Her säher oýansam, alyp başujum,
Ýylgyryp oturýaň gözlerme garap.
Şonda sähel salym göwnüm göterlip,
Dartgyn damarlarym ýag kimin eräp,
Süňňüme birgeňsi kuwwat inýär-de,
Ýeňil-ýeňil hereketlem köpelýär.
Gama bolup ýüregimi dilimlän
Gussalarym edil şol wagt kütelýär.
Ýanymdan gideňok, taşlaňok meni,
Şat günüme goşulyşýaň deň bile.
Kynçylyklar basmarlanda, siltände
Olary hem deň çekişýäň meň bile.
Men seni göterýän ýüregme ýakyn,
Bolýaň süýji ýatlamalaň gyr aty.
Iň bolmanda, sen-ä wepaly maňa,
Melegimiň suraty!..
2012ý.
Sapa HOMMADOW
“Iň bolmanda, sen-ä wepaly maňa...”
-
Pegas
3 years ago
- TM., düşünmänsiň goşga. Gaýta nesip etmesin.
-
TM.
3 years ago
- Häää, surat diyen eken😁seryozno shotak yetip durdym.Uns bermandirin.Bagysla nesip etmesin
-
yashalym
3 years ago
- öýňüzze saklaýaňmy onsoň şo suraty?
-
sssss_1
3 years ago
- :)))/
-
ZET-PRO2003
3 years ago
- salam. goşgy gowy bolan.
@Pegas, size ertir.com -daky reppr agza salam, aýtdy :)
-
Pegas
3 years ago
- @ZET-PRO2003, salam. Azatmy? Nirede ol bu günler?
TM. 3 years ago- 👍🏼her kime nesip etsin seyle wepaly yanyoldas.Gowy gosgy!