"Goltugyň astyndan ýylan deý çykyp,
Öldirmeklik üçin çakjak bolany.
Öz gözleriň bilen görersiň"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.
"Daşyndan tanatmaz nähili adam,
Syrdaş saýma her bir gülip bakany.
Hemme ýylgyrana ynanma"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.
"Yzyňa tirkap öýiňe getirme,
Dostym diýip her öňiňden çykany.
Dos saýlaňda,gyssanma oglym"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.
"Eşegiň berk guşa,ahmyr giç bolar,
Orta ýolda ýazdyraýsa ýükiňi.
Ýola düşseň ýoldaşyň tana"diýip
Kakamyň aýdany dogry ekeni.
"Bir güli,ýar diýip saýlap tutaňda,
Seresap bol bolaýmasyn tikeni.
Durmyş gurmak oýunjak däldir"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.
"Awyraýyň artyp meşhur bolaňda,
Bolar aýagyňda aşak çekeni.
Olar üçin badyň peseltme"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.
"Enesin atasyn öýinden kowup,
Gelniniň öňinde dyza çökeni.
Munda ýaşap ýörseň göresiň"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.
"Ejizleme durmyş bilen göreşgin,
Durmyş bagşlamaz başyn egeni.
Hemişe öziňe ynangyn"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.
"Agla ýöne duşmanlara bildirme,
Geýemde egnime ýansyz kepeni.
Hemişe başyňy dik tutgyn"diýip,
Kakam maňa dogry aýdan ekeni.
Kakamyň aýdanlary.
-
korpejik
3 years ago
- ♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡++++++++....
-
LadaKalina.
3 years ago
- Gaty gowy
-
yashalym
3 years ago
- Ozune dos zehinli shahyr sana yashalymdan guycli maslahat
+++ gaty samsyklyk shu + goymak sana gelshenok azajyk agras bol +goyanda sen bir goymada diyyan icimde
Ine pegas onorya dine oz mowzugyndada gurlanok
-
korpejik
3 years ago
- @yashalym name bolyar???saña???
Black Wolf 3 years ago- Gaty manyly