Seniň päkligiňe, päkizeligňe
Ynanjym şeksizdir,
ynamym hakdyr!
Çünki men hemişe, nirde bolsamam,
Seniň islegiňe, göwnüňe bakdym.

Sorap-idemedim töwerek-daşdan,
Ýa bildirmedimem çekýänim zaryň.
Ynha, bu gün ýene armanym süýräp,
Şol hoşlaşan ýerimize barýaryn.

Bu ýer maňa juda-juda ýakymly,
Bu ýer maňa nika gyýdy gam bilen.
Sowulan gündizleň ahyny çekip,
Öwrenişdim gije bilen, daň bilen...

Ahmyra eýlenip, ýugrulyp, bişip,
Şeýdip ýaşlygymy şemala berdim.
Bilgin, her gün ýuwaş-ýuwaş öldürer
Seni söýüp, duçar bolan bu derdim.


07.02.2020ý.


Sapa Hommadow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir