Ruhym çyksa sogrulyp,
Demim “Sen” diýip aglar.
Tozap dursam sowrulyp,
Gumum “Sen” diýip aglar.
Adyňy aýdym etsem,
Heňim “Sen” diýip aglar.
Janym terk edip gitse,
Tenim “Sen” diýip aglar.
Tapman ýerlikli sebäp,
Kän gezdim başym yrap,
Sönüp barýarka eräp,
Şemim “Sen” diýip aglar.
Alyp ýyllaryň aryn,
Seni ýatlasam zary:n,
Dyrnagym çekip zaryň,
Elim “Sen” diýip aglar.
Ýetip bilmän ýazyňa,
Jaý tapmadym janyma,
Asman dözmän hamyma,
“Gülüň kem” diýip aglar.
Gyşym syrgynym bilen,
Obam-sy:rgynym bilen,
Dogan, dogranym bilen,
Dilim “Sen” diýip aglar.
Awtor: Sädi Sädiýew
Taýýarlan: Kakajanow Hemra
Sen diýip aglar
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- *Awtory
-
Yowuz
3 years ago
- Bor sagbolyn
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- Yowuz
OK bolya gowy gosgy+++
-
Yowuz
3 years ago
- Sagbolyn
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Salam yowuz
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Imoda maňa ýaz ýada gmailde dogan ýaz
Bir zat sorajak bolýan senden gaýrat et dogan
-
Yowuz
3 years ago
- Salam Sohbet Abdullayew. Kim sen? Onki eyesine aytyan bolsan men dal ol.
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Saýtdan çykma dogan nito zat ýazjak däl
-
Yowuz
3 years ago
- Men señ doanyñ dal
-
Pegas
3 years ago
- Owadan goşgy.
-
yyldyz.
3 years ago
- O_o wai gyuw barmyn joram
Men_ve_Sen 3 years ago- Awtoy: Sädi Sädiýew