salym hem baş götermezden, garşylyk görezmezden gulluk edýärdiler. Allahyň Adamy we adam ogullaryny ýaratmagynyň, gullukdan hem aýry hikmeti bolmalydy. Melekler ybadat edýärdiler. Ýöne, marifetullahdan mahrumdylar, akyl we düşünjeleri ýokdugy üçin-de ylymlary ýokdy. Allaha bir-de ylymy bolan, ylmy bilen marifetullahy beýgelip, Allaha gulluk edýän; şol birwagtyň özünde-de Allahyň Ýer ýüzünde halyfy bolup biljek barlyklaryň bolmagyny isländigi üçin, Adamy ýaratdy. Soňra Adama gözel atlaryny, älemdäki ylymlary öwretdi. Adam ylmy bilen, marifeti bilen meleklerden hem üstün ýagdaýa geldi.
Eger ynsanyň ýaradylmagyndan maksat diňe gulluk bolsady, Kuranyň ilkinji emir “Ýaradan Rebbiň ady bilen oka!” (Alak, 1) bolmazdy. Kuran gulluk kitabydygyna garamazdan, ilkinji aýatynyň “Oka!” diýlip başlanmagy ynsanyň ýaradylyş maksadynyň ylym öwrenmek we öwretmekdigini we şoňa bagly gullukdygyny görkezýär.
Janly-jansyz her barlyk kitapdyr. Şonuň üçin-de, “Gör, synla” görnüşinde däl-de, “Oka!” emri inendir. Çünki kitap okamak üçindir. Her biri bir kitap bolan barlyklar bilen doldurylan we zynatlandyrylan älem, elbetde, ylahy kitaphanadyr.
Şuňa laýyklykda, ynsan okamalydyr. Älem kitabyny we kitabyň terjimesi bolan Kurany okamaly; Allahyň beýikligine we gudratyna akyl ýetirip, özüniň hiçligini, ejizligini, mätäçligini duýup, Onuň garşysynda sejdä baryp, gulluk etmelidir.
Kuran aýatlaryndan birnäçesinde ilki Allah tanadylýar, marifetullah dersi berilýär. Bu ylym täliminden soňra Allaha gulluk etmegimiz emir edilýär. Ynha tutuş Kuranyň mazmuny hasaplanylýan Fatiha süresinde-de ilki “Rahman we Rahym bolan Allahyň ady bilen. Ähli şükürler, öwgüler älemleriň Rabbi Allahadyr. Ol Rahmandyr, Rahymdyr. Din gününiň, hasap gününiň ýeke-täk Mäligidir – eýesidir” (Fatiha, 1-4) diýlip, Rebbül-Äleminiň rehmeti, Onuň dünýä we ahyretde barça zadyň mäligidigi beýan edilenden soňra, “(Şu halda diýiň): Diňe Saňa ybadat edip, ýalňyz Senden medet dileýäris” (Fatiha, 5) diýilýär.
Aşakdaky Kuran aýatlary hem bu hakykaty subut edýär:
“Ol gökleriň, ýeriň we ol ikisiniň arasynda bar bolan ähli zadyň Rebbidir. Şu halda, diňe Oňa gulluk et…” (Merýem, 65);
“Siziň Rebbiňiz gökleri we ýeri alty günde ýaradan, soňra-da Arşynyň üstünde hökmürowan bolan, Onuň gatynda hiç bir şefagatçy iş bitirip bilmez. Ynha, Rebbiňiz, şu sypatlara eýe Allahdyr. Şu halda, Ony bir bilip, diňe Oňa ybadat ediň. Entek hem hakykatlar barada oýlanmagyň wagty ýetmedimi?” (Ýunus, 13).