Mendede seniňki ýaly söýgi bar 1
Ýigit işden boşap, sagat 17:00 toweregi öýüne ugrady. Tomsuň gyzgynjak şemaly ýigidiň ýüzüni sypalap geçýär. Nämçündir bu şemala ýigit çaga ýaly ýylgryryp-begenip meýmiredi. Hemişe boluşy ýaly, başgalar üçin düşnüksiz kompazisiýalary diňlemek niýet bilen ýigit nauşniklerini gulagyna dakdy. Halaýanja aýdymyny goýup höwes bilen diňlemäge başlady. Şeýdip ýöräp, gelip öňküje duralgasynda awtobusa garaşyp duruberdi. Asman bulutlaşygam bolsa, ýagyş ýagmajagy bes-belli. Birdenem, nirdendigi bellidäl, güneşdek nuruny saçyp "ol" geldi. Sary saçly, ak tenli, gyzyl dodakly, ak-nurly rus gyzy Tatýana. Wepa, gyzy görüp aňk-taňk bolup duruberdi. Içinden "Barybir awtobusa köp garaşmaly, edere iş ýok, gel gowsy şu gyzdan kemçilikler gölzäýinle, şonsuzam "Adam hukuklary" okuwunda okap, aklawjy(adwokat) boljak bolsam, adamlaryň daş-sypatyna seredip tanamagy öwrenmeli ahyry" diýip pikirlendide, Tatýanany boýdan-başa synlamaga başlady. "Hmmm, джентлмени предпочитает блондинок(Jentlmeler saryýagyz gyzlary göz-öňüne tutýarlar), ýene aýtmyşlaryna görä ruslar gazajyklary halaýarlarmaşyn, menem gazagrak ahyry. Gyz saryja, biline ýetýän saçy hem bedeni güneşiň nury ýaly, diýmek az kynçylyk gören. Geýinişi ýönekeý. Futbolka, emma gözüňi iýip barýan ak reňkde, diýmek gaty arassaçyl hem şakyr-şukur(pank, ýada gotika däl) dakynanok. Kraska çalynmandyr, geň görmeli. Rus bolsada gaşynada degmändir. Bu nähili gyzaý!? Üýtgeşik. Mbäää, "üýtgeşik gyzlar üýtgeşik zatlary halaýan bolmaly" gel şuň bilen şu pikirimi barlap göreýinle. Üýtgeşik bolmak üçin nämeler gerek, göwün-ýüregiňdäkiňi aýdyp bilmeklik hem dogruçyllyk, gönümel dogumlylyk, batyrlyk we hemmezada taýyn bolmaklyk gerek. Nämeler diýsemkäm" diýen reňkli pikirleri kellesinde aýlap durşuna, Tatýana aňkaryp duranyny hem unudan ýigidi, gyzyň gyzgyn-çogly garaýşy özüne getirdi. Oglan özüne gelip, eden pikirleri hamala göze görünendek utanyp-aljyrap birhili ardynjyrady. Ýigidiň bu boluşyny synlan Tatýana, ýaňy 6 aýlyk bäbek-çaga ýaly ýylgyrdy. Ýigit özüni ele alyp "hüjüm etmegiň wagty geldi" diýip gursagyny howadan doldurup gyza tarap ugrady. Gyz oglanyň özüne tarap gelýänini görüp bilgeşleýiň aňrysyna öwrüldi. Wepa(Rus dilinde):
-Salam
+Salam
-A siz ajaýyp. Saçlaryňyz hem güneşiň nuruna meňzeýär. - diýende gyz utanjyndan aşak bakyp, saryja ýaňaklary gyzyl almadek gyzardy. Tatýana mylaýym ýylgyryp:
+Sagboluň.
-Soramak mümkinmi?
+Soraň
-Telefon nomeriňizi beräýiňdä!? - diýip oglan, gyzdan geljek gaharly sögünçlere hem gykylyklara garaşdy. A ýok, beýledäl, gyz gülüp:
+863.. .. ..-diýip öz telefon nomerini aýtdy. Wepa begenjinden guş bolup "Ýessss" diýenini hem bilmän galdy. Gyz Wepaň bolşuna has beter güldi. Oglan derrew telefonyna nomeri belläp, gyz bilen gürrüňi dowam etmäge hyýallandy. Oňa çenli gelen awtobusa tarap ýönelen gyz, ýuwaşlyk bilen oglandan daşlaşyp başlady. Wepa çaltlyk bilen, belläp alan belgisine jaň aýlady. Tatýana mylaýym sesi bilen gülüp, telefonda jaňy alyp:
-Näme, eýýäm ýüregiň gysýarmy?
+Ýokla, ýöne men siziň nomeriňizi bellämde ýalňyş bellän bolaýmaýyn duýip barlaýşymdy.
-Bolýa. Agşam habarlaşars. - diýip gyz awtobusa mündi. Wepa bolanzatlardan ýaňa esli wagt özüne gelip bilmedi. Howwa, üýtgeşik zat ýok, emma birden owadan gyzyň döremegi, duýdansyz oglanyň dogumlanyp özüne ynamynyň gaty güýçli artmagy, soňra ugruna bolan gürrüňler, hem soralan ýerinde berilen telefon belgisi, eýsem bu zatlar üýtgeşikdälmi!? Şeýle ajaýyp gyzyň şeýle aňsatlyk bilen yrylmagy, Wepany çuňňur iňkise gidirdi. Tatýana näme jogap ederkä...

1-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir