Talyplar comdaky ähli türkmenlere salam. Men obshagada ýashaýan. Biz komnatda 3 adam bolup ýashaýas. Beýlekileñ biri 1 kurs beýlekisi 3 kurs. Göcheýin diýsem 3 bolup pul goshup 400$ kompiýuter aldyk. Göchsem kompiýuteri näme etjegimi bilemok. Göchmän ýashabersem soñ nämeler boljak belli däl. 1 kursda okaýan menden 50 $ aldy men shu wagt sho puly hem alyp bilemok diýen ýaly. 3 kursda okaýan hem özüni men uly diýip hemme ishleri bize etdirjek bolýa. Arada oñ bilen dawa etdim. SHU ÝAZGYNY KIM OKASA ÖZÜNDE DÖRÄN PIKIRLERINI GAÝRAT EDIP ÝAZSYNDA
Sizden maslahat
-
Kukla
14 years ago
- Beyle haysy okuwda okayan sen ayylganch?yurda jogap berijiler hökman seredaymeli bu zatlara!(yurt)diydigim,obşaga.men turkiyanin gürrünini edyan yöne!
-
Ayylganch
14 years ago
- Atabeg seniñ ýazanyñy okadym. Kän oýlandym. Ýöne manysyna düshünip bilmedim.
Kukla men UKRAINANYÑ KIEW SHÄHERINDE O.O. БОГОМОЛЦЯ-da okap ýörin. MEDICHNI FAKULTET. 1 KURS STUDENT. ASLYM MARYDAN. OBSHAGA SEREDÝÄNLERE AÝTSAM SEREDERLEREM ÝÖNE BARYMYZ TÜRKMEN DIÝIP AÝDAMOKDA. AÝTMANA NAMYS EDÝÄNDÄ.
-
Yenis2009
14 years ago
- Dostjan seret eger sen komyuteri aljak bolsan nace manatdan pul cykarsan bolsanyz sen sholan puluny ber, olan goshan puluny. Eger kompyuteri almajak bolsan onda puluny al. Eger etmeseler onda sen beren puluna degyan zatlarny alay. Eger komnatda ylalasmayan bolsan basga komnata gec.
-
Kukla
14 years ago
- aytmaga namys edyan bolsan onda kompyuterini taşla-da başga komnata geç,giç bolmanka.öyünizdakiler pul ugratsa tazesini alarsynda,biderek samsyklan içinde 400$ ün öz etini özün iyip yörmede!
-
shagyzy
14 years ago
- eger sen kompy yanyn bilen aljak bolsan onda olar nache pul goshan bolsa sholan puluny berde almak mumkin kompy a yesli oncha puly berip bilmesen onda sen ozun nache goshan bolsan shol puly olar sana yzyna bersinlerde sen gochup gidiber ol komnatadan, menin pikirimche dine sheyle gidip bolyar otaydan yesli uje sheyle etini iyyan bolsalar olar,,,,,, yone yekeje soragym bar sana name uchin sen olar bilen onushanok?
-
Ayylganch
14 years ago
- Shagyzy biziñ uniwersitedimizde MARYDAN BIR ÖZÜM. Bashga marydan adam ýok. Galanlaryñ köpüsi LEBAPDAN. Meniñ ýanymdakylañ ikisi hem LEBAPDAN. Men shondanmyka diýip pikir edýän
-
123456789
14 years ago
- Aýow adam pahyr 50 $ yny alyp bilenok. siz 400 $ lyk com'yň gürrüňini edýäňiz. barsy boş maslahat. Aýylganç sen jogapkärlere aýt. türkmen diýip gynanma. türkmençilige sygmaýan zady etmeli däl ekenler. Jogapkärlerden derek bolmasa ýamandan boýuňy satyn al diýlişi ýaly gaýt. hasaplaşygy ahirete goý. Allah(c.c) iň uly hasaplaşyjydyr.
-
Kukla
14 years ago
- öyündakiler pul ugratsalar ttazesini alaymalyda,iş boldy şol kompyuter!ya-da ayt müdürinize.olar sana gynanmasa sen name ün gynanyan,düşünemok!
-
şakird
14 years ago
- menem özümden uly bilen bir komnatda ýaşap görüpdim, ýöne maslahatym; öz ýaşytdaş deň-duşyňyz bilen boljak boluň.. köplenç halatda pikirleriňiz, düşünjeleriňiz deň gelmän biler..
-
Kukla
14 years ago
- menem gen gördümlay.biri 3-nji kurs diyyar velin,ol nahili bolyar.?mena özüm bn denler bn bolyan.
-
Ayylganch
14 years ago
- Maslahatyñyz üchin sag boluñ ! Men nesip bolsa okuw bashlasa bashga ýere göchmekchi özüm bilen deñleriñ ýanyna. Shol ish bolan kompiýuteri hem görübermeli bolarda... Maslahatyñyz üchin sag boluñ ! Talyplar.com-da habarlashyp duralyñ
-
123456789
14 years ago
- Ayylganch sen Maryň niresinden?
-
Ayylganch
14 years ago
- 123456789 ! Men marynyñ wekilbazar etrap , j.atajanow daýhan birleshigi. Hashyrdyk (nassatan) obasy. Men senden soramakchy. Sen nireden we häzir nirede? Bir ýerde okaýañmy? Maña özüñ barada maglumat bersene kyn görmeseñ!
-
123456789
14 years ago
- men Türkmengaldan. şu wagt Indonesia'da Jakarta şäherinde okaýan.
-
DoJiGat
14 years ago
- salam 123456789 sol yerde abadan mezuny ya tejen mezuny kım baray...
-
123456789
14 years ago
- biz täze geldik. täze gelenler bu ýerde 2 grup bolup galýas. bizim grupta ýok. beýleki gruby doly tanamok emma abadandan bezirgen bökäýewiň bardygyny bilýän.
-
dereksiz
14 years ago
- Aylganch erkek bolsanow,onushyberda
-
Ayylganch
14 years ago
- Wah dereksiz men erkekle ýöne beýleki ikisi erkek sypatly heleýdä nädip oñushaýyn?
-
dereksiz
14 years ago
- Ay how onushyberda hich kimem senden uytgeshik dal.gerek yerinde ozi yaly bolay
-
Ayylganch
14 years ago
- Okuw bashlasa göchjeklaý nesip bolsa
-
Piljagaz
14 years ago
- Dokigat sen kimey?men abadan mezuny!
-
Crash
14 years ago
- ayylganch natdin? nameler bolanynam aytmadyney.
atabeg 14 years ago- yamandan boyuny satyn al