Jogaby ýokmy soragym
Gökden ýerden soradym
Kalba urduň Ýaragyň
Otdan ýelden goradym

Ýardam ber sen Tapmaga
Wah rahat ukyda ýatmaga
Ýol gözleýän Yza gaýtmaga
Göwnüňe degse aýt maňa

Kim boldy aýralyga sebäp kim boldy
Sem bol diý joralaň ählisine sem bol diý
Kem boldy saňa beren söýgim meň kem boldy
Geň boldy belkide unutmaga çen boldy

Gitdiň gepe gitdiň gepe
almaz indi ýürek nepes
çykdym çete galdym ýeke
Duz atma ýarama boldy ýeter

söýgi beset Sesiň peselt
Baýlyk diýýär mende gezek
Ýürek Kesek galdy jeset
Baýlyk utdy eje seret

Meň geçimezdi sensiz günüm
Şeýlebir küýsedim sesiň Bu gün
Gel Ýürekde Galdy Düwün
Ýalan sözler üçin berdiň göwün

Ýüzüm gülýär ýürek ölýär
Özge ýüzde men seni Görýän
Özüm Gömýän pikirime
Duş etmesin ondan Beterine

Uçmak üçin gerekdäl perişde dek ganatym
Gerek diňeje maňa Sen ýanymda galanyň
Allaýanlar seret kän diňe sendiň meň ýekäm
Ýanyňdadyr ýylanlar asyl ony Bilmeýäň

Ýüklemek üçin ssylka: http://dunyabelli.com/zet-pro2003-kim-boldy/

Awtor: ZET-PRO2003

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir