Garamaňlaý hindi gyzy
Bu kino filmi uly adamlaryň köpüsi görendirler hem gözlerinden nijeme damja ýaşlar syzdyrandyrlar. Kinofilm Türkmen SSSR-de döredilip belli türkmen artistleri rollary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Özüm-ömrümde gören gynançly kinofilmleriň hiç birisinde göz-ýaş etmändim, emma bu film... Filmde bir gyzjagazyň çagalygyndan gara-hapa günleri, tä ulalyp dälireýänçä görüpgelenligi suratlandyrylýar. Filmde baş gahryman gyz(ady ýadyma düşenok) baý maşgalada dogulup, kakasynyň pully baýyň haramlygyndan köp ezýet görüp, ýönekeý mähriban ejesiniň gujagynda ulalýar. Gyz 6 ýaş töwereginde kakasy bilen başga bozuk aýaly bile görüp, ejesiniň hem bu waka çydap bilmän kakasyna sögünende, kakasy maşgalasyny köçä kowan ýowuzlugyna şaýat bolmaly bolýar. 2 çagaly mähriban ene, atasy öýüne dolanyp gelýär. Gyzjagazyň daýysy norkotik işlerine baş goşup bulaşyp türmede oturyp gelen adam, bulary bialaç nalaly garşy alýar. Bu film adamlaryň hakyky durmuşundan alynan. Disk satylýan dükanlardan tapyp alyp görmegiňizi maslahat berýärin!!!

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir