IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 21

211. Alymlar häzire çenli, Aýdaky-tozanyň syryny düşündirip bilenoklar. Aýda bolan ähli kosmanawtlar, Kosmos-gämisinde(космическом корабле) "Edil biri ýanymyzda durup karabinden(ýaragdan) atanýaly ýanan däriniň(порох) ysy duýulýar" diýip aýtdylar. Ýerde bolsa Aý-tozanynyň hiç-hili ysy duýulmaýar.

212. Iki ýaşynda Skarlatina(kesel) bilen kesellän Amerikanyň ýaşaýjysy Helen Keller, görmekden we eşitmek duýgularyny ýitirdi, emma öz islegleri we hyjuwlary bilen hem öz pedagogy bolan Enn Saliwanyň ukyby(talanty)-kömegi bilen Helen, gürleýän adamyň diliniň titremesinden(wibrasiýasy) düşünşmegi öwrendi, mundan başgada ol birnäçe dilleri "Braýl" usuly bilen öwrendi. Heleniň durmuşuna Mark Twen hem işjeň(aktiw) gatnaşdy. 1904-nji ýylda 24 ýaşly Helen aýratyn-tapawutlanma(cim laude) bilen "Redklif" uniwersitetini tamamlady we şunluk bilen ol, taryhda birinji ýokary bilim alan ker-lal adam bolupgaldy. Ol köpçülikdäki giňden ýaýran meseleler bilen gyzyklanyp, inwalid adamlaryň hukuklaryny goramaklyk bilen meşgullandy, 7 kitap ýazdy we A.B.Ş.-nyň prezidentiniň "belent raýatlyk erkinligi" medaly bilen sylaglandy.

213. Maýýa Indeýleriniň gözellige-owadanlyga garaýşy düýbünden başgaça. Çaşy-gözlülik olarda aýratyn owadanlyklaryň biri hasaplanylýardy we şeýle çaşy-gözlüligi döretmek üçin çaganyň burnynyň ýokarsynda, gözleriniň arasynda kauçuk-topjagazyny asyp goýýardylar.

214. Möýleriň ähli görnüşi ýyrtyjylardyr(et-iýýänler). Emma ýekeje görnüşi barada dogry çaklama ýok. Ol Merkezi Amerikadaky böküji-möýler tohumyna degişli bolup ady "Kiplig Bagira(lat.Bagheera Kiplingi)" we onuň iýmitiniň 90% ösümliklerden ybarat. Ol möýler akasiýa agajynyň lipidlara hem beloklara baý bolan ýapraklarynyň ujyny iýýärler. Iň gyzykly hem eýmenç ýeri, guraklygyň agyr döwürlerinde ol möýler bir-birlerini iýýärler, has dogrusy gannibal bolýalar.

215. Waldşnep diýilip atlandyrylýan guşlar, ýagyş gurçuklaryny iýmegi has-beter halaýarlar. Olar ýagyşyň sesine meňzedip ýeri depgileýärler. Bu guşlaryň ýer depgileýänini daşyndan görseňiz, siz "Bu guş tans edýär" diýip düşünersiňiz. Muňa gurçuklar ýagyş ýagýandyr öýidip ýokary çykýarlar we waldşnepine-guşa nahar bolýalar.

216. Hytaýda we Koreýada duş gelyän suw-suguny(lat. Hydropotes inermis)-ndan başga ähli sugunlaryň şahlary ösýär. Ol sugunlarda şahyň ýerine uly bolmadyk gyýak(diş, it-diş) ösýär, ine şu sebäpli hem şu görnüşli sugunyň başga ady ýagny "Wampir sugun" ady hem bar. Jübütleşik döwründe erkeç sugunlar dişleri bilen garşydaşlarynyň boýunlaryny ýyrtjak bolup synanşýarlar.

217. 1973-nji ýylyň dekabrynda agşamky tele-efir göýberilişiginde, tanymal Amerikan tele-alypbaryjy Jonny Karson degişip "ştatlarda hajathana-kagyzynyň ýetmezçilik edýändigini" aýtdy we netijede şol sebäpli hajathana kagyzynyň üsdünde adamlar topalaň turuzup, kagyzlary satyn aldylar. Ertesi gün Jonny Karson beýle degişmesi üçin halkdan ötünç sorady, emma hajathana-kagyzynyň ýetmezçiligi 1 aý dowam etdi.

218. "Jan janam, näme diýseň razy. Guşuň süýdini hem tapyp bereýin" diýilen sözlere duşduňuzmy? Göräýmäge bolmajak zat. Sebäbi hiçbir guşuň süýdi ýok ahyry!? Emma ýok, beýledäl. Flamingo ady bilen tanalýan ähli gyzyl durna görnüşli guşlar, agyzlary bilen jüýjelerine gyzyl gana meňzeşiräk suwuklyk bilen iýmitlendirýärler. Megerem şuňa guşuň süýdi diýilýändir. Şol sebäpli guşuň süýdi tapylmajak fantaziýa däl.

219. Amerka göçüp gelen jöhütleriň(ýewreý) maşgalasy Berdiçewlerden bolan we dünýäniň iň akyldar adamy diýilip hasaba alynan Uilýam Jeýms Sidis 1898 ýylda Nýu-Ýorkda eneden bolýar. Onuň kakasy filosof-dogtor, politolog, Garward uniwersitetiniň psihologiýa-mugallymy Boris Sidis we ejesi lukman, Boston uniwersitetiniň uçurymy Sara Mendelbaum çagalaryna öýde öz hususy bilimlerini bermegi meýilleşdirýärler. Şunlukda 18 aýlyk çaga ýazyp we "New York Times" gazetini okap bilýär. 4 ýaşynda bolsa Gomer-iň hakyky golýazmasyny okapdyr, 8 ýaşynda 2 kitap ýazdy hem 8 dili bilýär we ýene bir dili özüçe oýlap tapýar(Ol dile özi Vendergood diýip at berdi). 11 ýaşynda ol taryhda iň ýaş talyp bolup Garwarda girdi. Eýýäm 1 ýyl soňra Uilýamyň matematika baradaky düşünjesi şeýlebir çuňňurdy weli, hatda ony Garward uniwersitetiniň matematiki klubuna leksiýa okamagada çagyrýardylar. Uniwersiteti ol 16 ýaşynda aýratyn-saýlanma bilen tamamlaýar. Sidisiň IQ-sy 300, taryhda iň ýokary görkeziji. Oňa ylmy-alymlygyň derejelerini berdiler, emma ol anyk hem dürs bilimlerden ýadandygyny aýdyp derwüş(отшельник) bolup ýaşajakdygyny aýtdy. Ol köpçülikden ymykly daşlaşyp ýönekeý hasaplaýjy-bugalter bolup işledi, köplenç bolsa ylmy-barlaglar baradaky kitaby her-hili dilde ýazgy edip köpçülige hödürleýärdi. Gizlinlikde ýaşamaga ymtylyp ol žurnalistlerden bukulup gezýär we işinden çykýar. 47 ýaşynda Sidisiň beýnisine gan-öýýär(кровоизлияние) we özünden soň ýekejede mekdep galdyrman aradan çykýar.

220. Islam dininde alkagol içgiler gadagan. Şol sebäbpli Bahreýinde we Abu-Dabide geçirilen "Formula-1" ýaryşynyň çempion-ýeňijileri şampandälde, köpürjikleýän süýjili ýa-da limonad içgini ulanýarlar.

Inyernet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

Täzelikler, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir