Hormatly ýaşlar! Türkmen edebiýatynyň,diliniň ösüş ýoly, umuman türkmen taryhy bilen gyzyklanýanlar üçin şu blogy açýaryn. Meniň bärik ýerleşdirjek materýalym bu ugurda iş alyp barýanlar üçin tapylgysyz maglumat bolar, ýönekeý okuýjy üçin bolsa gyzykly maglumat bolar diýip umyt edýän. Bu bloga syn ýazmak ýa-da jogap ýazmak zerurçylygy ýok. Eger de şu maglumatlary baýlaşdyryp biljek ýazgylaryňyz bolsa baş üstüne ýazyp bilersiňz! Türkmen halkynyň taryhda öçmejek yz galdyran magaryfçysy,alymy,edebiýatçysy şeýle hem guramaçysy Abdylhekim Gulmuhammedowyň “umyt ýalkymlary” ady bilen 1926-njy ýylda türkmenistan neşirýaty tarapyndan çykarylan kitabyň sözbaşynda Kümüşaly Böriýew awtor we döwri barada şeýle ýazypdyr. Bu ýazgy türkmen taryhy we onuň diliniň taryhy jahtden möhümdir. “türkmenistan ýaşyna ýetdi.bir ýyl içinde düzülen täze hökümet türküstana, buhara we hywa garaýan hemme türkmen kabylalaryň, uruglaryň we ýer- ýurt, mekanlaryn birleşdirip, ýygnap öz başyna bir döwlet düzdi. Hemme gurama meseleler çözüldi. Syýasy we ykdysady (güzerançylyk) taýdan ülkämiz ileri aýak basyp gelýär. Jemhuriýetimiziň barça orunlary, çet-bujaklary şuralaşdyrdy, degişli geňeş, hökümet hem jemgyýet bölümleri düzüldi. Zähmetkeşleriň köpüsi şura hökümetiniň näme ekenin bilip, halky başkarmakda, eýgermekde öz saýlap goýan sedarymyz diýip tanaýar.hojalygymyz bolsa-da öňki derejesinden galkýar. Ülke baýlygy artýar, ýasap çykarylýan zatlar köpelýär, halk gün görmek, güzeran ýagdaýlary ösýär.täze ýerleri suwarmaga hökümet kän harajat çykaryp, uly hereket edýär. Şolaryň hatarynda türkmen zähmetkeşleriniň medeni (okuwly,bilimli we hünärli) bolmak maksatlaryda gaýra goýulmaýar.türkmenistanda täze şura mekdepleri açylýar. Olarda okatmak türkmen dilinde we türkmen kitaplary bilendir. Türkmen dilinde kitaplar,gazetler, jurnallar we her dürli edebiýat basylyp çykyp durýar. Şolary ýazyp çykaryp durmaga türkmen ilatçylygy öz arasynda özüne laýyk ýaş ýazyjylar, şahyrlar, edipler we başga galam gullukçylaryn çykaryp, ýetişdirip gelýär.şol alynky ýazyjylaryň biri Abdylhekim Gulmuhammedowdyr. Gulmuhammedowyň ( ‘türkmenistan’ gazediniň başgarawçysynyň orunbasary) ýazýan hekaýalarynyň, goşgularynyň “ türkmenistan” we “ daýhan” ýülerinde höwes bilen okalany mälim. Özi gündogar halklarynyň dillerinden we edebiýatyndan köp habardar bolup beter ussatdyr. Türkmenistanyň bir ýaşyna ýetmeginiň ulug dabaraly baýram- toýunyň hormatyna bagyşlap, ýoldaş Gulmuhammedowyň ” umyt ýalkymlary” adyndaky bir topar “ türkmenistanda” çykan goşgulary goşup, basyp çykarýarys. Ýoldaş Gulmuhammedowyň goşgulary türkmen zähmetkeşleriniň duýgularyn oýadýar. Türkmenleriň öňki garaňkylykdaky hal-ýagdaýlaryn hemişe ýat edip täze durmuşa we medeniýete çagyrýar. Gulmuhammedowyň ýazýan usullaryna seretsek, 2-3 dürde ýazýar. Goşgy goşuw kanun kadalarynda Magtymgula öýkünýän ýerleriniň bolmagyna görä, bizlere okamaga agyr düşmeýär. Bir wagt şahyrymyzyň köplenç höwes bilen ýazýanlary at, ýarag, ýar we başgalar bolsa, indi zaman üýtgemegine muwafyk dileg-niýetler hem özgerýär. At-ýarag ornuny bilim-hünär tutýar. Bag, gül, ýar atlarynda umytlaryň, suratlaryn saljak bolýar, şol umytlary boljalaýar hem olara çekýär. Kümüşaly böri ogly”
Belli magaryfcy,alym,şahyr,guramaçy
- 
                garagum
                16 years ago
                
 - tüweleme, gowy zatlar ýazypsyň.
 
- 
                Bagul
                16 years ago
                
 - oran gyzykly, sag bol, maglumatlar uchin. 
Men-a on hich hachan eshitmandim bu alymyn adyny, yone oran sag bol. Gyzykly:)Bilip goymak uchin oran gowy zatlar:) 
- 
                Nokat
                16 years ago
                
 - Elbetde Gulmuhammedowyñ türkmen diline go$an gymmatly go$antlary iñkär edip bolmajak derejede tapylgysyzdyr. Häzirki döwüriñ alymlaryndan Akademik Myratgeldi Söýegowyñ ylmy i$lerinde Abdyhekim Gulmuhammedowyñ dil babatdaky tagallalary eri$ argaç bolup geçýär. Güýçli awtorlaryñ kitaby gyzykly!
 
- 
                kombat
                16 years ago
                
 Türkmen halkynyň taryhda öçmejek yz galdyran magaryfçysy, alymy,edebiýatçysy şeýle hem guramaçysy
biz tanamzokla. berdi kerbabaýewä däldirdä.
- 
                mazmun
                16 years ago
                
 - aglan ýar
aň-bilimden yzda galyp aglan ýar!
ruhum köp uzakdan agyňy duýýar.
çalyşgyn,çytraşgyn, açyk bu gün ýol,
çalyş bu gün, nadanlykdan algyn ar!
aglama,gözüňiň ýaşyny gurut!
ýüpek ýaglyk bilen gözüňi sürt!
owal gylyç tutan batyr türkmensiň,
batyrlygyň dünýä mälim edensiň.
indi gylyç ornuna galamyň algyn,
bu gün isleg-myradyňa ýetensiň.
medeniýet üçin ýaragyňy dakyn,
çalyşgyn, wagtyňy ötürme sakyn!
günbatardan öser aň-bilim ýeli,
medeniýet bagynyň açylan güli.
täze ekilen her hil daragt bagyňda,
gymmatly imişler bersin nahaly!..
eý, türkmeniň ylym ýurdunyň gülleri!
ýükseldiň, parladyň bu gün illeri. 
- 
                garagum
                16 years ago
                
 - abdyhekim gulmuhammedow halaç etrabynyň garaagaç obasynda dogulýa. istanbulda okapdyr. 5 dil bilýän eken.
 
- 
                mazmun
                16 years ago
                
 - 1879-njy  ýylda häzirki  Halaç  etrabynyň Akderi   obasynda (ulydepe –akderi) uly  ahunyň maşgalasynda  dünýä  inip, Ystambulda (Türkiýe) Gündogary  öwreniş  inistitutynda  okap, ýokary  bilim  alan Abdylhekim  Gulmuhammedowyň  akademik A.N.Samoýlowiçiň 1928-nji  ýylda  ýazyşy  ýaly, çylşyrymly  we gyzykly  terjimehaly  bar. Onuň bary-ýogy  52  ýyla  çeken  ömri  geljekki ykbalyna  düýpli  täsir   eden  wakalara diýseň  baý. Dokumentleri  öwrenip   otyrkak, şu  wakalaryň  hemmesi bir  adamyň başyndan  geçdimikä  diýip, öz-özüňe sorag  bereniňi  duýman  galýarsyň. Gysga  ömründe  bitiren işlerine guwanýarsyň, keç  ykbalyna bolsa  gynanýarsyň.
A.Gulmuhammedow ýigirminji ýyllaryň birinji ýarymynda professional rewolýusioner, döwlet işgäri höküminde giňden tanalan bolsa, ikinji ýarymynda guramaçy, metbugat işgäri, şahyr, kyssaçy, edebi tankytçy, edebiýatçy alym, dilçi we taryhçy höküminde uly meşhurlyk gazanmaga ýetişipdir.
 
- 
                mazmun
                16 years ago
                
 - A.Gulmuhammedow – kyssaçy. Onuň “Umyt ýalkymlary” kitabyna Kümüşaly Böriýewiň ýazan sözbaşysynda şeýle sözler bar: “Gulmuhammedowyň ( “Türkmenistan” gazetiniň başgaryjysynyň orunbasary) ýazan hekaýalarynyň, goşgularynyň “Türkemnistan” we “Daýhan” ýüzlerinde höwes bilen okalany mälim”. Şu ýerde käbir zatlary anayklaşdyrmagymyz gerek. “Daýhan” gazeti 1925-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykyp başlapdyr. Şol ýyl hem onuň sahypalarynda iki hekaýa – “Daýhan Hojamyrat” (11 dekabr), “Taňrygulynyň emir zulmy astynda horlanyşy” (25 dekabr) çap edilipdir. Hekaýanyň aşagyna “G” diýlip gol çekilipdir. Bu hekaýalar ilki bilen B.Şamyradowyň ünsüni çekipdir. Ol hekaýalary türkmen prozasynyň ilkinji eserleri diýip häsiýetlendiripdir. Ýöne olary Agahan Durdyýewiň galamyna degişli edipdir. Şol hekaýalara esaslanyp hem oňa “türkmen edebiýatynda çeper prozanyň düýbüni tutan ýazyjy” diýip baha beripdir. (Görkezilen işi, 144-145 sah.) ýöne bu ýerde biziň edebiýatçy bilen jedelleşesimiz gelýär. Has dogrusy, bu hekaýalar A.Durdyýewiň eserleri däl diýmekçi bolýarys. Birinjiden, hekaýalara “G” diýilip gol çekilipdir, bu A.Gulmuhammedow diýildigi bolýar. Ikinjiden, K.Böriýew öňde getiriýän sözlerinden onuň “Daýhan” gazetinde hekaýalaryň çykandygyny tassyk edýär. Galyberse-de, 1925-nji ýylda “Türkmenistan” hem “Daýhan” gazetlerinde hekaýa žanryndan şu iki eserden başga zat çap edilmändir. Diýmek, K.Böriýew Gulmuhammedowyň hekaýalary diýip, şu iki hekaýany göz öňünde tutýar. Üçünjiden, A.Durdyýew çeper döredijilige 1927-nji ýylda başlapdyr (Türkmen edebiýatynyň taryhy, Ivtom. Aşgabat, 1979, 955 sah). Dördünjiden, hekaýalaryň wakalary A.Gulmuhammedowyň dünýä inen ýerlerinde –Halaç, Kerki töwereklerinde bolup geçýär. Mysal üçin, ikinji hekaýa şeýle tamamlanýar: “2-nji sentýabrda emir zulmyndan gutulan garyp işçi daýhanlar we Gyzyl Goşunlar tarapyndan edilen ýynakda tribuna çykyp, emir hökümetine garşy agzyndan öçli we otly, entegem gorlary pürken Yaňrygulynyň “Ýaşasyn işçi daýhan hökümeti!” diýip, şatlykly gözýaş döküşi heniz-de gözlerinden gidenýok”. Görşümiz ýaly, awtor bu ýerde öz gatnaşan (bu hakda öňde aýdylypdy) wakalary beýan edýär. Galyberse-de, bu hekaýalar dili, beýan ediş tärleri boýunça A.Gulmuhammedowyň 1925-nji ýylda ýazan “deňsinmedik dul galar” powesti bilen hörpdeş gelýär. Bu ýerde onuň şol hekaýany hem powestini jikme-jik analizlemäge ýagdaýymyz ýok. Ýöne sözlemiň ahyrynda, öňdäki aýdylanlara esaslanyp, türkmen sowet edebiýatynda ilkinji çeper proza eserlerini döretmek A.Gulmuhammedowyň paýyna düşüpdir diýesimiz gelýär.
 
- 
                mazmun
                16 years ago
                
 - A.Gulmuhammedow –edebiýat  taryhçysy.  Ol  edebi  mirasy   öwrenmekde  has-da  önjeýli  işler  bitiripdir. Biz  öňde  onuň “Nowaýynyň “Muhakimetul  lugataýynyň”   diýen  eserini  häzirki  zaman  türkmen  diline  geçirip, 1925-nji  ýylda Aşgabatda  aýratyn  kitap  edip  çykarandygyny belläpdir. Bu  Myralynyň  eserleriniň  sowet  döwründe  neşir  edilişiniň  başy  bolmaly. Kitaby   neşre  taýýarlaýjy  barada  akademik  A.N.Samoýlowiç  şeýle  ýazýar: “Ony  beýan  ediji  awtor  häzir “Türkmenistan”  gazetiniň orunbasary  bolup  işleýän  özüniň  ýaşlygyna garamazdan, çylşyrymly  hem  gyzykly  terjimehaly  bolan  türkmen Gulmuhammedowdyr,  ol  türkleriň, aýratyn  hem  türkmenleriň  geçmiş  medeniýetini, ýazuwy  bilen  içgin  gyzyklanýar, yhlas  bilen  degişli  materýallary, şol  sanda  golýazmalary  ýygnaýar”.(Mir-Aly-Şir. Sbornik, L.,1928. 173 sah)  görnükli  alym  soň  türkmen  edebiýatyna  bagyşlanan  işlerinde Seýdiniň, Zeliliniň  döredijiligi, “Saýatly-Hemra”  dessany, umuman, türkmen  dessançylygy  barada  pikir  ýöredende, A.Gulmuhammedow  tarapyndan   taýýarlanan  neşirlerden  peýdalanypdyr. Umuman, A.Gulmuhammedow  geçmiş  edebiýatymyz  gowy  bilipdir. Şol  edebiýata  dogry  baha  bermegi  hem  başarypdyr. Geliň, muňa  käbir  mysallar  getireliň. Biziň pikirimizçe, ol  orta  asyr  türkmen  edeiýatynyň, esasan, arap  hem pars  dillerinde  döredilmeginiň  sebäplerini  dogry  düşündirip bilipdir. (“Türkmeniň  atly  goguçylaryndan   Seýdiniň goşgulary”, Aşgabat (Poltaraskiý), 1926, 5-9  sah). Edebiýatçynyň  türkmen  klassyky  poeziýasy XVIII  asyrdan  başlanýar  diýmegi   hem  teoretiki  taýdan  esasly (“Türkmenistan” 1926, 29  sentýabr). Ýa  bolmasa ol “saýatly –Hemra” dessanyny  1927-nji ýylda Aşgabatda “Türkmen milletiniň  XV asyrdaky  ahwallaryny  aňladýan   dessanlaryndan “Saýat  ile  Hemra” dessany”    diýen  at  bilen neşir  etdiripdir.  Hakykatdan  hem  edebiýatçynyň  şeýle  diýmeginiň  jany  bar. Has  soň  professor H.Görogly  bu  dessanyň “Gorkut  Atanyň kitabynyň”  yz  ýanynda  , hut  şonuň  esasynda  dörändigini  ynandyryjylykly  subut  etdi. (Oguzskiý   geroiçeskiý  epos, M., 1 976). Ýene bir mysal. Biz  Hindistanda  ýaşaýan özboluşly  türkmen  şahyry Baýram  hanyň  üsti  altmyşynjy  ýyllarda   açyldy  diýip ýördük. Emma  Gulmuhammedow şeýle şahyryň  bardygyny  bilýan  eken.
Halkymyzyň edebi geçmişini öwrenmekde A.Gulmuhammedowyň bitiren işleri sanardan köp. Häzirki Türkmenistanyň Ylymlar akademniýasynyň Golýazmalar fondunyň düýbüni tutanlaryň biri A.Gulmuhammedow bolupdyr diýsek, hakykatdan daş düşeris öýdemizok. Leniungradda okaýarka, ylmy ýolbaşçylary A.N.Samoýlowiçiň we B.B.Bartoldyň ýardam bermegi bilen tomus kanikuly döwründe Türkmenistana gaýdyp, il içinden golýazma toplamak işini dowam etdiripdir. Bir gezek gelende, Lebap etraplaryndan dürli golýazmalaryň 70-e golaýyny ýygnap, şol wagtky Türkmen medeniýeti (Türkmenkult) institutyna tabşyrýar. Soňra ol institutda işe başlan A.Gulmuhammedowyň agzalan golýazmalaryň jikme-jik derňewine bagyşlanan kitaby, öňde belleýşimiz ýaly, 1931-nji ýylda Aşgabatda “Orta Aziýa edebi ýadygärlikler boýunça meterýallar” diýen at bilen rus dilinde çap edilýär. Ýöne awtoryň”garalanandygy” sebäpli häzirki edebiýatçylar şol kitaplaryň golaýyna barmaga, olardan peýdalanmaga çekinşip ýörler. Biziň pikirimizçe, şol kitaplar degişli düşündirişler bilen täzeden neşir edilse, diňe peýda berip bilerdi.
 
- 
                Kuraldyshy
                14 years ago
                
 
bilime ýüwür
ýetiş, ýüksel, türkmen ogly,
aň bilen bilime ýüwür.
bu bagyň gözel bilbili,
açylan gülüme ýüwür.
galam tutup, kitap al-da
özge ile bolup görelde,
ýükseliň aňda, bilimde,
çyn türkmen diline ýüwür.
edebiýat, ýüksek bir dil
dogdyryň günbe-gün, her ýyl,
parlasyn uşbu müňli il,
müňlenen ilime ýüwür.
türkmenistan-gözel bir gül,
gül içre saýrasyn bilbil,
aň-bilimli, ýüksek bir il
bolmana bilime ýüwür.
medeniýet ylymdan aslydyr
her millet aýylsa gaflat ukudan,
owal başlap aň-bilime zor eder.
bilimsizlik derdi bir ýaman
dertdir,
çafyga derdi dek gözi kör eder.
bilimsiz milletler her ne bolursa,
ökde gelip, ýer ýüzüni alyrsa,
mal-u dünýä, barça zady bolursa,
ahyr bir gün öz-özüni hor eder.
okuwdan, ýazuwdan mahrum bir
iliň,
barça pesat durar içinde biliň.
ogurlyk,tirekkeş, kartbaz biliň,
milletiň dirije jaýyn kör eder.
oba hojalykda hem ykdysatda
hiç işi başarmaz,tutmaly ýatda,
synpy göreş, hukuk ýa başga
zatda
derde degmez, gury özün hor
eder.
okatmak, agartmak türkmeniň
ýoly,
indi muny bilsin türkmeniň ili
elinde galamy,kätmeni,pili
mundan buýan okamana zor
eder.
mazmun | 2008-12-12 07:32:04
aglan ýar
aň-bilimden yzda galyp aglan ýar!
ruhum köp uzakdan agyňy
duýýar.
çalyşgyn,çytraşgyn, açyk bu gün
ýol,
çalyş bu gün, nadanlykdan algyn
ar!
aglama,gözüňiň ýaşyny gurut!
ýüpek ýaglyk bilen gözüňi sürt!
owal gylyç tutan batyr
türkmensiň,
batyrlygyň dünýä mälim edensiň.
indi gylyç ornuna galamyň algyn,
bu gün isleg-myradyňa ýetensiň.
medeniýet üçin ýaragyňy dakyn,
çalyşgyn, wagtyňy ötürme sakyn!
günbatardan öser aň-bilim ýeli,
medeniýet bagynyň açylan güli.
täze ekilen her hil daragt
bagyňda,
gymmatly imişler bersin nahaly!..
eý, türkmeniň ylym ýurdunyň
gülleri!
ýükseldiň, parladyň bu gün illeri.
- 
                turkmenntug
                14 years ago
                
 - söz yok
 
- 
                1merdan
                13 years ago
                
 - hmmm behh
 
mazmun 16 years ago- ynha abdylhekim gulmuhammedowyň goşgular ýygyndysyndaky kabir goşgular. bu goşgular halkymyzy ylyma bilime çagyrýar. hut şu jahtden bu şygyrlar öz aktuallygyny ýitirmýar. " bilimli ozar-bilimsiz tozar" nakyly hem de döwrümiziň " bilimsiz öý - otsuz ojak" şygary hem şahyryň aşakdaky goşgularyny tassyklaýar.
 
            
BILIME ÝÜWÜR
Ýetiş, ýüksel, türkmen ogly,
Aň bilen bilime ýüwür.
Bu bagyň gözel bilbili,
Açylan gülüme ýüwür.
Galam tutup, kitap al-da
Özge ile bolup görelde,
Ýükseliň aňda, bilimde,
Çyn türkmen diline ýüwür.
Edebiýat, ýüksek bir dil
Dogdyryň günbe-gün, her ýyl,
Parlasyn uşbu müňli il,
Müňlenen ilime ýüwür.
Türkmenistan-gözel bir gül,
Gül içre saýrasyn bilbil,
Aň-bilimli, ýüksek bir il
Bolmana bilime ýüwür.
MEDENIÝET YLYMDAN ASLYDYR
Her millet aýylsa gaflat ukudan,
Owal başlap aň-bilime zor eder.
Bilimsizlik derdi bir ýaman dertdir,
Çafyga derdi dek gözi kör eder.
Bilimsiz milletler her ne bolursa,
Ökde gelip, ýer ýüzüni alyrsa,
Mal-u dünýä, barça zady bolursa,
Ahyr bir gün öz-özüni hor eder.
Okuwdan, ýazuwdan mahrum bir iliň,
Barça pesat durar içinde biliň.
Ogurlyk,tirekkeş, kartbaz biliň,
Milletiň dirije jaýyn kör eder.
Oba hojalykda hem ykdysatda
Hiç işi başarmaz,tutmaly ýatda,
Synpy göreş, hukuk ýa başga zatda
Derde degmez, gury özün hor eder.
Okatmak, agartmak türkmeniň ýoly,
Indi muny bilsin türkmeniň ili
Elinde galamy,kätmeni,pili
Mundan buýan okamana zor eder.