Gül ýetişmänkä-açylmanka... 2-nji bölüm.

...Gülleri basmazlyk ýa-ätläp geçmezlik üçin ýa-ha maşyn gatnaýan ýola çykmaly, ýa-da yzyna aýlanmaly, beýleki gapdaly ýaşaýyş jaýlardy. Leýli ugur-tapyjy gyz bolup, derrew bu ýagdaýa çyklaga tapdy. Ol sakga-durduda, çalaja ýylgyryp, iner-çöküşini(oturanyňda ilki biliňi epmän, diňe dyzyňy epip aşak çökmek, Türkmen halkynyň arasynda bu çöküş aňrybaş-edepliligi aňladýar) edip, öňünde setir edip goýulan gülleri birin-birin çöplemäge başlady. Bu ýagdaýy synlap duran ýigit hem ýylgyryp "Hiçkim yryp bilmedi, a men aňsatjak yrdym" diýip öz ýanyndan monça bolup, özüni asmandan-asdy. Leýli ähli gülleri çöpläp bolup, messaý-ýöräp, ýigidiň ýanyna baryp ýylgyrdyda güleri ol oglanyň üsdüne zyňyp göýberdi. Ýere goýulany sebäpli tozan-hapa gum bolan güller hem oglanyň üsdi-başyny gaty hapaladygam bolsa arassa goýandäldir. Leýli bolsa hiçzat bolmadykýaly ýoluny dowam edip gideninde, oglan ýüzüni sallap galmakdan başa çäre tapmady. Köpler gürrüňsiz hereketlere aňsat düşünýärler. Leýli hem oglanyň bu herekedine öz isleýşiçe düşündi. Ýagny oglan "Men köp gyzlar bilen gezdim, ol gyzlary hem edil şu güllerýaly ýere ýazyp hapaladym. Olary seň ýoluňa taşlaýan" diýýänýaly göründi. Leýli bolsa "Gyzlaram oglan bilen halaşyp özlerini hapalatmalydäldiler. Hapalanan bolsalar, menem, iller hem ol gyzlary sylaman zyňarýörerler" diýenýaly hereket etdi. Oglanyň bu plany başa barmanyndan soň, belki täze pikirler oýlap tapýandyr. Emma inni ertir, Leýli ýene işinden çykanyndan soň... Ertesi gün hem Leýli işinden çykýança garaşan oglan bu gün başgaçarak hereket etmegi ýüregine-düwdi. Leýli ýene şol öňki ýolundan gaýdanynda, bu gezek onuň ýanyna bir çagajyk geldi hem hatly-konwert ýazylgy şokalady gyza uzatdy....

2-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir