“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta Lionel Messini klubda galdyrmak üçin täze üç ýyllyk şertnamanyň üstünde işleýär diýip, ESPN telewizion ýaýlymy habar berýär. Muny euro-football.ru ýetirýär.
Katalon klubunyň prezidenti indi Messä häzirki wagtda gazanýan hakyny – ýylda arassa 75 million ýewro töläp bilmejekdigini we ony klubda saklap galmak üçin dürli mümkinçilikleri öwrenýändigini aýdýar.
Laportanyň pikiri Messä çökgünlikden soň aýlyk hakynyň azaldylmagynyň öwezini dolmak üçin uzak möhletli şertnamany hödürlemekde jemlenýär.
Şertnamasynyň möhleti iýun aýynyň ahyrynda tamamlanýan Messi öň öz duýgularyna we “Barselonada” hereket edýän sport taslamasyna esaslanyp, şertnamany bir ýyl uzaltmagy makul hasaplapdy. Ýöne, çeşmäniň habar bermegine görä, Laporta çökgünlik döwründe beýle şertnamanyň şertlerini berjaý edip bilmeýär, şonuň üçinem Messini ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligini öz içine aljak iki ýyllyk şertnama baglaşmaga razy etmäge çalyşýar.
Ispaniýanyň çempionatynyň häzirki ýaryşynda Lionel Messi 29 oýna gatnaşdy, olarda 25 goly we dokuz netijeli geçirimi bilen tapawutlandy.
Barselona 34 ýaşly Messä "2+1 ulgam" atly şertnamasyny hödürleýär
-
Wrestling
3 years ago
- Messi by ýyldan soň Barsada galmaz. Geçen ýylam gitjek boldy, ýöne ugratmady kluby. Indi bu ýyl hökman başga kluba gider diýp pikir edýän.
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Messi PSG a gitsin şol ýerde gou oýnar belki Barselona oň bn düşünişip oýnar ýaly oýunçy galanoga Öňki bars indi ýok
LadaKalina. 3 years ago- basga topara gitsinlay. sho bir klubda garrap gitda