salam yaşlar! men soňky döwür şu saýtda bolup geçyän dawalary bir söz bilen 'kemçilik' diýip atlandyryp biljek.özara söz atyşyklarda gaty biedeplikler, biribirmizi asgermezlikler türkmen yaşlarynyng kamillik derejesine galyp bilmeyişleriniň görkezijisi diyip hasap edyan.muny diňe 'kemçilik', 'bärden gaytma' diyen sozler bilen suratlandyrsa bolar. hemmä malim bir söz bardyr: pes derejeli adamlar şahsyýetleriň, orta derejeli adamlar wakalaryň,yokary derejeli adamlar pikirleriň gürrüňini ederler. şu nukdaynazardan seredenimizde agzalaryň hazirki yagdaýy kemter we gözgyny yagday. men indi sözüm gury bolmaz yaly birki agazanyň daşyndan görnüşine ünsüňizi çekmek isleýan. hoşowaz diýilen agza salyhatlylygy elden berman meselelere ging baha bermage çalyşyar, emma nokat we bond onung bu hasiýetine yalňyş düşünýane meňzeýar. ata diyilen agza bilen bir kategoriýada görýarler. ata diýilen agza hoşowaza seredeningde reaksion görünyar.ýagny,ol özüni aşa öňe çykarmaga çytraşýar, özüni hemmeden bilimli hem de uly we aýratyn orunda tutmaga çalyşyar.kabir pespal hereketleri hem hut şu maksada gönükdirilen. ol hemmä inim diyip ýüzlenýar,ya bolmasa öwüt ündeýji ýazgylary nusgalap ýaýradýar. bärde bolsa hiçkimi anyk tanamasaň yaş boyunça seljerip bolanok şonuň üçin beýle ýüzlenmegi nadogry hasaplayan. öwüt ündew ýazgylaryny nusgalap barik geçirmek häsiýeti meniň pikirimçe saytyň alyp barýan ýoluna gabat gelenok.barde herkim öz pikiri bilen gelmelimika diýýan. başga birleriniň pikirini barde satuwa çykarmaly dal. dogry sitatalar getirip şol boyunça pikir beýan edilip biliner.(şu ýerde ata atly agza özbaşdak saýt açmagy dost höküminde maslahat berýan)atanyň adminleri tanaýan diýip haýbat atjak boluşy,girmage böwet hem goýdurmak elinden gelýandigini bildirjek boluşy türkmençilige yaraşmaýan häsiýet. türklerden eksport edilen gylyga meňzeýar. nokat atly agaza gaty gyzmalyk edip ynsanlyk mertebä kast edýar. dory sözleriniň arkasynda jany ýangynlyk, türkmençiligiň türkler tarapyndan aýak asty edilmegi,türkmen mertebesine käbir men türkmen diýip ýören ýaşlar tarapyndan eýe çykylmaýşy,herkim bir döwletde bilim aldym ya bolmasa olaryň mekdeplerinde okadym diýip ata babany tirsegine galdyrmagyň deregine olary gara ýere ýegsan edişleri ýaly aktual düşünjeler duýulýar.ýöne nokadyň beýan ediş usuly nädogry. bond diýilen agza kän ýetikçiligim ýok.düýpli pikirlerine heniz gabat gelemok. onuň ýazgylarynda kamillik göremok.ol belki bilkastlaýyn edýan bolmagy mümkin. kim bilýar birlerini protest hem etse edýandir. sözümi saytyň agzalaryna şeýle ýüzlenmeler bilen tamamlaýan.oglanlar gyzlar barde herkim bir adyň arkasyna bukulup gelýar. şonuň üçin hiçkimiň kölegesini taýaklap meseläni çözüp balmaýandygyna düşünmegimiz gerek. asyl bärde hiçhili mesele çözülmeýar.diňe yaşlara durmuşda peýdaly bolup biljek pikirler, tejribeler ýazylsa peýdaly bolarmyka diýýan.hödürlenýan pikirler türkmen galybynda berilse ýerlikli bolar.başga milletiň galyby türkmene gabat gelmez.goý ol türk bolsun,ors bolsun,pars bolsun,arap bolsun...tapawudy ýok.kabir milli düşünjani, türkmençiligi inkar edýan agzalara şuny diýesim gelýar, dünýaniň hiç bir milletinde biziň türkmençilik diýýan düşünjamiz ýaly düşünje ýok. orsçuluk,türkçilik,azerbeýjançylyk,gazakçylyk diýip men hiç gabat gelmedim.türkçülik diýilen bir zat bar ol hem türk milletlilik diýilen manyny aňladýar. biziň türkmençiligimiz ýaly ýazylmadyk kanunlary öz içinde jemleýän,milli edim gylymlara ýugurulan bir aňlatma megerem ýok bolsa gerek. şonuň üçin türkmençiligi gowy öwreneliň! käbir öte geçmelerim hem de bärden gaýtmalarym bolan bolsa ähliňizden ötünç soraýan! sag boluň.

Köneler, mazmun tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir