Posuň tegmilini islendik matadan aýryp bolar. Munuň üçin bir bölejik limon dolanan hasany ýa-da sorguç kagyzyny tegmil galan ýere goýup, ütük bilen çalarak basmak gerek.
Sakgyç ýelmeşen geýimden ony aýyrmak üçin, geýimi sowadyja salyp, sakgyç gataýança garaşmak gerek. Soňra geýimi sowadyjydan çykaryp, silkişdiräýmeli.
Eger çorbanyň duzy artyk düşen bolsa, gyrgyçdan geçirilen 2-3 sany kartoşkany hasa dolap, çorbada gaýnadyň.
Eger gök önümleriň çaltrak bişerini isleýän bolsaňyz, onda ilki olary gaty duzlanmadyk suwda biraz saklamak gerek.
Täze sajy ilki ýag bilen gyzdyryp, soňra oňa duz sürtmeli. Eger saja biraz duz sepeleseň, ýagyň syçramasy az bolar.
Eger açar gulpda kynlyk bilen towlanýan bolsa, onda açara mum ýa-da sabyn çalmak gerek.
Sirkäniň ergini (1 bulgur suwa 1 çemçesi sirke) penjire we ýüz görülýän aýnalardaky tegmilleri aýyrýar, zer çaýylan, agaçdan ýasalan çarçuwalara öwüşgin berýär, wannany, nowajygy (rakowinany), syrçaly pitini arassalamaga kömek edýär.
Peýdaly maslahatlar
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Yetirenine minnetdar, gowy maslahatlar+++
-
Black Wolf
3 years ago
- Ahmet aga nesip bolsa sogana gecer
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Black Wolf) ))))) ajy burcha ya gara burcha gechmeseler bolya)))
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- saol yetirenine +++
-
Agashka.
3 years ago
- Ahha
-
Arzuwum
3 years ago
- Bir bölek gant atsaňam duzuny sazlaya,
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Arzuwym)))
Ahmedik_97 3 years ago- Burunji hasa dolap chorba salyp gaynatsanam duzuny ayyryar. Aslynda duzgun sheyledi welin, indi kartoshga gechayipdir. Kartoshga gowy ayyryarmyka?!