bu blogda, aklymyza gelýän herhili şüpheleri paýlaşsak diýýän; bu şüpheleri çözüp biljekler bar bolsa, giderse, uly kömegi degermikä diýýän, ilkinji şüphämi men paýlaşaýyn onda: Gurhanda, yahudiler ýazgarylypdyr, hemem birnäçe yerde, muny bu mukaddes kitaby okan herkimem bilýär; meselem, men şunam bilýän, her çaga dünýä bir musulman bolup gelýär, soň oňa ata enesiniň beren terbiýesi onuň kapyr ýa da musulmanlygyny belirleýär; meniň düşünip bilmedigim bir zadym, allanyň tap özi tarapyndan terslenen bir kowmuň içinde doglan bir çaga da şol milletden bolandygy üçin ýazgarylan bolmaýarmyka; eger munuň netijesinde kapyr boljak bolsa, munda onuň günäsi nämekä, bagyşlaň welin siziň aklyňyza şüphe sokmak islemedim, ýöne şu günlerde gazzadaky wakalary görüp, aklyma öňem gelýän bu sorag hasam yüze çykyp ugrady

Köneler, btp tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir