Salam agzalar we myhmanlar! Sahypada näçe günden bäri şu duşuşyk barada ýazgydyr teklipler ýazylýar, hatda, degişli birnäçe mowzuklar hem açyldy. Men hem açypdym Duşuşyga çagyrýaryn! ady bilen we netijesinem 9 Mart, 2008-däki soňky duşuşyk barada atly mowzuk bn size bildiripdim. Ilkinji duşuşyk bäriniň adminleri Muhajir we Shahyr dagynyň tagallasy bn ÝIMPAŞ-da gurnalypdy öýdýän, onuň netijesini Agajanh-nyň açan Talyplar.com: 1 ýaş toý atly mowzugyndan okap bilersiňiz! Men şeýle bir duşuşyklardan ýene birini gurnamagyň kül-küline düşdim. Şol islegimiň netijesinde, indiki aýyň başlarynda, mümkin bolsa kiçeňräk bir duşuşyk gurnamakçy, enşallah. Häzirlikçe takyk maglumatlar ýok, ýöne ýakynda aşakdaky ýagdaýlar boýunça degişli takyk maglumatlar goýular: Gün : ?-08-2009, juma güni (6, 7 hem bolup biler) ; Sagat: ? Juma sagady (Maryda ýa Baýramalyda ýa ikisinde-de) ; Ýer : Häzirlikçe näbelli (gözlegde häzir, siziňem teklipleriňize garaşýan) Bu duşuşyga häzire çenli gatnaşmaga isleg bildirenler: 1- ata; 2- çhopan; bary-ýogy iki sanyjak-laý şu wagt-a :P Mundan başga-da sahypadaky käbir dost-ýarlaryma şahsy hem habar berip, duşuşyga gatnaşmaklaryny haýyş edip bilerin. "Duşuşyga bu sahypanyň myhmanlary hem gatnaşyp bilermi?!" soragy döräp biler. Men-ä muň tarapdary däl. Ýöne çykdaýjylaryny özleri çykaran ýagdaýlarynda, olardan az sanly oglanlary alsa bolar :) Duşuşyga gatnaşmak isleýänlerden: gatnaşmak isleýändiklerini we özlerine habar berip bolaýjak maglumatlaryny (öý/iş/el tel, mail we ş.m.) şu ýerde ýa-da maňa şahsy mail arkaly ( atamyrat@hotmail.com ) hökmany ýagdaýda bildirmeklerini haýyşt edýärin! Duşuşygyň aýratynlyklary barada öz pikirleriňizi hem ýazaýsaňyz! Birem, belki bu yglany okama mümkinçiligi bolmajak oglan agzalar bardyr şu wagtlarda, meselem, SerJon, Lider, Basta-mar we ş.m. Eger şeýle tanyş agzalaryňyz bar bolsa, onda okan agzalardan olara bildirmeklerini haýyşt edýärin! Köp sag boluň!
Duşuşyk gurnamakçy Awgustda
-
ata
15 years ago
- Meň pikir we tekliplerim:
A- Maglumatlar:
1- Ýer: Marydaky täze metjidiň öňi;
2- Gün: 31-nji Iýul, 7 ýa 14-nji Awgust (bary juma güni)
3- Sagat: Juma güni, juma namazyndan öň.
B- Plan: (Mary şäherinde bolsa) :
1- Marydaky täze metjitde juma namazyndan öň duşuşyp, özara tanyşyp, juma namazyny okamak;
2- Ondan soň ýakynlardaky bir restoranta gidip, garnymyzy doýurmak;
3- Nahardan soň Mary şäherini gysgaça gezmek. Hatda, park bar Gök bazara ýakyn, şol ýerde maşyn çakyşdyky oýnamak we buzgaýmak iýmek, hatda, gök çaý hem içmek :)
4- Ikindinara bir ýerde agzalar bolup futbol ýa-da woleýbol oýnamak;
5- Agşam naharyny bir ýerde ýa-da bir agzanyň öýünde iýmek;
6- Agşam naharyndan soňra bolsa, sahypalar, bolýan ýerlerimiz, özümiz we ş.m. zatlar barada gyzykly söhbete başlamak;
7- Gijara bolsa, isleýän Mary şäherindäki agzalaryň öýlerinde myhman bolmak;
8- Ertesi irden bolan ýerlerimizde ertirlik edinip, sagat 10-larda Mary wokzalda duşuşyp, ol ýerdenem Baýramalydaky sahabalary we taryhy ýerleri zyýarat etmek.
9- Zyýarat we doga-dileglerden soňam "öýli-öýmüze gaýdalyň" etmeşek :D
Bellik: "Bir ýerde" diýenim mekdeplerden biri bolup biler. Maryda bolsa Marydaky, B-alyda bolsa B-alydaky.
-
ata
15 years ago
- B-däki plan Baýramaly şäheri bolaýan ýagdaýynda şeýle:
1- Baýramalydaky metjitde juma namazyndan öň duşuşyp, özara tanyşyp, juma namazyny okamak;
2- Ondan soň ýakynlardaky bir restoranta gidip, garnymyzy doýurmak;
3- Nahardan soň Baýramalydaky sahabalary we taryhy ýerleri zyýarat etmek.
4- Ikindinara bir ýerde agzalar bolup futbol ýa-da woleýbol oýnamak;
5- Agşam naharyny bir ýerde ýa-da bir agzanyň öýünde iýmek;
6- Agşam naharyndan soňra bolsa, sahypalar, bolýan ýerlerimiz, özümiz we ş.m. zatlar barada gyzykly söhbete başlamak;
7- Gyzykly söhbet gutarandan soňam gijara "öýli-öýmüze gaýdalyň" etmeşek :D
-
ata
15 years ago
- bellikler:
1- Ýokarda "juma namazy" diýdim. Men şu zatlara azyrak hormat goýýan biri. Mümkin, "dindar eken" diýjekleriňiz çykar, gelmek isleýänleriňizem. Şu ýagdaýda edip biljek zadym ýok. Namaz okamasa-da, metjidiň ýanyraklarynda okaýan agzalara garaşyp bilerler eger şol ýagdaýy dert etmän gelenler hem.
2- Çhopan agaň örän oňat teklipeleri bar ekeni. Olary okap, şeýle halajakdygyňyza şübhäm ýok, onam bugün öýlänara özi goýmakçy eken. Olaram özara maslahatlaşyp bileris.
3- Ýokardaky plan üçin hökmany ýagdaýda çykdaýjy gerek bolar. Geçenki duşuşygymda muny dert etmändim, ýöne bu gezek şeýle diýmekçi:"Islän ýany bilen gerekli mukdarda sowalga getirsin. Getirilmedik ýagdaýynda-da dert däl. Maddy goldaw berjek agza bar bolsa-da - baş üstüne. Özüm şolardan birinjisi."
4- Ýokardaky plan, pikir we tekliplerim barada öz pikir, teklip we tankytlaryňyzy hem-de çärelerini beýan edip bilersiňiz!
Ýa-da düşenler şular şu wagd-a. Soňam kellä gelse şu ýerde ýazaryn-da, enşallah!
-
ata
15 years ago
- Goňşy sahypada moderator/jogapkär bolan Mergen şu guramaçylygy öz boýnuna alyp, ol ýerde Tmolympiad Tomus 2009 - Turkmenistan !!! ady bn agzalaryna duýuran ekeni. Linki goýdum, ýazgysynam goýaýyn, örän oňat ýazan ekeni, ynha:
Salam Tmolympiad !
Mowzugyn adyna goni "Turkmenistan" sozuni yapyshdyrdym, shaher meselesini agzalaryn ozleri karar berer yaly belli 1 zat yazmadym, herkim islan yerinde, islan agzalary bilen gurnap biler. YONE, shu mowzukda haysy agzalaryn, haysy wagt diliminde, nirelerde we nameler edip biljekdigini bilmek uchin ulanyp bilerler. Yagny, eger 1'i Iyulyn 15'ne Ashgabatda'da 1 dushushyk gurnamak islese, shu yerden kimlerin gelip biljekdigini gorup biler we contact detail'lerini sorasa beriler.
Dykgat !! Bu mowzuk pikir alyshyk uchin dal !!! Survey modul'y ishlemanson,
shu yerde survey dolduryan yaly edip, gerekli infony yazarys:
Soraglar:
1. Dushushyklara gatnashyp biljek wagt aralygynyz: (Ex: Iyun 30-Awgust 15)
2. Haysy shaherde gechirilyan dushushyklara gatnashmakchy ?: (Wagt boleklerini hem yazyp bilersiniz, ex: 15-30 Iyul arasynda Maryda, 30 Iyul'dan son Ashgabatda..)
3. Nirede/Nameler etmek isleyaniz: Ex: Park'da oturyp chay ichmek, ertekiler dunyasine gitmek...
4. Guramachy bolmak isleyanizmi ?(Gurnamaga komek etmek..) : Hawa/Yok
5. Tmolympiad'daky ulanyjy adynyzy(nick name), hakyky adynyzy we Turkmenistan'da sizin bilen habarlashyp biljegimiz 1 telefon nomerini tmolympiad.org@gmail.com adresine ugradyn !!! (Bellik: Hakyky adynyzy yazmagy maslahat beryan, sebabi biz beren telefon nomerinize jan edip(ejeniz dagy jogap berse) "Salamalik gelneje, Turkmen85 bilen gurleship bolarmyka ?" diysek manysyz bolar )
6. Goshmacha yazmak isleyan zatlarynyz: Teklipler we etc..
Yene-de 1 gezek gaytalayan, bu mowzuk'da herkim yekeje post yazsyn, we hich kim
bashga birinin yazanyna reply etmesin, eger goshmacha 1 zat yazmak isleseniz bashda
yazan post'unyzy edit edip bilersiniz.
P.S. Gayrat edip basymjak yazyshdyryn, yogsa herkim TM'e gidip baryar we (ýazgy şu ýerde gutarypdydr, ýöne "ýetişmän bilerler" diýjek bolupdyr öýdýän.)
Aşagyny çyzan mail adresimiň ýerine meň adresimi (atamyrat@hotmail.com) goýaýyň meň gurnajak bolýanym üçin.
Talyplaryň agzalarynyň aglabasy şol ýerde hem agza! Isleseňiz siz hem şol ýere gatnaşyp bilersiňiz. Gyz-oglan tapawudy ýok çünki şol duşuşyk üçin! Ýokardaky maglumatlar boýunça isleg we maglumatlaryňyzy bildiräýmeli.
Men öňki gurnan duşuşygymda köp sanly sahypalaryň agzalaryny çagyrypdym, ynha:
1- talyplar;
2- tmolympiad;
3- gybat;
4- yslam.info;
şoň üçin dert däl haýsy sahypa bolany, pikirimçe.
-
ata
15 years ago
- menlik häzir şular. men gitmekçi. sizem ýazarsyňyz-da, oglanlar!
sag boluň!
-
ata
15 years ago
- wiý, geziljek ýerler barada suratlar goýjakdym, ynha:
1- Soltan Sanjar binasy:
2- Soltan Sanjaryň mawzoleýi:
3- Hoja Ýusup Hemedany hezretleriniň mawzoleýi:
4- Gyzgala:
5- Maryň täze metjidi:
6- Mary gök bazar:
-
ata
15 years ago
bäh, sahabalaryň mazarlarynyň suratyny tapyp bilmedim-dä. Serdar Owmat goýupdy 1 wagtlar, olam fotobuketden pozulypdyr. Ýokarda kiçi gabarada bardyr.
-
ata
15 years ago
- wiý, ýene 1 zat :)
Traweller bn habarlaşdym, olam gelmekçi, enşallah.
Ol-a duşuşygy gurnamakda kömek hem etmekçi ýaly. Çhopan hem şeýle.
Başga-da organizator/guramaçy bolmak isleýän bar bolsa aýtsyn-la! Nähilidir 1 ýagdaýda goldaw bermek isleýänlerem.
Garaz, has gowy we gyzykly bolmagy üçin şu ýagdaý gerekli. Bolmadyk ýagdaýynda-da plana görä hereket edersi ýene-de :)
-
chopan
15 years ago
- Salam dostlar!
Şu duşuşygymyz barada esasy pikir menden çyksa-da, ýerlikli we köp sanly pikirler çhopan agamyzdan çykdy. MSN-niň netijesi-dä
Ol maňa mail iberen ekeni, ony özi bolşy ýaly goýaýsyn! Hatda, online hem özi şu wagt.
ata | 2009-07-08 20:21:04
dostum beydip hemme zadi başgalarin üstüne atip gitmeli dal-a!:(
bizden nan yok diyip aydipdimam welin bolyarda!
1--Daşari yurtda alinan bilim we tejribelerin nadip Türkmenistanda ulanilmagi
2--Türkmenistanin sporti
3--Türkmenistanda sungat işleri bilen giziklanma,daşari yurtlara eserlerimizi akidip, tm taliplari bilen paylaşma
4--Türkmenistanda guramaçiliklar , yarişlar we gezelençler(tarihi yerler)
5--Yetimlere kömek
6--Herkim öz ugri boyunça Türkmenistanda edilip boljak zatlar barada maslahat(plan, ileriye bakiş)
7--Agzalari ziyarat. Hal - ahval soramak, midama aragatnaşikda bolar yali
8--Belli araliklar bilen şu agzalar duşuşigini geçirip durar yali bolsa govi golardi. Şu duşuşikda sonki duşuşigin takminan tarihini goysak. Birem duşuşiklar her biri başga velayatda(şaherde bolsa govi bolar, ol şaher hakinda maglumat ve ol yerin halkini tanar yali).
9--Geçen yilkiniz yali edip tejribeli yaşulilardan çagirip bolsa olarin tejribelerinden peydalanar yali, eger bolsa!
10--Aslinda Türkmenistan üçin nameler edip bolar diyilip maslahat bolsa original pikirler orta atilar diyip umit edyan!
---Sizinem teklip we pikirlerinize garaşyas!
Sagligizniz!
-
hasrat
15 years ago
- Dususyk waagtlarynyz mene Maryda bolyan. Belli bir gun etseniz haysy jumadygyny, menem gelmage calsaryn. B-aly bolsa-da tapawudy yok.
-
Maxat
15 years ago
- ata aga, beyleki temada agamyradyn teklip edişi yaly futbol diyseniz köprak oglan barmagy mümkin(metjit diyenden - shutkadyr))), mena baryp bilsem baraymasam, bellisi yok
-
cendrillon
15 years ago
- dushushygynyzyn suratlaryny goyun son,virtualno gatnashan yaly bolarys bizem :)
-
Ga1taman
15 years ago
- "öran onat" boljaga menzeyar. :)
metjit, sahabalar, juma namaz, tapdyrmajak zatlar. goşulmak islardim welin, arman ara daş. wagtam deng gelenok.
-
cendrillon
15 years ago
- ga1taman,sen bizin dushushygymyza gelay:)
-
Ga1taman
15 years ago
- cendrillon, siz haysy metjidin önünde duşuşyanyz? :D (şutka)
nesip bolsa; feyany razy edip bilsem, üyşüp bararys.
-
daKING
15 years ago
- Ata agam biz towerekde dushyshyk yokmy? :)
-
ata
15 years ago
futbol diyseniz köprak oglan barmagy mümkin(metjit diyenden - shutkadyr))),
:D Ýokarda jogaby bardyr munyň :)
mena baryp bilsem baraymasam, bellisi yok
garaşýas, enşallah.
Ata agam biz towerekde dushyshyk yokmy?
Londonda piknik hem etmekçi bolýas ýakynda. Uly ähtimallyk bn 26-njy Iýul bolup biler. Takyklaşsyn ýer, şonda aýratyn mowzuk açyp, bärdäkilere-de yglan bermekçi!
"öran onat" boljaga menzeyar.
metjit, sahabalar, juma namaz, tapdyrmajak zatlar.
şeýle-de bolup görsün-ä how :)
goşulmak islardim welin, arman ara daş. wagtam deng gelenok
şeýt-dä how, ýogsam, şol "linç etjek bolýaň", "ýaşyňdan utan" diýip ýörsüň :D
Bähbit bolsun! Hem Mary hem-de Baýramalyda gurnajak boljak öz-ä! Gelip bilseň baş üstüne, jigim! Men seni entägem gowy görýän-how, hernäçe maňa "çozsaňam" :)
-
ata
15 years ago
chopan b-n ata !!!
eger şol avgustda bolcak duşuşyk bolan yagdayında garaşsızlıkda gurnamak üçin bir maslahat salsanyn agzalara, bolar yalı bolsa mana hem habar edeberin...!!!!!
halch | 2009-07-09 01:02:15
Halçh, nikiň ýaman geň gelýär maňa welin, saňa mundan soň:
"Şükür" ýa "Halaç" diýip ýüzlensem bolarmy?!
Garaşsyzlyk barada agzalara sala-salyp göräýerin. Ol wagtlar kim nirede boljak - bir Allah biler. Ýene-de ýadymdan çykmasa sorap görerin, enşallah!
-
ata
15 years ago
- başga-da täzelik ýok öýdýän!
Gatnaşyp biljekler duýursynlar-la öňräjiginden. Şoňa görä hereket etsek has amatly-da!
Ýazgy we teklipleriňize garaşýan, agzalar!
Sag boluň hzirlikçe!
-
Maxat
15 years ago
hem mary hem-de baýramalyda gurnajak boljak öz-ä!
ata aga duşuşyk zat diyip sypjak bolmasana toydan habar bersene, toy haçan))
ata
-
ata
15 years ago
sahypada men,siz we muslimah 3-ümüz galtamana duşman ýaly görünýärdik welin aslynda menä şu inimi gowy görýän, ýöne käwagt gaty gaharymam gelýärdä...
düşüner biziň ýagdaýymyza-da diýip geçäýýän menä...
aýtmasanaý :)
hawa, goşulýan we goldaýan seni!
gynanýan ýöne öjükdiriji we ýaňsylaýjy ýazgylaryny görüp. Biziň hakymyz-a geç welin, Allahyň, Onuň Pygamberiniň, milýardlarça musulman ynsanlaryň haklaryna girýär. Muňa-da özi düşünenok, ynha, şu ýagdaý welin örän eýmenç we elhenç netijelere sebäp bolup biler. Bärde bolmasa-da ahyretde. Enşallah, şu ýagdaýa dogry düşünip, şoňa laýyklykda-da amal eder!
Şony dilemek bn!
-
ata
15 years ago
ata aga duşuşyk zat diyip sypjak bolmasana toydan habar bersene, toy haçan))
Maxat | 2009-07-09 04:05:20
toý bu ýyl ýok, Maksat!
Özümem näler isledim welin bolmady. Diýmek, entägem wagty gelmändir ýa entägem men taýýar däl ekenim-dä :(
Bolýar-da, hakymyzda şeýle bolmagy haýyr bolmaly, diýmek! Muňa jinnek ýaly şübhäm ýok!
Ýöne haçanam toý edäýemizde, Serdar bn söhbetdeşlikde ýazan "bagşyly goldawyňy" saňa ýatladyp, ýakaňdan ýapyşaryn - munam ýatdan çykarma :P
Indi bolsa, geliň, duşuşyk barada ýazalyň, adamlar :D
-
Maxat
15 years ago
ýöne haçanam toý edäýemizde, serdar bn söhbetdeşlikde ýazan "bagşyly goldawyňy" saňa ýatladyp, ýakaňdan ýapyşaryn - munam ýatdan çykarma
haha, bah siz yalnyş düşünipsinizow, men ony serdara diyip aydypdym(özi eşitmesin welin), sizin hatynyza jogap beremson size yazylan yaly boludyr, sizin toyynyzda elek bn suw daşayanlardan biri bolayarys-da))
-
ata
15 years ago
- hä, şeý diýsene, haý, bolmad-ow :P
bähbit bolsun, obadaş 1 bagşyny tapyp, aýdym aýtdyrarys-da. Kerim agany getirjek bolaýsam, gymmat düşermaý, Maksat :)
-
Maxat
15 years ago
kerim agany getirjek bolaýsam, gymmat düşermaý, maksat
görübermeli bolar-da entek geljek yyla çenli wagda kan, belkam bolar
ata
-
ata
15 years ago
- neme-laý, men degişýän...
soň ýazaryn.
duşuşyk, oglanlar :P
-
traveller
15 years ago
- ata aga
nesip bolsa nahili komek gerek bolsa elimizden geleni edeli. yone gatna$mak barada, gelip bilmaymesem.
$ol wagtlara bilet alip sypyp bilsem geljek bolarin.
yone gelip bilmesegem, gaty gorme$ek yok.:)
-
ata
15 years ago
- O-how, traweller, geläýdiňmi senem :P
Bäh, şeý diý-ä! Gelip bilseň şeýle begenjek-dä! Hany, göreli Biribar neýlär, neýlese gözel eýlär!
Enşallah, gelip biläýediň-dä! Şoň üçin bazar gününe alarmykam diýýän duşuşygyň gününi :)
Özüňi kyn ýagdaýa salma ýöne biziň haýyşymyzy ýerine ýetirjek bolup?!
-
ata
15 years ago
adym tore..
tore diyseniz hem bolar...
şükür oglumyn ady.. ony diysenem bolar!
Indi "Töre" diýjek :)
Minnetdar men hem.
Toý bolarmy? Bolsa indiki ýyl bolarmy ýa has soň?! Bulary bilemok, ýöne haýyrlysyny dileýän men-ä indi. Öň şertli haýyr dileýärdim Biribardan. Bolanok ekeni-dä şeýtmegim. Mümkin, wagty gelen däldir we Biribar has gowy wagty myrat edendir(isländir) hakymyzda.
Haýyrlysy/bähbitlisi, enşallah!
Indi şu toý gürrüňini geçäýeliň! Özümem-ä gozgadym welin. Indi ýatlamak islämok.
-
chopan
15 years ago
- gelen giden yokamay?
-
usher
15 years ago
- ata aga dususyk asgabatda bolon bolsa has govi bolmazdymy hemme kisa denlik.
____________________________________________
men maslahatymam yalnys bolso bagyslan onno.
-
Studentka
15 years ago
- Hmm, Atamyrat aga suratlaryn ikinjisinde chepden in gyrada duran Berdi mugallymmy? ya bu koooooone suratlardanmy? :)
Neme-le, shol adamyn ady BERDIMI? - diysem gowy boljak :)
-
ata
15 years ago
gelen giden yokamay?
ha-ha, ikimizem ýeteris-laý :)
türkmen palow zad-a etdirmekçi eger planlar başa barsa. geliň-how, adamlar :P
geçmeýän zadyny satmakçy bolýan satygçylara meňzäp gitdim-aý :P
ata aga dususyk asgabatda bolon bolsa has govi bolmazdymy hemme kisa denlik.
Salam usher! Sen täze mowzuk açypsyň ekeni. Şu ýagdaýda bärde jogap beribem oturmaýyn :)
Ýöne Aşgabatda bolsa, iň amatlysy, elbetde. Çünki, hemmeleriňem aňsatlyk bn gelip biljegi merkezi bir ýeri. Iň owadan şäher. Mümkinçilikler hem köp we ş.m. Ýöne Aşgabatda, barybir, duşuşyk(lar)yň gurnaljagyny bilemsoň, men-ä aňsadyny seçip, öz welaýatymyzda gurnamagy niýet etdim.
men maslahatymam yalnys bolso bagyslan onno.usher | 2009-07-09 14:06:46
Ýo, gowy maslahat - minnetdar, usher!
-
ata
15 years ago
suratlaryn ikinjisinde chepden in gyrada duran Berdi mugallymmy? ya bu koooooone suratlardanmy?
Neme-le, shol adamyn ady BERDIMI? - diysem gowy boljak
hmm, türkmen dili we edebiýaty olimpiýadaçylaryndan birisi öýdýän sizem :)
men şol suraty bir ýerden-ä aldym welin, takyk özümem bilemok. Ýöne şuny aýdyp bilerin:
Uly ähtimallyk bn şolaryň bary Mary TTM-niň mugallymlary. Türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup, Berdi mugallym şol ýerde birnäçe ýyl işledi. Mümkin, häzirem şol ýerdedir ýa Maryda şäher mekdeplerinden birine giden bolmagam ahmal, edil Ata Akbäbe ýaly. Näme diýseňem, biziň iň uly dalaşgärimizdi olar :P
Ony şu ýerde Mary TTM-dan uçurym bolan agzalar takyk biläýmese, men bilemok. El-Mariaçhi, Aka-merw ýa dr.turkmen ýaly agzalar biläýmese. Hatda, ýene-de irnäçe agza bar, biri soňky wagtlaryň iň güýçli/prestižli agzalaryndan, adyny berip oturmaýyn :) Şahsy sorap görerin-dä ondanam bolmasa ýatdan çykmasa we netijäni ýazaryn-da bärä.
-
usher
15 years ago
- manara nace kan adam gelse sonco govyda,
-
ata
15 years ago
bäh, sahabalaryň mazarlarynyň suratyny tapyp bilmedim-dä. Serdar Owmat goýupdy 1 wagtlar, olam fotobuketden pozulypdyr. Ýokarda kiçi gabarada bardyr.
tapdym. Turkmenworld-yň admini we bärde-de "merdan ata" ady bn agza bolan Merdan aga goýan ekeni öz sahypalarynda, ynha:
sagdaky: Büreýde el Eslemi
çepdäki: Hakem el Gifari
Hakem el gifari Türkmenistana ilki gelýä, Hakem el Gifari aradan çykanyndan soň Büreýde el Eslemi gelýär.
suratdaky mawzoleýleri, binalary kimleriň guranynam bilýädim welin unutdum, ýöne Güljemal hanam bir zatlaryna gurduran bolmaly.
CeriumOxide | 2008-10-25 23:44:08
ýene taryhy bir surat:
-
ata
15 years ago
manara nace kan adam gelse sonco govyda,
hawa, şeýle!
enşallah, maksadyňa ýetersiň, usher!
-
usher
15 years ago
- sagbol ata seyle bolsunna.
-
usher
15 years ago
ata suratdaky ayal name işleyaray birzat dileg edyami yada taryhcyasmi.
-
ata
15 years ago
- aý, häzir-ä 2 takyk, 1-em gümana agza bar gatnaşjaklardan, ýöne entäk wagt bar 3-4 hepde ýaly. Çykar-da wagtyň geçmegi bn. Biz-ä 2 komanda ýeterlik agza/oglan bolsa bolýar, olam 22 bolýar iň köp :)
Hany, bärini günlük täzeläp durarys-da çopan ikimiz, şonda netijä täsir etmezmikä :D
-
usher
15 years ago
- tarycymy diyjek bolondyryn yokordo.
-
ata
15 years ago
- usher, men-ä ýöredim, senem sag-aman gal :)
oglanlar, ýazyp duruň eger gatnaşaýjak ýa-da maslahat beräýjek bolsaňyz!
sag boluň we bagtly boluň, adamlar :D
-
usher
15 years ago
- haha bolya ata sanada sagbolun ,,
-
ata
15 years ago
ata suratdaky ayal name işleyaray birzat dileg edyami yada taryhcyasmi.
hmm, muny görmändirin. Indi jogaplap gideýin:
Ýok, ol daýza taryhçy ýaly-ha görnenok daş keşbinden. Uly ähtimallyk bn hem doga-dileg edýändir penjiräň gabadyna baryp. Şu Allahdan däl-de, ynsanlardan/sahabalardan/öwliýälerden doga-dileg etmegiň nähili ýalňyş zatdygyny Yslam.info sahypasynda Öwliýalary zenanlar hem zyýarat edip bilerlermi? atly sorag-jogap arkaly ýazypdym, ynha, gysgaça:
"Zenanlaryň öwliýä zyýaratynyň gadaganlygy aýdylýar. Dinimize görä bu nädogry. Zenanlaram, erkeklerem, çagalaram öwliýä baryp, ölüleri zyýarat edip bilerler. Bu babatda sagadat asryndan bir mysal bereli: Ilki bada Pygamberimiz (SAW) hem zenanlaryň öwliýä barmagyny gadagan edýär, soňra täzeden rugsat berýär, sebäbi bolsa, zenanlar baran wagtlary iki gözlerini gan edip, özlerini paralap, saçlaryny ýolup, aglap-eňräp ses baryny edýän ekenler. Soň Pygamberimiz (SAW)şol ýagdaýyň gaytalanmazlyk şerti bilen olara rugsat berilýär.
Eger zenan-gyzlar öwliýädyr gonamçylyga we sahabalardyr işanlaryň mazarlaryna gidäýenlerinde, Allahdan däl-de şol gitjek ýerlerindäki ýatan bendeleriň ruhlaryndan medet isläp bilýärler, bu bolsa käbir ýagdaýa görä şolary Allaha şärik edýän ýaly kabul edilýär. Şu ýagdaýdan howatyrlanyp, zenan-gyzlaryň öwliýä zyýaratlary islenmeýän bolmagy mümkin. Zenanlar ýa erkekler öwliýä gidenlerinde, olara şeýle maslahat berilmeli: "Gabyrdyr mazarlyklara gideniňizde, mazaryň eýesi kim bolsa bolsun, haýsy işan bolsa bolsun - tapawudy ýok, şolaryň ruhlaryna niýetläp aýat okaň! Ol ýerlere baryp: "Pylan işan, seniň ýoluňa bir tamdyr çörek/goýun, maňa çaga ber, maňa bagt ber..." ýaly zatlary diymek günä. Ol zatlar diňe Allahdan islenilmeli, dilenmeli. Ýöne "...şol mübarek işanlaryň, alymlaryň, sahabalaryň hormatyna, Allahym, bizi bagyşla we bizi her iki älemde bagtly et! Bize şu zatlary ber!... " Şeýle etmek, diýmek dogry we kabula has ýakyndyr. Siz şu ýagdaýi hiç unutmaň!"
Ynha, şu şertler bilen öwliýälar, Magşarda Türkmen halkyna baş boljak, Pygamberimiziň (SAW) ýanyna äkitjek we halkymyza şepagat etme haky beriljek sahaba(Buryda baba-Büreýde el Eslem(r.a.) we Hakem bin el Gyffary(r.a.)) mazarlyklary we ş.m. zyýarat edilip, bilinýän aýatdyr süreler okalyp, olaryň ruhlaryna bagyş edilse, şonda hem-ä köp sogap gazanylar, hem-de Pygamber sünneti ýerine ýetiriler, hem-de zyýarat edenler, Allah gijinden we haýyrlysyndan bersin, wepat edenlerinen soňra özlerine-de nebereleriniň we ynsanlaryň gelip, aýat okamaklaryna sebäp bolar şol mahalky amallary, zyýaratlary we okan aýatlarynyň netijesinde!"
has giňişleýin okamak üçin, ýokardaky linke basaýyň!
Men-ä ýöredim onda!
-
usher
15 years ago
- bolya ata sagbol menem sorog berip saklayipdyryn seni oncunem bagyslan diian vagtynyzy alanim ucin,,
-
Studentka
15 years ago
hmm, türkmen dili we edebiýaty olimpiýadaçylaryndan birisi öýdýän sizem :)
Dil olympiadachy - yanyndan bardynyz yone ol dil dal :)
Plyus Berdi mugallym bashga dillerem bilyadi yalnyshmasam :P
-
mejnun_i
15 years ago
- tüweleme ata aga bolubilya,öran onat!
Bayramalynyn reklamynam gowja edipsiniz,size hayran.Duşuşmanyn wagtyny 14 awgust etsek men nesip bolsa gelmage çalyşaryn.Yatmaga yeriniz zat bardyra..:)
-
chopan
15 years ago
tüweleme ata aga bolubilya,öran onat!
Bayramalynyn reklamynam gowja edipsiniz,size hayran.Duşuşmanyn wagtyny 14 awgust etsek men nesip bolsa gelmage çalyşaryn.Yatmaga yeriniz zat bardyra..
mejnun_i | 2009-07-10 01:10:56
dostum bayramalinin meydani ginişdir gelibermeli çadir gurararis yer tapilmasada!:)
-
mejnun_i
15 years ago
- chopan aga onda şu yere habarlaşmak üçin nomerinizi duşuşjagymyz yerin adresini,nadip gidilyar ayratyn mail atarsynyzda.Gurajak duşuşugyz üçin hazirden minnetdar!!!
rejepmyrat@hotmail.com
-
chopan
15 years ago
chopan aga onda şu yere habarlaşmak üçin nomerinizi duşuşjagymyz yerin adresini,nadip gidilyar ayratyn mail atarsynyzda.Gurajak duşuşugyz üçin hazirden minnetdar!!!
rejepmyrat@hotmail.com
mejnun_i | 2009-07-10 01:30:53
dostum sen ata akgan mailine:atamyrat@hotmail.com
öz dalnilarini oklap göyberiber gayrat edip. son habarlaşar yali, mend-a edil telefon yok türkmenistanda!
-
ata
15 years ago
- salam mejnun_i, ey, seni tanamandym bashda, yone yakynda tanapdym :)
Uly ahtimallyk bn B-alyda gurnarmykam diyyan, in azyndan birinjisini :)
Galma yeri dert dal, ensallah, islanince galdyrarys, chopanyn hem aydyshy yaly:)
14 Awgust bolup biler. Gun barada ilkinji teklibimizem geldi sheylelik bn. Men garshy dal :)
Sen mailin mende bar-la, menkem sende - guk diyip goyberay bashga owrenmek islan zatlarynam bolsa, dushushyk barada barde soraber, beylekilerem owrener :)
Hazirlikce bular.
-
ata
15 years ago
Plyus Berdi mugallym bashga dillerem bilyadi yalnyshmasam
sorap gordum welin, ol-a tanamady suratdan, yone Mary TTM-da Berdi mugallym diyip biri bar ekeni we geografiya mugallymy ekeni. Men diyyanim Durdy mugallymmyka ya :)
Ata Akbabayewi-ha takyk bilyan-le.
-
chopan
15 years ago
- beh hani mareke toplanmadila! önünden toy diyen köp boldi, sonundan gürüm jürüm boldila hemmeler!
-
ata
15 years ago
- Salam agzalar we myhmanlar!
Duşuşyk 14 Awgust 2009-da bolarmyka diýýän uly ähtimallyk bn.
Häzire çenli şol günde gelip biljegini aýdanlar:
1- ata;
2- çhopan;
3- hasrat;
4- mejnun_i;
belli bolmadyklar:
5- traweller;
6- basta-mar;
başga-da barmy oglanlardan?!
ýazyp duruň!
men bärini yzarlap duraryn gidýänçä, enşallah!
Uly ähtimallyk bn Baýramalyda edermikäk diýýän şol gün!
tekliplere açyk!
-
Maxat
15 years ago
- nabellilein içinde menem bardyryn, şol wagtlar şo töwrege öwüsen şemal duş gelse bararyn))
-
chopan
15 years ago
nabellilein içinde menem bardyryn, şol wagtlar şo töwrege öwüsen şemal duş gelse bararyn))
Maxat | 2009-07-11 06:08:50
gelbiermelid-a dostum, şemala garaşip otirsan gelip bilmaymesen.
köplenişip könani yatlalin gowi edip!
-
chopan
15 years ago
chopan dost salam..
duşuşyk güni mana soobşeniye atyn telefon edeyin..
belki duşuşykdakylara salam diyerin.. seslerini eşitmek hem duşuşyga baran yalı bolarla..
menin nomerihe bilyen!!
ön hem aytdım garaşsyzlyga ataaga bilen maslahat salyp duşuşyk gurnasanyz menhem bardyryn..
halch | 2009-07-11 07:08:27
w.salam! nesip bolsa dostum!
menin özüme midamlayin gaytmakçi nesip bolsa, baran wagtin guk diy bile meslik ederisle enshallah!:)
-
cicek2
15 years ago
- gadyrdan adamlar dushushugynyz hayyrly gechsin!doga dileglerde bizem unutman!
-
hakykat1
15 years ago
- azyrak gichrak edilse menem gatnashardym bu dushushukda hakykat hokman gewrek shona bilyan eger hakykat bolmasa dushushuk yalnysh yalan bolar!
-
ata
15 years ago
menin özüme midamlayin gaytmakçi nesip bolsa
Batyr akga, ikimizem "hoşlaşyk" ady bn täze mowzuk açyp, sagbollaşybereli-laý bärdäkiler bn, hä :)
Enşallah, bärdäki agzalar üçinem umumy dileg ederis-dä ýatdan çykmasa!
Hakykat1, meselem, sen haçan gelip bilersiň?!
Maksat, senem geljek bolsana. Meselem, 14-nji Awgust, Juma güni başaryp bilermiň Baýramalyda etsek?!
-
ata
15 years ago
- Usher, meselem, sen haçan gelip bilersiň?!
Ýöne Mary üçindir. Aşgabat üçin bolsa, 29 Iýulda men Aşgabatda, oglanlar bolup, bir ýerde duşuşyp bileris.
Kim isleýär :D
-
usher
15 years ago
- ata aga mena mara baryp bilmejegimi onnunen aydyan.. asgabada gelsenem habar et otyrarys gybatlary dollurup.
-
ata
15 years ago
- bolýar, usher!
sag bol!
-
usher
15 years ago
- sanada sagbol ata aga.
-
ata
15 years ago
- bärde-de kän üýtgän zat ýok öýdýän?!
Garaz, oglanlar, bärini görseňiz, Baýramalyda 14 Awgustda gelip bilýän bolsaňyz, onda meň bn ýa bärde ýa-da şahsy habarlaşsaňyzlaň!
Men 29-njy Iýulda Aşgabatda bolaryn, enşallah. Şu ýagdaýad bärdäki Baýram-Jm bn görüşmek arzuwym bar. Başga-da Aşgabatdan oglan agzalar bar bolsa, uly ähtimallyk bn bir ýerde duşuşyp bileris 2-3 sagatlygyna-da bolsa. Isleýänler şu ýerde beýan etsinler!
Sag boluň häzirlikçe!
-
ata
15 years ago
- bärde-hä kän isleg ýok :)
tm-dan birnäçe dostlarymyz goşularmyka diýýän.
ýene-de ýatlatmak üçin aktiw edýän!
-
chopan
15 years ago
bärde-hä kän isleg ýok
tm-dan birnäçe dostlarymyz goşularmyka diýýän.
ýene-de ýatlatmak üçin aktiw edýän!
ata | 2009-07-15 10:41:31
dostum naharlari dine ikimiz iymeli bolmasak bolyar.:)
naharlari isek iyersem welin futbol bilen woleybolin gizigi bolmayar iki adam bilen!
-
usher
15 years ago
- chopon dos asbagadda edseniza adam kan barardy herkimin barip biljek yerida,
-
ata
15 years ago
ýene-de ýatlatmak üçin aktiw edýän!
ata | 2009-07-15 10:41:31
dostum naharlari dine ikimiz iymeli bolmasak bolyar.
naharlari isek iyersem welin futbol bilen woleybolin gizigi bolmayar iki adam bilen!
chopan | 2009-07-15 16:11:02
Bäh, dogrudanam, hiç kimden ses çykanog-aý. Diýşiň ýaly bolaýarmyka :D
ýolagçylyk we sahypa - nyň netijeleri bolaýmasa bu ýagdaý :D
Diýýän-ä, Mary we B-aly TTM-larda tanyşlar bardyr-laý, olar bn futbol oýnarys-da :P
PS: Gitmegime örän az wagt galdy, bärini görüp, goşulmak isleýän oglan agzalar bar bolsa guk diýewersinler-how :D
-
ata
15 years ago
- Duşuşyk Baýramalyda 14-nji Awgust, juma güni bolar.
Gatnaşmak isleýän oglanlar sagat 11-12 arasynda Baýramaly şäheriniň awtostansiýasyna gelip bilerler.
Duşuşygyň plany ýokarda bardyr.
Meň nomerim ýok şu wagd-a, ýöne bolanda bu ýere goýaryn ýa-da Çopan aga goýar-da.
Iň azyndan maillerimiz bar, şolara ýazmagy unutmaň!
Sag boluň!
-
chopan
15 years ago
ata | 2009-07-23 19:02:20
dostum meninem entek nomerim yok türkmenistanda! mail arkali habarlaşaymasak!
-
hoshowaz
15 years ago
- ata agam!
sms'in geldi. sagja bol. yone shol sms'in sebapkari bolan zadyn wagty onurak gechmedimay?!
-
ata
15 years ago
- w.slm hoshowaz!
Men näme mesaň/sms ibereninem bilemok :P
Baryp habarlaşaryn-da, enşallah. Uçjak bolup duryn birazdan :P
Meň hem UK nomerim işleýär :P
TM nomer alamda goýaýaryn-da, enşallah.
Oglanlar, ýagdaýyňyz bolsa garaşýas 14 Awgustda.
Salam we dileg bn!
-
ata
15 years ago
- salam agzalar we myhmanlar!
14 Awgust juma Bayramalyda oglanlar bolup dususyk gurnamakcydyk.
gelmek isleyanler meni 66-966936 no-dan tapyp bilersiniz! Shol no menki dal, yone mana gonukdirer.
sag bolun!
-
SerJon
15 years ago
- ay men onunden gija galmajak bolupdymlay, yone hickim meni dinlemandi!
-
Gitler
15 years ago
- Mena gaytdym indi tm-dan.
-
Basta
15 years ago
- Salam agzalar! Wahh... Ata aga meni yatlanynga begendim. Yone bu dushushuga baryp bilmedigime gynandym. Men bu dushushygyng bolyandygyny shu gun bildim. Ozum bolsa eyyam belarusiyada shu wagt. Ustunlik arzuw edyan. Ining basta-mar!
-
Gitler
15 years ago
- Dushushyk nahili gecdi? Kim habarly?
-
Kuraldyshy
12 years ago
- ?
ata 15 years ago- Wajyp 1 ýagdaýy ýokarda ýazmandyryn öýdýän ýeterlik ýagdaýda, ynha:
Duşuşyga diňeje oglan agzalar gatnaşyp bilerler. Gyz/zenan agzalar gaty görmesinler! Olaram özaralarynda gurbaýarlar, aýratynam, Aşgabatda.
men goňşy mowzuklarynda birinde şeýle ýazypdym:
indi aşakda ýazaýyn aýratyn bu babatda.
Ýöne başda şuny aýdaýyn:
Şu duşuşygymyz barada esasy pikir menden çyksa-da, ýerlikli we köp sanly pikirler çhopan agamyzdan çykdy. MSN-niň netijesi-dä :P
Ol maňa mail iberen ekeni, ony özi bolşy ýaly goýaýsyn! Hatda, online hem özi şu wagt.
Şypa dileýän Çhopan aga saňa bugünki ýagdaýyň üçin:D