Ýene-de alyp, ele galamym,
Ýazýaryn sen hakda köňle gelelin.
Söýgi derdi ýaman eken söýenim,
Bir ýar diýip akyl huşum gidirdim.
Özüň Bägül, bägüllere beslenip,
Gelsediň ýanyma çala seslenip,
Şonda men diýerdim batly seslenip
“Söýýärin Bägülim, söýýärin gülüm”
Zeminde dürüm sen, asmanda aýym,  
Belki sensiň meniň bagtdan paýym,
Seni ýatlamasam geçmez gün-aýym,
Söýýärin men seni, sen meniň taýym.
Ilkinji söýgim sen, aldyň ýüregim,
Sensiň bu dünýäde meniň geregim,
Hiç bir gözel tutmaz seniň deregiň,
Sebäbi sen meniň ýürek berenim!
                                                      
 24.12.2020.ý.
Çerkez_BAÝLYÝEW
Söýgim üçin
- 
                Mr.WriTer
                4 years ago
                
- @Arzuwum belki...
- 
                Pegas
                4 years ago
                
- Bu goşgy-ha ilkinji goşgusy däl bolsa gerek indi)
 Bu-da gowşak.
- 
                Mr.WriTer
                4 years ago
                
- Pegas 3 minutes ago
 Bu goşgy-ha ilkinji goşgusy däl bolsa gerek indi)
 
 Bu-da gowşak
 
 Ýok, bul ikinji ýazan goşgusy.
- 
                Mr.WriTer
                4 years ago
                
- Pegas aga, senden haýyşym bar, ýagny goşgy düzmegiň kadalaryny öwredýän kitabyň adyny aýdaýsaňyz, haýsy saýtdan tapdyrjagnam aýtsaňyz şat bolardym..!
- 
                Arzuwum
                4 years ago
                
- şol kitaba bolsa maňada gerek
- 
                Lagly
                4 years ago
                
- ++++
- 
                Pegas
                4 years ago
                
- Öde Abdyllaýew - Edebiýat teoriýasynyň esaslary
- 
                Mr.WriTer
                4 years ago
                
- Pegas 1 minute ago
 Öde Abdyllaýew - Edebiýat teoriýasynyň esaslary
 
 Köp köp sag bol!
- 
                Arzuwum
                4 years ago
                
- Pegas, sagbol
Arzuwum 4 years ago- belki bolar, kim bilýä