Ne parhy bar meniñ yatan yerimiñ,
Dasha çykyp bilmeseñ, gezip bilmesem.
Ne peyda bar islamde-de olumi,
Ajaly gujaklap olup bilmesem.

Ne peyda bar uçup giden burgutden,
Penjesinde alyp gitmese meni.
Nadeyin men gargalaryñ shalygyn,
Owrenip bilmesem olañ dilini.

Ne peyda bar maña biwepa yardan,
Bir nadan oguldan, gadyrsyz gyzdan.
Çat açan yuregim yeriñ ustunde,
Gitmek islan wagty yaz bilen guyzden.

Nadeyin men gok agaçlañ sayasyn,
Uzaklardan maña yat Gun gorunyar.
Penjirañ oñunde akja kebelek,
Pelpellapler, iki yana urunyar.

Bu jahanda yalñyz syrdashym meniñ,
Kebelejik, deñ sen dunya malyna.
Sen-a meñ halyma dozman urunyañ,
Men bolsa aglayan seniñ halyña.

***

Jebir gordum bu diwardan añyrda,
Zulum gordum bu diwardan añyrda.
Olum gordum bu diwardan añyrda,
Hapa boldum men bir suwa dusheyin.

***

Tapmasam men bu tokaydan adalat,
Geregi yok ol tokayyñ baylygy.
Shahyryñ ustunden hakimlik suryar,
Maslyk soryan gargalaryñ shalygy.

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir