Gül ýetişmänkä-açylmanka... 5-nji bölüm.

...Emma bu biziň gürrüňimiziň esasy wakasy däl. Esasy wakasy inni başlaýar. Şeýlelikde Sapa ýuwaşlyk bilen Leýlä, Leýli bolsa Sapa öwrenişiberdiler. Emma Leýli hemişe araçägi saklaýar. Ýagny Sapany özüne gatybir ýakynlaşdyranok. Dogrysy Sapa öz içinden "Yrdym" diýip pikir edýär, ýöne beýle däl. Leýli ýöne yrylansyran boldy. Şunlyk bilen ýaşlar ýuwaş-ýuwaş ýazyşyberdiler. Ahyry hem birinji duşuşugy bellediler. Bellenilen ýere bellenilen wagtda ilki Sapa baryp, aýtjak sözleri, etjek hereketleri barada içgin pikirlenip taýynlandy. Inede ajaýyp hindi-gözeli kimin Leýli. Tawus guşuň reňkleri ýaly bezenen gyz, messaý basyşlar bilen Sapanyň ýanyna golaýlaşyp geldi. 5 ädim galanynda Sapa:
- Salam. - diýip Leýliniň jogabyna garaşdy. Leýli hem:
- Salam.
+ Bu gün sen gaty owadan bolupsuň...
- Näme düşünmedim? Öň owadan däldimde inni owadan boldummy? - diýip Leýli bilgeşleýin Sapany aljyratmak üçin geňirgenen boldy. Sapada aljyrarly däl, emma ondada birhili BOLANSYRAP:
- Ýok-ýok. Men beýle diýjek bolmadym. Sen öňem owadandyň, bugünem owadan. Ýöne "sen ýetişip barýan gül, gün geldigiçe ösýäň ulalýaňda owadanlaşýaň" diýjek boldum. - diýip uludan demini aldy. Leýli içinden "Bet sypdyň. Ýene garaş" diýip Sapa garşy syrly bakyşyny etdi. Sapa bolsa ýene gürrüňini dowam edip:
- Aaaa neme, şu golaýda bir gowy ýer bar. Nu bukujada däl, açygamdäl. Restoran. Isleseň şol ýere, isleseň teatra iki bilet aldym. Isleseň arassa howada ýöne gürleşers!?
+ Gowsy şu ýerde gürleşeli. Özi hem çynlakaý.
- Mmm bolýa. Onda şu ýere geçäýeli. - diýip Sapa skameýkalary görkezdi. Leýli şol tarapa ýöredi hem ikiside daşgynyrak otyryp Leýli gürrüňe başlady:
- Sapa. Sen hasabymdan akylly oglan. Onsaň pikir edýän daşyňdan, erkek bolup bir gyz-naçaryň syryny saklap bilersiň. Sapa sen gowy oglan emma men erbet gyz. Gep meniň häsiýetim ýada özümi alyp-baryşymda däl, jan saglygymda. Başarsaň hiçkime aýtma. Meniň hiç oglana göwün bermeýänimi inni aňşyrýan bolsaň gerek. Menem gelin bolanymdan soň seniň ömrüňi kül-edip, dünýämi täzeläsim gelenok. Emma dogtarlar başga zat diýýärler. Şol sebäpli senem, menem öz ýolumyz bilen gidibereli. Sen "Bolýa" ýa-da "Ýok" diýme. Gowsy hiçzat bolmadykýaly öz-ýoluňa gidiber. Ýekeje haýştym hiçkime aýtma. Oglan bolup, men naçary paş etme. Özüňem sag we aman gez. Hoş gal. - diýdide oturan ýerinden turup ýöräberdi. Sapa Leýliniň yzyndan pikirlenip galdy, köp oýa-batdy. Leýli ymykly gözden ýiteninden soň Sapa ýerinden turmanka şol oturyşyna Leýliniň telefonyna "Sen razy bolsaň, men şeýle durmuşa beter razy. Haýşt edýän ýeke-goýma" diýip sms ýazdy. Megerem Leýliniň bu hereketi Sapadan dynmak üçindir. Megerem hakykatdan hem agyr-kesellidir. Megerem barlaýandyr. Leýliniň ähli zady "Megerem" emma Sapanyň, gyza göwni gidip, belki söýüp, gelin edinmek niýeti weli çyn hem anyk. Leýli oglandan geljek beýle sms-e garaşmady. Ol içinden "Ahyry gaçarsyň" diýip oglana jogap edip "Bolýa, seň diýeniň bolsun" diýip jogap ugratdy. Gyzyň razylygyny alan Sapa baryp ejesine buşlaýsa nätjek!? Leýli bolsa diňe duşuşuklara razylyk berdigidi...

5-nji bölümiň soňy...

Awtory: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir