IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 10

101. Bal-aryň ömrü uzak bolanda 5-6 hepde. Şol ömründe ary 2 çaý-çemçe bal öndürýär.

102. "Temnothorax" görnüş garynjalar, keselleseler, öz köweklerinden uzaga gidip, ar-namysly, gaýduwsyz ýekelikde ölýärler. Başga garynjalara kesel ýokuşmazýaly.

103. Ekwatorda ýaşaýan "Aýna-gurbagalar"(Lat.Centrolenidae) hakykatdanam aýna ýaly. Olaryň endamyndan aşgazany, süňkleri we urýan-ýüregi görünýär.

104. 1933-nji ýylda Adolf Gitleriň yzyny eýeriji we wepaly dosty nemes Hugo Boss-yň hut özi, Waffen-SS-leriň harby goşuny üçin harby lybaslary taýynlady.

105. Ak aýylaryň gyzgynlyk saklaýyş sistemasy şeýlebir gowy weli, hatda olar köp wagtlaryny ýylynyp-gyzmak üçindälde, sowamak üçin geçirýärler.

106. Gara şokoladda, gök çaýa garanyňda antioksidantlara(ýaşlygy saklaýjy elementler) has köpdür. Arassa hakyky kakao bolsa şokoladdanam beter peýdaly.

107. Älemgoşarlar ýarty bolman eýsem doly togalak hem bolýarlar. Ýöne beýle ýagdaýy diňe uçar uçup barýarka uçaryň aýnasyndan görüp bolýar.

108. Almazyň(brilliantyň) ýylylyk geçirijiligi mediden(hemiki metal) hem kümüşden beterdir. Eger almazdan çemçe ýasap ol çemçe bilen çaýy bulasak onda elimizi ýakars. Sebäbi çemçe çaýyň gyzgynlygyny ol ujundan bu ujuna arkaýyn geçirýär.

109. Bütin dünýä, Amerikanyň perzidentiniň döreden "Buşizm" diýilip atlandyrylýan degişmeleriň üstünden şuwagda çenli gülüp gelýär. Ol degişmeler şulardan ybarat:"Ýelizaweta 11", "Bu siziň pullaryňyz, siz bu pullar üçin tölediňiz", "Men, geçmiş gutardymyka diýip pikir edýärin", "Biziň ýurdumuza düzgüni bozup girýänler, düzgüni bozýarlar"

110. Mongoliýada "Gägirmek" minnetdarlygyňy bildirmegi aňladýar. Eger myhman gägirmese, onda myhmanyň garny boş, diýmek myhman nahary halamandyr.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

Täzelikler, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir