Mendede seniňki ýaly söýgi bar 3
...onsaň lkinji duşuşuk barada soramagy makul bildi:
-Neme, seni birinji gezek görenimde men birhili boldumweli bu geň, ýöne seňem birden nomer bermegiň bu hem geň. Belki nämçün beýle edenligiň barada aýdarsyň!?
+Aýýý dogumlylygyň, gönümelligiň, birden öwgüli sözleri aýtmagyň, bularyň hemmesi... Onsaň duýgularymam şolarýaly, ýene sen şeýle hereket eden ömrümdäki birinji adam. - diýip gyz lap-lap gyzarayp, maňlaýynda ýalpyl-ýalpyl der-damjajyklary göründi. Wepa akylly bolany sebäpli, jogap bermekde gyzyň kösenýänini görüp, gepi başga ýana sowdy:
- Bugün aý-aýdyň, gaty gowy howa bar. Ýogsada sen Möjek-adamlar barada bilýäňmi? Werowulf, oborotni. Asmandäky aýhara göründi. Belki menem şolardan biridirin. A sen gorkaňokmy? Men seni dişlärin ýa iýerin öýdeňokmy?
+Hehe ýokla, sen olarýaly zatlary bilýän bolsaň, Jeýkoby tanaýaňmy?
-Sumerki, howwa. Jeýkobyň aksendi meňkä waapşe meňzemez. Edwardy meňzedip bilersiň, durhany dodagynda bir gyzylja zat bar. Aýyraýyn! - diýip Wepa süýembarmagyny gyzyň äňiniň aşagynda goýup başam barmagy bilen gyzyň dodagyndagyndaky gyzylja naryň bölejigini aýyrýanýaly sypalady. Gyz gözlerini ýumdy, başyny çala aşak sallady. Oglanyňam nämüçindir gyzyň dodaklaryny sypalamagyny dowam edesi geldi. Aslynda gyzyň dodagynda hiçzat ýok, oglan mekirlik edip sypalamaýar. Gyzhem nämçündir garşylygam görkezmän, birhilemgörmedi. Birdenem sen men ýok gyz ýerinden zöwwe turup, aljyrraňy ýagdaýda:
-Men gitmeli! - diýip oglanyň jogabyna garaşdy. Wepa "gyza doly erkinlik bermelidigini" gaty gowy bilýär hem Tanýany saklajagam bolanok. Oglan eden hereketine utanyp:
-Bolýa bolýa. Gidip bilers. Ýör! - diýip ýola düşdüler. Wepa gyzy öýlerine çenli ugratmagy ýüregine düwdi. Şeýdip pyýada ýöräp gelişlerine gyz gaharlanýandyr öýüdip, ýigit hiçhili dilýarmady. Ählizada özüni günäkärleýän oglanyň pikirlerini gyzyň duýdansyz ýüzlenmesi böldi:
-Bagşla, öýdäkiler garaşýar. Kakamdan gorkýan.
+Ýo sen meni bagşla, birinji duşuşukda beýle hereket etmegim birhiliräk...
-Ýok ýok hemmezat gowy, ol sebäplidäl. Nu sen düşünmersiň.
+Beýle etmegim sebäp bolmasa, onda seň ýene 2 sagat wagtyň bar ahyry.
-Hiç. Bolýala.
+Borda. Soň haçan duşuşars?
-Wagt tapsam, özüm çagyraryn! - diýip gyz gümürtük jogap berdi. Ýöränýollary uzagragam bolsa gyz ýüzüni ýerden galdyranok. Oglan bolsa "gyzdyr, utanýandyr, gyssamaýyn. Hemmezadyň öz wagty bar" diýip özüne teselli berýär. Gyz bolsa şol ýüzüni sallap gelişine "göräýdimikä, biläýdimikä!? Eger görmedik bolsa bilmedik bolsa bildirmäýin, görkezmäýin. Ýogsa gorkar" diýip alada baryny edýär. Gyzyň "görkezmäýin, bildirmäýin" diýip aladanlmagynyň sebäbi, gyzda üçtgeşikbir ýagdaý bar. Ol ýagdaý hakykatdan hem üýtgeşik. Ahyry öýlerine golaýlanlarynda, gyz ädimini çaltlaşdyrdy. Wepada yzyndan galmajak bolup haýdady. Şeýdip gyz oglana hiçzat diýmän lifte münüp gitdi. Oglan bolsa özüni garalap öýlerine gaýtdy. Awtobusda öýlerine barýan Wepa "haýsy kelläň bilen oňa degdiň. Akmak diýerler saňa. Allajan, menden gaty görüp sögüşip ýitip gitmese bolýar. Inni gyza barmagymam batyrmaryn. Gitmese bolýar" diýip ýolboýy içinden apy-tupan turuzup öýlerine ýetdi. Gele gelmänede çaltlyk bilen naharyny iýip, ýatmak üçin ýerine geçip gyzdan ýylgyrşly smailik bilen gelen smsde "gowymy" habary okap, oglanyň egninden agyr ýük aýrylanýaly boldy. Wepa:
-Men ötünç soradyma, seň bagşlamadyň. Görünipdura. Men günämi nädip ýuwup bilerin. Bagşlaýda.
+Men hemmezat gowy diýip saňa aýtdyma. Prosda meň boluşum şeýle, sen maňa düşnmersiň. Hiçle🙂. Nämişleýäň?
-Ýatjak bolýan
+Meň üçin ýatmaýda ýazşaýalyda
-Ýo sen geldiň inni ýatmaryn, ýat diýseňem ýatmaryn. Meňem ýazşasymgelýär. Aý borda gaty görmedik bolsaň bolýa. Soň ýoldada gürleşmediňdä!?
+Gel gowsy şo temany ýapalyla!?
-Bolýa bolýa. A sen nämeler edýäň?
+Okuwa taýynlanýan... - şeýdip ýaşlar süýji süýji gürrüňler edip ertesi ýene duşuşmagy ýüreklerine düwdüler. Ýene öňki ýerde, ýene öňki wagt. Alleýa çeträk bolanlygyndanmy, ýa başga sebäplerdenmi, hiçhili adamýok köpçülik ýok. Öňküje skameýkada garaşyp oturan ýigidiň ýanyna ýene asmandaky aý ýaly dolup gyz geldi....


Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir