MaRo - sen we men
MaRo 1982-nji ýylyň 17-nji Oktýabr aýynda dogulýar. 1993-nji ýylda heniz 11 ýaşynda mahaly eline ussat halypalar tarapyndan Türkmen Milli saz guraly “Dutar” gowşurylýar. 1996-njy ýylda sungat mekdebine girýär we ol ýerde Türkmen Milli aýdym-sazlarynyň inçe syrlaryny öwrenýär. 1998-nji ýylda “Halypa Şägirt” studiýasynda iki ýyl işleýär.
2001-2006 ýyllar ara berýär, Belgoroda okamana gidýär we şol ýerde “Dünýä ykdysadyýet” fakultetini okaýar. 2006-nj ýylda täzeden aýdym-saz älemine dolanyp gelýär, ilkinji aýdymy bolan “Tans edeli” we “Görmesem” diýen aýdymlary bilen halk içinde tanalyp başlaýar. We şol sanda, MaRo, Türkmenistanyň birnäçe ýyldyzlaryna klip režisýorlygyny etdi hem-de birnäçe belli aýdymlaryň hem awtory boldy.
Elbetde MaRo diňe bir aýdym-saz bilen meşgul bolman, ol oýlanmalary hem ýazýar. 2009-njy ýylda “Saňa bagly” aýdymyny çykarýar, ol aýdym meşgurlyga eýe bolýar we “Saňa bagly” aýdym bilen gaty uly üstünlikleri gazanýar.
MaRo Türkmenistanyň hemme welaýatlarynda konsert berýär. 2010-njy ýylda bolsa Lebap welaýatynda konsert berýär, ol konserde 13.000 adam ýygnandy we Türkmenistanyň taryhynda iň köp adam ýygnan aýdymçy adyna eýe boldy. “Saňa bagly” aýdymy diňe bir ýurdymyz däl, eýsem, bütin Aziýada meşgurlyga eýe boldy, hat-da birnäçe dillerde ýerine ýetirildi.
Show TV-da “Pazar Sürprizi” programmasynda Türkiýanyň belli rok aýdymçysy Haluk Lewent MaRo-dan “Saňa bagly” aýdymyny türk dilinde, özüniň aýtmaklygy üçin sorady. Şeýle hem Türkiýanyň belli Pop ýyldyzy Ferhat Göçer hem MaRony, özüniň alyp barýan “Biri bana gelsin” atly teleshow programmasyna çagyrdy.
maro
MaRo 2011-nji ýylda Aziýa döwletleriniň arasynda “SÖÝGI AÝDYMLARYNYŇ ŞAZADASY” diýip saýlanýar. MaRo birnäçe dil biýär, şonuň üçin hem Türk dilinde “Ýok hala giç degil” aýdymyny ýazýar we 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Awaza sebitinde Şatlyk Sopyýew bilen klibini düşürýär. Klip uly meşgurlyk getirýär.
Häzirki wagytda MaRo täze albom çykarmana taýýarlyk görýär. Albomyň ady “Sen we Men”, şeýle hem albom bilen bilelikde täze klipleri düşürmäge taýýarlyk görýär.

Täzelikler, Zalymm tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir