gulak goýuň gardaşlar oýlanyň bu sözlere türkmen dili galyp dur ýaş dolsun bu gözlere täze – täze sözleri aýry dilden goşdular, türkmen dilin, kiçeldip öz dilinden geçdiler. şahyr diýip,goşduk biz goşgulary ýürekden, emma ,onuň güýji ýok, birje dögüm çörekden. ögretmeli ýaşlara, ene – ata öýünde, ýöritmeklik bu dili şahyrlaryň buýunynda. aty galdy çapgyda sazy galdy toýlarda, galmasyn türkmen dili çölde galan öýlerde. bir – ikini bilmese ýek – do, diýip sanaýar, öz dilinden el çekip, aýry dile ýanaýar. enesine, mamani diýr, papaň çagasy, ejekesi, ämme diýr ämu boldy agasy. daýzasy-da galmady öz paýynyň yzyndan, daýzasy khale boldy artdyrypdyr, pozundan. sallançyga, tap diýip suw ýerine ab diýip, bir gapy ýapyk bolsa, baz ederin diýip açýar. miweler gaçdy dilden bag-u-bostan diliňden türkmen gyzlar , ýigitler parsça gürläp guwanýar! pars dilini ulaldyp öz dilinden utanýar.! parsyň dili milli dil sözlemegi süýjidir, ene dilin unutmak türkmen dili iýiji-dir. serhetden aşyp gitseň orusça girer diliňe, türkmensähraň içinde parsça girer diliňe. parslar bize dogandyr agyzalalyk bolmasyn, türkmen dili namys-dyr namysymyz ölmesin. türkmen sünnet-däbini hormat bilen saklaýlyň, ylaýta-da dilini hor etmäni saklaýlyň. „türkmen ogly“ utanmaz ene diliň sözüne ene dilin bilmeýän gara çeksin ýüzüne

Köneler, tekketurkmeni tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir