IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 16

161. "Turritopsis nutricula" ajaýyp meduzalar, mundan başgada olar ölmez-ýitmez meduzalar diýilip hem atlandyrylýar. Bu meduzalar ömürboýy, köpelenlerinden soň beýleki meduzalar ýaly ölenoklarda, ýene meduza bolmak üçin polipwa(nämedigini bilemok) öwrülýärler. Şunluk bilen bu meduzalar hiç-haçan ölmeýärler. Olaryň ölümine diňe tebigy-betbagtçylyklar ýa-da adamlar sebäp bolup biler.

162. Eger adamyň, meselem siziň daş-töweregiňiz hapaçylyk-haramlyk bolsa, onda siz hem azajygam bolsa hapa-haramlyk edersiňiz. Eger siziň daş-töweregeňiz arassa-päklik bolsa onda siz hem arassa-päk hereketler edersiňiz. Beýle häsiýetler 10 adamyň 9-syna mahsus. Psihologiýada bu ýagdaýyň ady "döwük penjire".

163. Ugandanyň Tororo bölejiginde, ýylyň 250 güni gök-gümürdäp geçýär.

164. Tehasdaky ýanyjy-gaza, jesediň ysyna meňzeş himiki element goşýarlar. Şonda gajarlar, gaz-turbalarynyň deşilen ýerinde aýlanyp başlaýarlar we gaz çykýan ýeri ussalar aňsat tapyp bejerýärler.

165. Pişikler süýji tagamy(şokalad, pampaza, şeker) duýup bilmeýärler. Ähli pişikler maşgalasyna degişli bolan jandarlaryň, süýji tagamy duýujy genleri ýok.

166. It-güjükleriň piwosy barada belläp geçenimiz ýadyňyzdamy!? Ýapon winoçylary yza galmazlyk barada pikir edip, 2013-nji ýylda ýörüte pişikler üçin "Nyan Nyan Nouveau" diýilip atlandyrylýan winony(şerap) çykarýalar. Wino "Cebernet" sortly üzümden taýynlanyp oňa pişik-narpyzyny goşýarlar. Geň göräýmeli, ilkinji çykan 1000 çüýşe bary ýogy 15-minutda satyldy.

167. 1961-nji ýylyň 29-njy aprelinde, Sowet Soýuzynyň Antarktidadaky Stansiýasynda Nowolazerskaýa Leonid Rogozow, özüne güýçli-körçege(appendisit) diagnozyny goýýar. Stansiýadan uçup gitmäge hiç-hili mümkinçiligem, başga dogtarlaram ýok. Şeýlelikde Rogozow appendiksi aýyrmak üçin gyssagly operasiýa başlaýar. Stansiýanyň iki işgäri, onuň garnynyň golaýynda aýna saklap, lukmançylyk-enjamlary(skalpi, nit, pagta) Rogozowa uzadyp durýarlar. Rogozow özüni 1 sagat 45 minutlap operasiýa edýär we operasiýa şowly gutarýar hem ol öz janyny halas edýär.

168. Özüni halas edip Rogozow uly batyrlyk görkezýär, emma mundan hem beter howplurak ýagdaý 2000-nji ýylyň 5-nji martynda, Meksikanyň Rio Talea obasynda bolup geçýär. 40 ýaşly hristian aýal Ines Ramirez Perez özüni şowly kesarewa edip sagdyn çagany dünýä getirýär. Haçanda Inesiň garnyndan agyryly-burup(схватки) başlanynda onyň äri içgilidi, golaýdaky okuşerka bolsa 50km uzaklykda ýerleşýärdi. 12 sagatlyk agyryly-burumdan soň Ines aşhana(кухонный) pyçagy alyp, üçinji gezekde garnyny kesýär. Ol matkasyny kesip, çagasyny alyp, göbegini(пуповик) hem pyçak bilen kesýär. Şondan soň ol uly oglyny kömek çagyrmaga ugradýar we çagasyny hem özüni hassahana ýerleşdirýärler(Ines kömek gelýänça garny matkasy açyk ýatýar). Şeýle zatlaryň bolanyna garamazdan, 10 gün soň doly jany-sag halda olar hassahanadan öýlerine ugradylýar. Bu dünýä boýunça hem şuwagda çenli resminalaşdyrylan ýeketäk waka.

169. Adamyň görýän düýşi bütin giýje dowam edýän ýaly hem bolsa, iň uzak düýş bolandada 20 minutdan uzaga gidenok.

170. 2001-nji ýylda nemes Rotenburg-na-Fuldede haýsydyr bir Armin Maýwes internetde 20-30 ýaş aralygynda, öldürilip iýilmäge razy adamy gözlemek üçin mahabat(объявление) goýýar. Şeýle mahabatlaryň birine "Simens" kompaniýanyň programisti Bernd Brans üns berýär. Bernd-iň rugsady we golýazmasy bilen ol öldürilýär we iýilýär. 2006-nji ýylda Maýwes, ömürlik tussag edilýär.

171. Dowamyny bloglar.ru-da okap bilersiňiz!

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir