Biri sizi sözünde kiçi düşürýän bolsa, ýada gödek sözler bilen ýüzlenýän bolsa näme etýäňiz? Dymýaňyzmy ?, ýa agzyňyzdan gelenini diýýäňizmi? Ýöne näme eden bolsaňyzam sögüşde öňküsindenem beter bolansyňyz ýada uruş çykandyr. Ýöne her zadyň çäresi bolşy ýaly, geplemegiň, gepleşmegiň, jedelleşmegiňem öz usullary bar. Geliň onda ol usullardan käbirini bileliň.Psihologiýa şeýle bir çylşyrymly zat, bir adamyň psihologiýasy diňe bir söz üçin bozulyp, onuň durmuşyny üýtgedip biler. Ýada bir söz ony düýbünden başga adama öwürip biler. Ýöne oňa has dogry sözler gerek, we o sözlerem wagtynda aýdylmaly.Az geplemek elmydama peýdalydyr. Bu jedellerde sögüşlerde hem şeýle.Aýdaly siz dostlaryňyzyň ýanynda dursuňyz, ýöne dosdym diýýänleriň biri seniň pikiriňi diňlänok, hatda seni gepledenok, arasynda saňa gödegräk sözlerem diýýär. Bu ýagdaýda «Seňkem dogry» sözüni ulanyp bilersiňiz. Meselem «Seňkem dogry ýöne şu şeýle bolupdyr», ýada gepiň başynda we soňunda «Seňkem dogry» diýip ortasynda öz pikiriňizi aýdyp bilersiňiz. Sebäbi unutmaň, elmydama başdaky we soňky söz ýatda galýandyr. Iň soňunda «Seňkem dogry» diýeňizde ol «Hä hawa elbetde meňki dogry» şeklinde düşüner.Biri size gödek sözler bilen ýüzlenip duran bolsa başda ses çykarmaň, käwagt arasynda «Sen çyndanam maňa şeýledir öýtýäňizmi ?» şeklinde sorag beriň we ýene dymyň, belli bir wagtdan soň ol adam ol sözlere atylar we rahatlygyny bozar. Şondada eýýäm siz utarsyňyz, erbet zat eden ol hasaplanar.Köplük ýerde otyran wagtyňyz, biri bilen sögüşýän bolsaňyz, meşhur ýada belli adamlaryň sözleri bilen gürläp bilersiňiz. Meselem «Meret agadam şeýle diýýärdi» şeklinde. Eger şeý diýseňiz olara zat diýmekden çekinerler we sözüňiz mamla çykar. Ýada başga birini ýanyňyza almak we ýüki oňa atmak. Meselem meşhur bir adam ýanyňyzda bolsa gepläp "Şeýle dälmi Serdar ?" diýip bilersiňiz. Ýanyňda näçe köp adam bolsa şonçada sen sözde üstün bolarsyň. Olam makullap boş oturmaz elbetde. Ýada käbirlerine diňe "Ýöne"-siz gürle diýseňiz dymar. Sebäbi oň sözi diňe "ýöneden" ybarat. Sizem ýöne sözüniň ýerine «we» sözüni ulansaňyz has gowy bolar. Meselem «Munyň gowy bolupdyr ýöne has owadanlamaly» ýerine «Munyň gowy bolupdyr we mundanam owadanlasak has gowy bolar» şeklinde gürläp bilersiňiz. Unutmaň, sözde sögüşde batly gygyrmak ýada garşylyga şo şekilli jogap bermek sögüşi hasam gyzdyrar we iň soňy uruşa barar. Şo sebäpli sessiz bolup gerek sözleri diýmek wajypdyr.Bu ýerde diňe sözde uruş barada käbir maglumatlary goýdym, ýene şu temanyň ikinjisi üçin ýyldyzjaklardan tema gowy baha berip bilersiňiz.Siz bu tema barada näme pikir etýäňiz? Siz sögüşeňizde nämeler diýýäňiz ?

Ceshme:syrlywakalar.ru

Bilim, Mr_arsen. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir