IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 20

201. Demirgazyk-Amerikan gemrijileri(неотомовые) tokaý homýaklar, adatça öz hinlerine, okrugdaky(golaýlardaky) tapylan ähli owunjak zatjagazlary daşaýarlar. Aýratyn hem ol homýaklary adamlaryň öýlerinde bolan, ýaldyrawuk-ýalpyldaýan zatlar özüne çekýär. Gyzykly ýeri homýaklar ogurlyk etmän, "arassa çalşýarlar" ýagny şol alan zatlarynyň ýerine nähildir bir daşjagaz ýada çybyjak goýýarlar. Has gyzykly ýeri olaryň ahlaklylygynda däl, iň gyzykly ýeri täze zat görüp öňki getirýän täze zatlaryny taşlap, täze tapan zatlaryna ýapyşýalar(homýagyň ýerine özüňizi göz oňüne getiriň: ýolda barýarkaňyz iphone10, ony alyp barýarkaňyz 100gr tros, iphone10 taşlap tros alarsyňyz, ýene ýöräniňizde bir çemedan $, trosy taşlap çemedany alarsyňyz=homýak)

202. V asyrda guun urşujulary(guunlar) eti geň-üýtgeşik beşiripdirler. Ýagny awlanan awyň etine kesip, bölejiklerini atyň eýeriniň aşagynda goýup uzak ýol geçipdirler. Et suwuklygyny ýitirýär we ýenjilýär, üste-üstüne atyň derlemegi bilen duzlanýar. Şunlukda urşujylar agşam-ara taýyn naharly bolýarlar.

203. Öňler narkotiklaryň hem derman ýerine satylany hemmelere belli. Nemesleriň "Bayer AG" kompaniýasy tarapyndan geroin hem sintezirlendi we 1898-nji ýylda Dermanhanalarda çagalaryň üsgülewigine garşy derman diýilip çykaryldy. Şeýle söwdany saklamak üçin 15 ýyl gerek boldy. Emma 1971-nji ýyla çenli geroini Nemes dermanhalanaryndan tapyp bolýardy. Kokainiň taryhy mundan hem beter baý. Alymlar XIX asyrlarda kokainde köp barlaglar geçirdiler. Bu barlaglaryň netijesi, alymlaryň "Agyryny peseldiji we gujurlulugy güýçlendiriji" diýip hödürlemeklerine getirdi. Jyns gatnaşygynyň peselmeginde, depressiýa, sifilisa garşy derman diýip hut Zigmund Freýdiň özi öwüp, özündede barlap gördi. Zigmunt garaşly(зависм) edenok diýip hem aýratyn belläp geçdi. Biziň döwrümizde bolsa kokain bütün dünýäde gadagan.

204. 2012-nji ýylyň fewralynda Rossiýanyň alymlary, mundan 32.000 ýyl ozal Sibirde, Tundranyň buzlugunda doňup, açylman-bitmän galan "Inçe ýaprak Şepbikli(ösümligiň görnüşi(Lat.Silene Stenophylla)) dänesini alyp, ösdürip ýetişdirip bildiler. Bu taryhdaky iň gadymy ösdürip ýetişdirilen ösümlikdir. Şol sebäpli hem janly-jandarlaryň içinde iň uly ýaşly biologiki jandar şu ösümlik bolup galýar.

205. Hindistanyň taryhynda demirgazyk-günbatar böleginde, Rajputana diýilen millet bar. Häzir olaryň adam sany 17 mln. Orta asyrlarda, knýazlygyň bir Marwarynda, çölde söweşmek üçin radjputilar aýratyn "Marwari" tohum atlaryny ýetişdirýärdiler. Eger garşydaşlar söweşde pilleri ulansalar, onda radjputilar atlaryň kellesine ýasama holtumlary(piliň burny) geýdirýärdiler. Şol sebäpli hem piller beýle-holtumly atlara piljagazlardyr öýdüp atlara hüjüme etmediler. Bu bolsa garşydaşa has golaýlaşyp olary ýok etmäge, atçaparlara gaty gowy puryja bolýardy.

206. XIX asyrda Angliýada her bir üçinji aýal-maşgalanyň ady Meri.

207. Albaniýada, Gresiýada we Bolgariýada kelläňi aşak-ýokaryk etmek "Ýok" diýmegi aňladýar. Kelläňi çepe-saga ýaýkalamak bolsa "howwa" diýmegi aňladýar. Umuman biziň hereketlerimiziň tersine.

208. Gadymy grekler, olimpiadada bütünleý-ýalaňaç ýaryşypdyrlar. Gadymly rimliler bolsa naharlary elleri bilen iýipdirler, ellerini bolsa ýörite el-süpürmek üçin saklanylýan gullaryň saçlaryna süpürüpdirler.

209. Koalanyň barmak yzlary adamyňka şeýlebir meňzeş weli hatda ol barmak yzlary mikraskop bilen göreniňdede tapawut edip bolanok.

210. Häzirki Irak döwletinde öň Gind derýasy akyp geçipdir. Şuwagt ol derýa Diýala diýilip atlandyrylýar. Haçanda Pars goşuny Kir ||-nji patşanyň ýolbaşçylygynda, Wawilona hüjüm eden wagty, Parslaryň ak Mukaddes hasaplaýan aty Diýala derýada gark bolupdur. Patşa Kir ||-nji muňa gahar edip derýany jezalapdyr hem kijijek kanallar gazdyrypdyr.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir