2nji oktyabr. Shu gun meniñ durmush yolym bashlandy. Meniñ ejem-kakam entek muny bilenoklar, yone men eyyam bar we men oglanjyk bolaryn.

19njy oktyabr. Kabirleri meniñ entek hakyky adam daldigimi, diñe meniñ ejemiñ hakykydygyny aydyarlar, yone men hakyky, meniñ ejem we kakam bar we men bar.

23nji oktyabr. Meniñ agzym eyyam açylyar, pikir edip goruñ, yene 1 yyldan men gurlap bashlaryn, men bilyan, meniñ ilkinji sozum "eje" bolar.

25nji oktyabr. Shu gun meniñ yuregim urup bashlady we olyançamem urar.

2nji noyabr. Men her gun bir azdan ulalyaryn, meniñ ellerim we ayaklarym sypatyna gelip bashlayar, yone men entek kan garashmaly boljak, bu ayajyklaryñ meni galdyrmagyna we eljagazlarymyñ ejem uçin gul yygyp bashlamagyna, kakam ikisini gujaklamagyna...

12nji noyabr. Meniñ ellerimden barmajyklar emele gelip bashlady, olar sheylebir kiçijek.

13nji noyabr. Shu gun lukman ejeme meniñ onuñ yurejiginiñ ashagyndadygymy aytdy, ejem gor nahili begenendir.

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir