Azaply hatalar jigeri kertip,
Ýaşaýyşa bolan yhlasym kemdi.
Erkim elden gidip, dünýä sygmadym,
Bir demde bar zady ýoklasym geldi.

Takadam galmady ýetmäge ertä,
Arzuwy ýakmaga dözüp başladym.
Geldi-geçer duýgularyň kirşini
Gözlerimi ýumup üzüp taşladym.

Jahana inmändim kemrysgal bolup,
Öz rysgymdan özüm boýun towladym.
Ýasyn tutdum günäsizje pälleriň,
Gara reňkli pälleň toýun toýladym.

Garaz, bu dünýäden ýuwup elimi,
Begençsiz, gynançsyz uklasym gelýär.
Erkim elden gidip dünýä sygamok,
Bir demde bar zady ýoklasym gelýär.

2012ý.

Sapa Hommadow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir