Ir säher “Ertiriň haýyr” diýmedim,
Hal-ahwalyň soramadym ýygydan.
Düşünýän, kän gezek igenensiňem
Bolmanyma “hyýaldaky ýigidiň”.
Gujak-gujak gül bermedim iller deý,
Doglan günüň ýatdan çykdy kä pille.
Meni “şahyr” diýip söýenem bolsaň,
Şahyrlarça wasp etmedim käkilleň.
Ýöne sen meň bilen deň bolma, dünýäm,
Wah, nädeýin, perwaýsyz men dogluşdan.
Kä bildirip, kä bilniksiz ynjansyň,
Haýyş, meni bagyşlawer ýalňyşsam.
Uçursyz mähre zar gyzlyk dünýäňe
Ýazgarma büs-bütin girmänim üçin.
Ýazgarmakçy bolsaň hökman bir zatda,
Ýazgar, seni söýüp irmänim üçin!
Sapa HOMMADOW
“Ir säher “Ertiriň haýyr” diýmedim...”
-
Mister X
3 years ago
- Goshgy gowy eken. Tuweleme.
-
Lagly
3 years ago
- Like ++++. Örän oňat goşgy
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Ýazgarmakçy bolsaň hökman bir zatda,
Ýazgar,seni söýip irmänim üçin.
Gowy setirler.Goşgam gowy malades Pegas
Black Wolf 3 years ago- +++