Hytaýda Hytaýlylar bolsun, daşary ýurtlylar bolsun nirelidigimi soranlarynda Türkmenistan diýsem ol haýsy ýurt diýip soraýalar welin gaharym gelýär. Owganystanam bilýäler welin bizi bilenoklar. Bugün klasda çykyş etdim, hergün biri gürleýär. Bugünem meniň gezegimdi. Suratlar bilen gowy edip tanatdym. Menden gowy edip çykyş eden bolmady diýdiler. İndi Türkmenistan diýseň diňlänleriň ýadyna düşer. Ýadyndan çykmaz ýaly etdim. Ahal-teke atlarynyň suratlaryny görkezdim, alabaý itleriň suratlaryny we naharlarymyzdan görkezdim azyragam durmuşdan suratlar görkezdim. İň soňunda-da gitara bilen 2 sany aýdym aýdyp berdim gulaklary galdy :-). Öwündügüm däldir, gowy iş bitirdim diýip oýlaýan.

Köneler, shahyr tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir