IDEALLIDER-iň toplan peýdaly maslahatlary.

1. Mikrawalnowkada tarelka salyp birzat gyzdyrynanyňyzda, tarelkanyň orta arasynda boşluk goýsaňyz, onda gyzdyrýanzadyňyzyň hemmeýeri deň gyzar.

2. Ertir siz bir ýere gitmeli bolup, almaly zadyňyzy hem ýatdan çykarar öýdýän bolsaňyz, onda şu gün agşam, şol almaly zadyňyzy geýýän köwşüňiziň içinde, maşynyňyzda, sumkaňyzda ýa-da geýýän eşigiňiziň jübsinde goýaýyň. Şonda ertesi ýatdan çykarsaňyzam barybir ýanyňyzda bolar.

3. Egerde siz täze işe baryp bir işdeşiňiz hem sizi halamaýanlygyny duýýan bolsaňyz, onda şol işdeşiňizden bir ýönekeý zat(ruçka, gaýçy, bozguç) alyp biraz soň hem "Sagbolsun, taňryýalkasyn, minnetdarlyk" bilen alanzadyňyzy eýesine beriň. Şeýle hereketleriň adamyň duýgusyny çalt üýtgedýänini psihologlar aýratyn belläp geçýärler. Aslynda birinden bir ýagşylyk alsak minnetdarlyk bilen gaýtaryp bermek endigi biz hemişe öz durmuşumyza ornaşdyrmaly.

4. Eger bir stakan beýleki stakanyň içine girip ýelmeşen bolsa onda ol stalanlaryň birine sowuk suw guýuň, beýlekisiniň daşyndan bolsa gyzgyn suw akydyň. Şonda stakanlary döwmän aýrylyşdyryp bilersiňiz.

5. Siz näçe seresaply bolsaňyzam, barybir mikrawalnowkanyň içinde ýaglar ýada nahar çyrşaklary galýar we olary ýuwup aýyrmak kyn bolýar. Kösenmäň. Bary ýogy suwly stakana uksus ýada limon sogundan birnäçe damjalary damdyryň we mikrawalnowkada birnäçe minut goýuň. Mikrawalnowkaň içindäki gatan-ýaglary aýyrmak hasda aňsat bolar.

6. Ýumurtgalaryň zaýalananyny ýada täzeligini barlamak gaty aňsat. Muň üçin size sowuk suwly gap gerek. Sowuk suwly gaba ýumurtgalary taşlaň. Eger ýumurtgalar suwuň düýbüne çümse onda ýumurtagalar täze we iýse bolýar. Eger suwuň ýüzüne çyksa, onda ol ýumurtgalar howply bolup atrawit edip biler.

7. Eger siz bir zat edip, ýa-da bir iş edip, başgalaryň hem bu edeniňiz barada çynlakaý-pikirini bilmek isleseňiz, onda "Sen bu barada näme pikir edýäň?" diýip soramaňda "Seň pikiriňçe nämäni üýtgetmeli?" diýip soraň. Mümkin salyhatlylyk edip size "Gowy" diýip jogap bererler, emma soň siziň işiňiz barada anyk pikirler almaga ähtimallygyňyz bar.

8. Fleşkäňizde, çipiňizde hemişe özüňize degişli maglumatlary saklaň. Meselem telefon nomer, e-poçta. Eger wajyp bolsa "Haýşnamaňyzy" ýazgy ediň. Şeýle etseňiz belki tötänlikden fleşkäňizi ýa-da çipiňizi ýitiräýseňiz, size şol ýazan salgylanmalaryňyz sebäpli gaýdyp-getirmekleri mümkin.

9. Eger nahar bişirip bolanyňyzdan soň eliňizden soganyň ýa-da sarymsagyň ysynyň gelenini islemeseňiz, onda eliňizi duzly suwa ýuwup uksus-garylan suwa durlaň. Ýa-da diş-pastasyny az-mukdarda eliňize çalyň 2-4 minutdan soň bolsa ýuwuň. Ýakymsyz yslar ýitirim bolar.

10. Nahar bişirip durkaňyz birden sajyňyza ot düşmegi mümkin. Berk belläň, şol mahal otly-sajyň üsdüne hijem suw sepäýmäň, eger suw sepseňiz onda sajyňyz kiçiräk bomba ýaly ýarylar we öý ot-alar. Köp požarlar köplenç şeýlehereket edileninden soň başlanýar. Oňa derek ýanyp duran sajyň gapagyny ýapyň. Bilşimizýaly oda kislorod barmasa ot oçýär. Netijede siz nahary pažarsyz arkaýyn bişirersiňiz.

Toplan: IDEALLIDER.

Tehnologiýa, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir