Hormatly saýtymyzyň okyýjylary! Ýakynda DarkroomPosse rap toplulygynyň lideri Zumer Stambula gitdi, we şol ýerde öňem ýazyşym ýaly, MVP rap toplulygynyň iň ökde aýdymçysy Syke bilen täze “Palestin” aýdymyny çykardy. Men Zumeriň iň ýakyn dostlarynyň biri bolsam-da, bu habar hakynda iň soňky minuda çenli hiç zat eşitmändim we dogrymy aýtsam bu habar mende şol bir wagtda hem azrak şok döretdi hem-de begendirdi! Bu aýdym çykanda, tm-music.net’de aýdymyň ýanynda men öz teswirimi şeýleräk şekilde ýazypdym: “Öňräkden öz araňyzda söweşi goýup, başga we çyn söweşlere öz garaýşlaryňyzy we pikriňizi öwürmeli eken! Berekella! Aýdymçylaryň ikisi hem gowy we bilinen repçiler, ýöne mundan has-da aýdymyn mowzugy dykkatymyzy çekýär! Syke we Zumer, sizden başga aýdymlara garaşýarys! Araňyzdaky dostluk bozulmasyn! Ýene-de öz fanlaryňyza, BALKAN we AHAL diýip aýrymy yapmaň diýip aýdymlaryňyzda yüzlenmegiňizi haýyş edýärin! Nira girsem BALKAN, AHAL, DAŞOGUZ, ŞAT, TEKE WE ÝOMUT diýip birligi bozýan käbir düşünjesizleri görýän! Öňem Türkmen milleti öz agzybirligi bilen tapawutlanmaýar, siz bolsa disslaryňyz bilen muny has-da böldüňiz! Aýdymlaryňyzda hemmäni BIR BOLMAGA çagyryň! Kim näme bolsa-da ýeke üýtgemeýän zat - bu biziň milletimiz, ýagny Türkmenligimiz!” Zumeriň özi bilen gürleşemde mana “DarkroomPosse” we “MVP” birleşdi we indi “Ýüzüne Depeýin INC.” bolandygyny aýtdy! Ine şu “incorporation”, ýagny resmi korporasiýanyň ilkinji aýdymlarynyň biri ýene-de ilkinji gezek tm-music.net saýtynda çykandyr: Yüzüne Depeyin INC. - 7/24 RAP (Shart Records) Bu aýdymda diňe Zumer we Syke däl-de, ýaňy rap’e başlan, yöne ýaman ukyply aýdymçy Taha hem bardyr! Size ýene-de şuny diýmek isleýän! Eger-de “Yüzüne depeýin Inc”iň aýdymlaryny ilkinji dinlemek isleseňiz, biziň saýtymyzda email hyzmaty bar! Bu email hyzmaty aýdym çykan badyna herkime email göyberýär! Munuň üçin siz biziň saýtymyzyň agzasy bolmagyňyz ýeterlidir! Sag boluň we saglykda galyň, Merdan Allaberdiýew

Köneler, merdan89 tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir