Salam agzalar we myhmanlar. Gechenlerde bir waka, hadysa bashymdan gechdi shony sizin bilen paylashayyn diydim. Ynha ol: shaherlerimizin birinde gezip yorkam agsham namazynyn azany chekildi. menem metjidin yanyndan gechip baryardym. oz-ozume gel shugun metjitde namaz okayyn, metjitlerde okalyan namazyn sogaby kopdir, kabir mezhebler muna has gaty uns beryaler, diyip shol metjide bardym. barsam eyyam jemagat birinji rekaty tamamlapdyrlar, sheylelik bilen birinji rekata yetishmedim, ikinja yetishdim. geynishimem turistlerinki yalydy. yagny ayagymda ak adidas krasowka, jynsym aga yakyn sary, gumun/chagan renki, hemme jubilerini/kiselerini sanasan jemi 10 jubi/kise, koynegimem gumun renkindaki "rodi"nin koynegi, yensiz, ozem bedenime shaplapjyk dur, gapdalymdayam, kemerimde fotoapparat, kellede-de levi's yn sara yakyn kepkasy, yagny edil turist dashyndan seredeninde. ay gysgacha namazy okadyk, tesbilerini sanadyk. chykyp baryarkam yzymdan bir: "dost sen nireden?!" diydi. menem pylan yerden diydim. pikir etdim, menin bilen tanyshjak bolyandyr oytdup. "pylan yerin adamlary sheydip namaz okayarmy? indi sheydip metjide gelme." diymezmi. birhili boldum, kella urdy gahar. dost, diydim, pylan yerina adamlary beydip namaz okanok, yone men sheydip okayan diydim. metjideyem gelerin, name senin jayynmy barsi. diymmezmi: "ymam bize rugsat berdi getirman diyip". menem, dost barsi ymamyn jayy dal, barsi hudayyn jayy. hudayyn jayam herkime achyk bolmaly. onsonam yensiz namaz okamak name? diyip soradym. ay ey diydi bey diydi, sonunda yenli namaz okamak sunnet diydi. ana bolupdyrda onda, parz dal, wajyb dal. siz sheydip metjide geljek yashlary urkuzyaniz diydim. olam diyyar: "gayta yashlar sizden erbet terbiye owrenyar". menem diydim, name bizden gorup erbedi owrenyaler, goy sizden gorup gowyny owrensinler. birdenem "...okyny iyme". urdy kella gahar. dost diydim, kellane selle orankishi bolup, namaz okankishi bolup, owunchak dilini duzet. metjideyem gelyanlere gelme diyme, gayta "agam, inim! yenli okamak sunetdir" diy, diydim. yaman jet ekeni, meng bashyma hondan barisi bolan bolup. habary yok garshysyndakynyn bu barada ep-esli chorek cheynaninden :-) ynha agzalar metjitlerimizde biri sheyle diyayse gitmesizlik etmawerin. bular yalylar chykar onunizden. namazy onun-munun aydany ya-da hatyrasy uchin okamyzok. hudaytagalanyn buyrugy bolany uchin okayandyrys. saglygynyz onda, uns berip okanynyz uchin sag bolun!!!

Köneler, hoshowaz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir