men şu sahypany saýtymyzda soňky bolup geçýän ýagdaýlar barada söz açmak üçin açdym. türkiye we türkmenistan: iki sany doganlyk ýurt. merhum atamyzyň aýdyşy ýaly: "biz iki döwlet, bir milletdiris"! näme üçin biz öz türk doganlarymyzy saýtymyzdan kowýarkak? näme üçin biz saýtymyzda türkçe ýazmagy gadagan edýärkäk? şeýdenimiz bilen biziň watançylyk duýgymyz beýgelýärmik-ä? elbetde, ýok! bu baryp ýatan garasöýmezligi aňladýar ahyry. beýtmäliň how, millet! dogan dogana arka çykmalydyr. garaşsyzlygymyz alanymyzda türkiýe bize ilkinji döwlet bolup, doganlyk goluny uzadypdy. garaşsyzlygymyzy bolsa ilkinji bolup ykrar edipdi. dawa etmäliň. dost bolalyň! ýene-de bir zat aýtmak isleýän. şu saýta gelip, ýazgy ýazýan türk raýatlaryna, türk doganlarymyza men köp minnetdarlyk bildirmek isleýärin. sebäbi, olar biziň bilen gyzyklanýarlar. bizi tanaslary gelýär. bizi öz doganlary hasaplaýarlar. eger, bizem olara bärde sögsek, ýa-da başga ýaramaz sözleri diýsek, onda olar biz hakda nähili pikir ederler. meniň pikirimçe, şu saýt. "www.talyplar.com" bizi dünýä tanadýar. dünýä halklary bizi şu saýta ýazan ýazgylarymyz arkaly tanaýar. şonuň üçinem agzybirje bolalyň. sebäbi, "agzybire taňrybiýr, agzalany gaňrybiýr"! aýdan sözlerimden oturyp-oturyp çuňňur many çykarmaklygyňyzy isleýän, gadyrdan talyplar we şu saýtyň hormatly agzalary. p.s. ýazan ýazgymda ýekeje-de türkçe garyşan söz ýokdur. käbir dawaçyllaryň muňa ünsüni çekmegini isleýän.

Köneler, milliyetçi tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir