O pursat gelipdi. Ahmet okuwyny tamamlapdy we ugrunda der dökeni ol gaty kagyzy alypdy, okuw wagtlary hemişe beyle degişyardiler de muny yatlap yüzünde ýylgyryşlar belirdi. Gaty bir kagyz. Dört ýyl. Birden pikirlere batdy. Ahmet daşary ýurtda okan bolmagyň, oňa köp goşant goşandygy pikirindedi. Aýratynam okuw döwri boýunça watanyny daşardan synlama mümkinçiligini elde edipdi. Ejesi ýadyna düşdi. Uçurym bolandygyny öwrenende ejesi begenjekdi. Ahh ejeler ahh... ýat illerde olaryň mähri, olaryň pişiren naharlary nahili tapylgysyzdy. Gözlerine ýaş aýlandy. Ene-atasynyň käri mugallymam bolsa, ahmet erjellik bilen (ysrar bilen) gaçynyp injenerlik okapdy. Eýsem ol mekdep döwürleri mugallymçylygyňam "adam injenerliginden" tapawutly zat däldigini nireden bilsindi. Uniwersitetde okap yörka munyň gaty gowy parhyna baranam bolsa giçdi, ýene de harçlygyny çykartmak üçin boş wagtlary matematika we fizikadan hususy dersler berýärdi. Yzagalak döwletleriň esas häsiýetlerinden birem o ülkede iň bisarpa kärlerinden biri mugallymçylyk dälmidir!? Bir döwletde mugallymlar güýz aýlarynda pagta ýygmaly bolsa, tomuslary çagalarynyň ryzkyndan kesip kiselerinden pul çykaryp otaglaryny tymar etdirmeli bolsa, okuwçysyna käýände täsiri bolmaýan bolsa we ursaňam öýündakileri tirkäp getirýän bolsa, haýsy bir raýady söýe-söýe öz islegi bilen bu meslegi saýlasyndy. Ahmet watanyna dolanansoň nirede işlejeginde entek bir karara baryp bilmedigem bolsa, niýeti iň az 1-2 ýyl mugallymçylyga synanyşyp görmekdi. Näme de bolsa, matematika we fizika bilgisi yeterlikli gowudy. Ondaky mugallymçylyga dörän bu söýgi asyl öwrenenlerini we peýdaly bolup biljek zatlary elinden geldigiçe täze, ýaş nesle ýetirme isleginden döräpdi. Bir tarapdan bolsa, bu ýagdaý onuň prinsiplerine ters düşýärdi. Ahmet hemişe bir döwlediň ösmegi üçin her kim öz kärini gowy bilmeli we bu kärini iň gowy şekilde ýerine getirmeli diýip pikir etýärdi. Her kim öz okan ugrunyň hünärmeni bolmalydy. ýöne bilim sistemamyz!?... Bu sistemada bu mümkinmidi!? Tuhap bir döwletiň tuhap bir nesli (ýogsam pahyrjyk nesli diýsemidim!!!). Birden aklyna, mekdepde okap ýörkä eşideni: "Ajyňdan ölmejek bolsaň okamaly hanogul!" sözi geldi. Ajyňdan ölmejek bolup we ajyndan öldürmejek bolup okamak. Bu ikinji nesle watanymyz nähili hasrat galdy dälmi!? Watanymyza okan bolmak, diplom almak üçin däl, peýdaly bolmak, kämilleşmek üçin okan bir nesil gerekmeýärmidi eýsem?... Bulary pikirlenip, içindäki bu jeň bilen başagaý bolup otyrka, birden irkildi. Uludan bir dem aldy. Hälki guýan çaýam bireýýäm sowap gidipdi we täzelemek üçin kuhnýa dogry ýöneldi...

Köneler, btp tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir