Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Meniñ bir tanyshym özüniñ bashyndan geçiren wakasyny ýazasym geldi. Onuñ ady enejan. Ol sizden maslahata mätäç. Sheýle waka: enejan: -" men iki ýyl mundan öñ özümiñ söýen ýigidime durmusha çykdym. Men ertekide ýashaýan ýalydym. Günde ter bägüllerden çemen sowgat berýädi. Dynç günleri restoranlara alyp gitýädi. Menem özümiñ söýgimi bildiresim geldi. Men doglan gününe bankdan 45 müñ dollar pul kredite alyp mashyn sowgat berdim. Ol mashyn hakda arzuw etýärdi. Ol çagajyk ýaly begendi. Ýöne süýji günler uzaga çekmedi. Gün-günden maña ünsüni sowdy. Ishi diñe mashyn boldy. Ertir mashyna münip gideninden gijäñ ýaryndan soñ gelip bashlady. Üstünden bir topar atyrlaryñ ysy gelýädi. Men çydaman igendim. Ol maña " sen meni gyzyklandyrañok" diýdi-de mashynam alyp öýden gitdi. Meniñ ýeke özümiñ 45 müñ dollar tölemäge ýagdaýym ýok. Men adamymyñ häzirki ýashaýan ýerine bardym. Ol bashga bir dul aýala öýlenipdir. Men ondan mashynyñ ýarym bahasyny tölemäge ýa-da mashyny yzyna ber diýdim. Olam "men mashyny satdym, soñam sowgat yzyna alynmaýa" diýdi. Men bir ýyldan krediti tölemesen kakasyz galan gyzjagazym bilen ýashaýan kwartiramy elimden alýalar. Men ony suda-da berip bilemok. Sebäbi mashyny onuñ adyna alypdym. Hormatly adamlar! Men näme etmel?! Maña maslahat beriñ." hormatly agzalar! Enajanyñ ýagdaýyna näme diýdrsiñiz, näme maslahat berýäñiz???
Durmushy küle ögüren sowgat
-
ýadan.
15 years ago
- ýüregiňi elendirýän waka ekeni. ol gyzyň düşen ýagdaýyna gynanmazlyk mümkin däl.ol gyz nirede, haýsy edarada işleýärkä. belki kredit alan wagtynda işleýän ýeri hem kepil bolandyr.olardan bir hemaýat bolmazmyka. onsoňam beýle uly summany nahili yol bilen kredit alyp başardyka.
ol kredit almazyndan ozal şol puly töläp biljegini ýa-da bilmejegini göz öňüne getirmedimikä.megerem adamsy bilen bile tölemegi göz öňünde tutandyr. yogsam bolmasa beýle summany ýeke özüňe aýlygyňdan tölemek başartmasa gerek. girew goýulan jaý gyzyň adynamyka. şeýledir, bolmasa girewe goýup bilmezdi.
ol oglan samsyk ekeni.depesinde jaýy bar bolsa, halaýan maşynyny hem edinen bolsa beýle samsyklyga ýüz urmak nämä gerek bolduka.
men bärde gyzyň düşen ýagdaýyndan oglanyň düşen ýagdaýyny aýylganç görýän. sebäbi adamyň başyny alyp durýän zat ýok. ol gyzyňam başyndan bu zatlar geçer gider. ýöne ol oglanyň haklaşyk günleri entek öňde dur. belki bu dünýäde, belki-de ol dünýäde. ol dünýä galsa gaty aýylganç bolarmyka diýýän. eger bu dünýäde bolmaly bolsa it masgarasy bolar, müň ýola puşman bolar.
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Baýram jm gowymy ýagdaýlar.kanikula haçan geljek?!.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Musulmah! Dogry indi suda bereniñ peýdasy ýok. Mashyn oglanyñ adynda dur. Olam mashyny satypdyr.
Ýadan! Ol kredit alanda adamym we kakam bilen tölärin diýen umyt bilen alypdyr. Ýöne kakasynyda öñki ishleýän ýerinden aýyrypdyrlar. Jaý hen kakasynyñ gyzy üçin sowgady eken. Gyz shu wagt welaýat keselhanasynda shepagat uýasy bolup ishleýär.
Adamsynyñ beýle ýagdaýy döretmegi bolsa öñki oýnaýshy (häzirki ikinji aýaly) itergi beripdir diýen pikirler bar.
-
muslimah
15 years ago
- bul yagdayam gelejekde hemmamize sapak bolsun,oruslar"doweryay no proweray"diyshi yaly,oza bize gowy sapak boldy sag bol wakany paylashanyn uchin
ol gelinede ayt,gynalmasyn gecher gider bu gunler,saglyk bolsa bashga zat tapylar yorer,kabirlerinin chagajyklary kesel,adamlar her durli yaramaz kesellere yuzi dushup jaylaryny satyp yor operasiya uchin,shondada kabirlerinin keseline garshy bejergi yok,allaha shukur etsin gyzjagazy ozi sag aman ayak ustunde yor,kabirlerinin shonada yuzi dushenok,sen shul sozleri shol gelne duydur,sabr etsin ,men ony oz dogalarymda yatlaryn,gaty gynandyrdy meni bu waka,Allanyn bir synagyndan gechyandirde.sabr etsin
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Muslimah! Bagyshla dost! Adyñy ýalñysh ýazypdyryn. Ötünç soraýan.
-
muslimah
15 years ago
- sen indi aydan son seredipdirin,aytmadyk bolsan bilmezdimem,no problem :)
-
Maxat
15 years ago
- 45 mün dollarmy, özam kredit, belki adamsynyn özi iterendir kredit alyp maşyn almagyna, 45müne 9-10 sany maşyn düşyara, adamsam idili dal eken welin ayalynda-da kan derek yok ekeni, indi jayyny satyp tölaysin, işli bolsa kwartirada-da onar-da
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Baytash! Bagyshla dost! Men türkçe düshünemok.
Agzalar! Türkçe bilýäniñiz bolsa terjime edip beriñ. Please!
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Maxat! Meniñem pikirim adamsynyñ özi iterendir. Sebäbi gyz gurplyja mashgaladan eken.
Bu zatlary adamsynyñ gulagyna ikinji aýaly guýandyr. Enejana shu zatlar hakda aýtsam "adamymyñ öñ ikilik etýän wagtyny görmändim" diýýär.
Gyzyñ özem günäkär. Kakasynyñ puluna daýanmaly däl eken. Kaka bu gün bar, ertir ýokdur.
-
Maxat
15 years ago
- hawa adamlara düşünmega kyn, birgün beyle ertesi gün tersine bolup duryanam az bolanok, başarsan hasaplyja bolmaly, bir tarapdan seretsen eger şol gelin jayyny satmaga mejbur bolaysa, onda ol jay ona düşmandir boldygy bolya, nesip etman bir sebap bilen satyldygy bolya, menkam fantaziya bolup başlady öytyan)), umuman durmuş dowam eder, jaysyzam maşynsyzam, netijede namede bolsa her kimin niyetine göra haysy gowy bolsa şol bolar
-
oguz
15 years ago
- salam baytas
gowymy yagdaylar
dogan ay turkmen deleni örencek böl
kub geyin dalhow menim ber eki ay da turk
deleni örendim
www.youtube.com GOOGLE Earth starten
mit offenen karten afghanstan
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Baytash! Sag bol dost! Minnetdar. Ertir nesip bolsa enejanyñ özäm gelip okar. Respect!
-
bond
15 years ago
- bayram jm senem her zat tapayan shu wakalar ashgabatski wakalara menzeyar oza, dine enejan dal bashgada kop dushdum shular yaly wakalara ,alla gowusuny etsin herna .menden maslahat gyzyn doganlary yokmuka yuz tutara.
-
Bayram-Jm
15 years ago
bayram-jm sen lebap-danmy?
bayptash! Men lebaply. Türkmenabat shäherinden.:)
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Bond! Sen bildiñ. Bu ashgabatly waka.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- I'm sorry! I'm sorry! Baytash! I'm sorry!
-
Muli
15 years ago
- Name bolsa-da hemme yagdaydanam bir cykalga bardyr. Ashgabatda yurkontorolar kan bir guyclerik yurist gowurak konsultasiya alsyn! Komek edip bilayjek maslahady sholar berip bilaymese!
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Hormatly agzalar! Bu wakanyñ soñy gowy gutarypdyr.
Enejanyñ adamsy mashyny satanda, mashyny alyjynyñ adyna geçirip ýetishmändir. Indi bolsa razwoduñ kanuna görä mashgalanyñ emlägi ikä bölünýär. Mashynyñam ýarym bahasyny adamsy, ýarymynam enajan töleýär.
Adamsynda satylan mashynyñ puly barlygy sebäpli nebsi çatman hemmesiinem enejana berýär. Ýöne 45 müñ dollar dälde 38 müñ dollar. Galanynam enejanyñ özi alyp çykar.
Gowulyk bilen gutaranyna begenýän.
Enejan! Durmushyñda üstünlikler arzuw etýän.
-
bond
15 years ago
- ay hich kimkam hazir owerlikli durmush dal yone hudaya shukur etmeli bashga zat gerek dal.
-
dereksiz
15 years ago
- bah diysen gynanchly yagday..... gechdigi bolsun hudya ozi bendesine in yagshysyn etsin... ol guruplyja yerin gyzy bolmaly 45 mun dollary bank nadip berdika.... onsonom name un gyz mashyny on adyna aldyka ???? shul yerde gyz yalnyshypdyr ??? namede bolsa gyz suda yuz tutup gorsun yatyp galandan atyp galmaly belki bir alachy tapylar....
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Nämesi birhili bolupdyr?:)
-
Erkin666
15 years ago
- adamsy dogry aydypdyr;
berilen sowgat yzyna alynmayar.
sowgat bermezden önünça pikirlenmeli eken ayal.
-
Erkin666
15 years ago
- erkegi goldamok.
yagdayyn yalnyşdygy görnüp duran zat elbetde.
men erkegin sözi barada aytdym.
nokat goyupdyr.
muslimah 15 years ago- Sheyle bir gynandyryjy waka,name diyjegimam bilemok,barde name etjek?onrak pikirlenmelidi diysem gich boldy,indi ol name etsede karzy uzmeli,bashga chykalga yok,ol name uchin suda berip bilmeya durmush guranson eger name zat bolsada shol wagt aralygy alnan bolsa razwotda ika bolunmeli,suda berip gorsun,yone mashyny satan bolsa onda chykalga yok oydyan... Allatagala hich hachan bendesinin eden etmshini atom yaly kichi gowylyk ya yamanlyk bolsada hasapsyz goymayar,bu dunyade bolmasa indikide jogabyny bermeli bor ol yigit.bashga name diyjek,name ol oglan kwartirasam yokmy shony hich molmasa boldursin...mena bilmedim,Alla ona yardymjy bolsun..