Esti wetsgow...
Gadyrny biliň her bir zadyň,
Diliňizden düşürmäň gudraty güýçli Allanyň adyn...


Komon yeah yeah...
Tussag bolup jebri jepa çekip görmedik,
Erkin azatlygyň gadryn näbilsin.
Iline zar bolup göz ýaş dökip görmedik,
Dogduk mekanynyň gadryn näbilsin.

Danalaryň sözine hiç haçan gulak salmaýan,
Ýa-da açlygyň görgiň jepasyny görmeýän.
Ýa meýdanda gara zähmetine girmeýän,
Bir döwüm gara nanyň gadryn näbilsin.

Öň barçany ýaradypdyr beýik Hudaýym,
Ahyretde deňeler baýy gedaýyň,
Ezraýyl çenände adamzada ajalyň ýaýyn,
Atar gider garry ýaşyň näbilsin.

Lukmanlaryň Hekimini hiç wagt görmedik,
Derde uçrap alada gaýgy edip görmedik,
Otuz ýaşynda jebir çekip elli ýaşa girmedik,
Saglyk seniň baýlyk abraýyň näbilsin.
:gaýtalama
Näbilsin, näbilsin kynçylyk görmedik ömrüň gadryn,
Näbilsin näbilsin aşyk bolmadyk söýginiň gadryn,
Ýene-de tutýar gudraty güýçli Allanyň adyn,
Saňa şükür edýän dünýäde bar meň hemme zadym.

Köp şrawet birden azzygy her kişi,
Tükenmez howaýa galar onuň päk başy,
Ýaş ýigidiň geçip durka her-bir ýalňyşy,
Ol şerabyň şeýle zatdygyn näbilsin.

Garyplykda bendilikde satan bolsa deňini,
Bulaşdyrar gelejegni hem-de öňüni,
Owwal hak duş eýlese ýagşyny hem ýamany,
Hiç kim bilen doslaşmadyk dostuň gadryn näbilsin.

Dogry sözdir dogry açdan eder habarsyz,
Sakladygy hemmeler tutsa saňa jebirsiz,
Maksadyna tiz ýetse her kişi agyrsyz,
Gazanylan maksat zadyň gadryn näbilsin.

Sawçylaryň halal saýlanyna öýlenen,
Kakasynyň haram gazanjyna şaýlanan,
Lälijek ösüp bezzatlyga eýlenen,
Söýginiň ýaryň gadryn nä bilsin.

:gaýtalamany gaýtala)

Aşyk bolup yşk odunaköýip ýanmadyk,
Halaşmagy beter möhçm zada salmadyk,
Ýaryndan aýrylyp mejnun bolup görmedik,
Şirin şeker dilli ýaryň gadryn nä bilsin.

Meýmiräp söýgili gyzynyň gujagynda ýatmadyk,
Zar zar aglap kynçylyk görip ýaryna ýetmedik,
Ýa da juwan gyzlaryň tagamyny datmadyk,
Olar jan elenen gyzyň gadryn näbilsin.

Aşgabatly owadanja gyzlaň köpisi,
Diýerler maşynlyja hemde uly howly ölýli,
Ýöne kemsinmäweri sen eý çopan daýy,
Olar seniň mukaddes gumuň gadryn näbilsin

At münüp garda ýa gyşda uzak ýoly sökmedik,
Awtobusyň ýoluna hiçhaçan gözüni dikmedik,
Ýa ulagsyz kösenip jebri jepa çekmedik löne maşynynyň gadryn näbilsin.

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir