Aslynda meniň-ä multifilimden gowy zadyň barlygyna ynanmaýan döwrümiň üýtgemegine mekdebe gitmegim sebäp boldy. Meňem okuwçy boldum diýip begenip baran mekdebim iki-üç günden soň: irden ukyňdan alyp galýan, dört sagatlap oýnap bolmaýan, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmeseň ejeň-kakaň urmadyk şarpygyny urýan ýere öwrüldi. Soň-soňlaram men düşünmän geçdim: näme üçin mugallym dört bilen dördi goşup dokuz çykarýan okuwçyny halamaýarka. Hemmeler diňe bäşlik alsa onda kim yzky partada oturyp sag-aman sapak gutaryp jaň kakylmagyny dileg etsin?


Başda hatymyň owadan bolmagy sebäpli, höweslenip azajyk dil ugrundan gowy okabam başladym. Ýöne dil edebiýat bilenem uzak oňuşmadym. Aýyrgyçlara ýetenimizde mugallym meni hem gowşaklygym sebäpli gowy hasaplaýan okuwçylarynyň arasyndan aýyrdy.

Kitaby, kitap okamagy gowy görýän kakamyňam meniň ýazyjy bolmagymy isleýän umudyny hem, alyp beren döwüli kitabynyň sahypasyndan samalýot ýasap uçuran günüm puç etdim.

Ýöne taryh dersini hemme zatdan gowy görýän. Hiç zat goşmaly dal, ýazmaly däl diňe gürrüň beribermeli. Mollum ünüsli diňlemeýän pursadynda taryha özüňçe düzediş girizseňem bolýar. Barybir taryhyn içinden Spartak ýa-da Kannibal çykyp "Bizä beýle zatlary etmändik" diýjek gumany ýok. Geldi mugallymam "Taryhyň atasy Geredotdyr" diýen bolup geçmiş-taryhyda ataly edip zorow şol. Bir gezek dagy Sentýabrda taze okuw ýylyna baranmyzda senenama kalendar barada täsin zat gürrüň berdi. "Awgust aýy oň 30gün ekeni, ýöne rim şasy Awgust öz ady dakylan aýyň daýysy Sezaryň ady dakylan iýulyndan bir gün kemligi sebäpli sentýabrdan awgusta bir gün geçiripdir. Şondan barem awgust aýy 31gün " Bah şonda bir begenip, bir gynandym. Gör ol patyşa sebäpli biz bir gün köp tomus rugsadyna eýe bolupdyrys. Wah aljakmy, alda bir gün däl-de on gün, näme biri käýýäp durmy diysene...?!

Özümiňä halamaýanym hasapdy. Mollumyň "Matematika ylymlaryň şasydyr" diýmegine garamazdan hiç şol "ylymyň şasy" bilen jynym jyňkyryşman geçdi.Alta sekizi köpeltsem illeň tersine hökman meniň jogabym elli çykýar ýa-da kyrk dört. Beýlekiler bolsa ýüzi nola köpeldibem jemi nola deňlän bolup otyrlar. Meniň-ä gündeligimde-de hasapdan iň ýokary baham dörtlük. Olam kä wagt yetdiryan bagt. Ind-ä özümem niýet edinip ugradym, başlik alsam hökman sadaka bererin diýip.

Sag-aman jaň kakylyp hasapdana sypdym diýip begenersiň welin, öňüň-de "dowzahyň gapysam şeýle gorkunç däldir" diýdirýän fizika otagyň gapysy awanyp durandyr. Ejemiň "sag aýagyň bilen gapydan girseň işiň şowly bolýar" diýenini ýatlap ilki-ilkiler fizika otaga sag aýagym bilen girýädim. Iki-üç gezekden soňa, sapak bilmeýän okuwça, fizka otagna emedekläp girseňem şowlulyk ýokdugyny bildim.

Jaň kakylar welin geler ine Anna mollum "fizika algebraň doganydyr, barde-de matematika badyr, hasap badyr" diýip. Özem şeýlebir talapkar, gaharjaň. Içinden geçip gelýan gözlerem birki gije ýatman basyrganyp geçer ýaly etjek. Erbet ýerem sapagy bilýänden soramaz. "Işiň aňsadyny ýalta tapar " diýilşi ýaly okuwçyň gowşagynam Anna mollum tapardy. Gözleýänem men ýaly "maňa degjekden hudaý saklasyn" diýip dileg edip oturanlardyr.
Bir gezek sapakda öňündäki tejribe stolda öz aýdyşy ýaly "elektirik geçirjili zynjyr" diýişdirip birtopar zat çykardy, iş edibem düzdi. Bizem dürli - dümen satylýan bazardaky enjamlar ýaly ekenaý diýip boýnumyzy süýndürip geň galyp seredip otyrys.
Öz aýdyşy ýaly "zynjyry" düzüşdürip bolan mollum "Kim zynjyrda elektirik togunyň üýtgeşini görkezjek?" diýdi. Yzda oturan ýerimden elini galdyrar diýip çaklaýanjalarym "men görkezjek mollum-da, men mollum" bolşup el galdyryp gygyryp başladylar.

Anna mollumam olara barmysyňyzam diýenok. Derrew aňdym diýmek bilmeýänlerden sorajak bolýar. Şol pursat gysgajygam bolsa-da ýaşanja ömrümde iň uly ýalňyşyma sebäp bolan bir pikir kelläme geldi duryberdi. Menem bilýänden bolup elimi galdyraýyn-da sapaga jogap bermekden sypaýyn diýdim. Soňam özüm aşagyrak egilip, hamana dünýäň bar agaramy asylan ýaly galmasy kyn bolan elimi ýuwaşlyk bilen galdyrdym. Wah şo gezek "Meni Hudaý tutdy" diýleni boldy. Öň etmedik töwekgelligňi edip näme etjek oturda gömülde, senden Amper boljak barmy diýsene.

Anna mollumyň:
-Gullyýew el galdyrýar welin, ýa gözüme görünýämika? Gel-gel Gullyýew - diýmesi, hamana biri gulagyma "gündeligiňde ýene bir ikilige ýer taýýarlaber " diýip pyşdyrdan ýaly bolup eşdildi.

Yzky partadan tejribe stola barýançam iki gezek derläp, üç gezek sowadym öýutýän. Gaýtarmyş atadan başlap gyssanjyma demiriň piri Dawut pygambere çenli kömege çagyrdym.
-Tüweleme Gullyýew hany gel. Sen bara, şu çynyňy etsen bilýäň welin özüň ýöne ýygralyk etýäňdä.

"Ýygralyk näme işlesin diýsene mollum, men mekirlik etjek boldum. Wah näbileýin şunja okuwçynyn içinden saýlap meni görjegiňi ".

-Hany nädip üýtgetmeli toguň güýjüni, görkez Gullyýew
"Wah tejribe görkezip bilýän bolsam, men bu wagta çenli Galileý bolaýmajakmy mollum". Durun agaç ýuwdan ýaly bolup. Mugallym özümden bilibä bir zatlar etmejegimi aňdy öýütýän:
-Gullyýew hany ilki togy bir utgaşdyr-a - diýdi.
Men gorka gorka iki sany simi rozetka sokdum. Bagtyma minus-plýusy dogry gelipdir. Ullakanja çyrajyk dymgyzyl bolup ýandy.

-Berekella hany indi rezostat bilen tok güýjüni peselit.

"Rezostat diýeni şudyrda Alla jan" diýip süýnmek zadyň çykyp duran nurbatjygyny süýşürip goýberdim. Bira "Gümp" bolany bilýän, biram gulagymyň düýbüne "şarp" bolany. Peseltmän gaýta güýçlendiren bolsam nätjek. Okuwa gelip eşitmedik kaýinjim bilen, mekdep taryhynda adam ogluna goýlan däldir diýdirýän semiz ullakan ikilik alyp geçdim ýerime. Içimdenem hüňürdeýän, ýene özümde günä goýamokda. "Fiziklar eýle, fiziklar beýle öwenem bolýalar. Sähel zady ýalňyşsaň gümp boljak bolsa ondanam bir sapak bolarmy. Aslynda fizika idili bir ylym bolsa, alymlary kellesine alma gaçsa dartyş güýjümi nämemi şony açdym diýip öwünüp ýörmezdiler. Düşünjeli adam kelläňe alma gaçsa bagyň miwesiniň ýetişendigini aňmazmy "
Şeýdip menem mekdebimizde
"Fizika otagynda lampa ýaran okuwçy" ady bilen uludan-kiçä belli adam boldum. "Saman otla at gazan " boldy meňkem.


Ýöne dogrusy bir zada anyk göz ýetirdim. Hiç haçan bilmeýän zadyňy bilýänden bolmaly dal ekeni. Şol pursat bolsun ýa-da soň bolsun barybir ýalanyn aýan bolýandygyna akyl ýetirmelidigine düşündim. Ilki basjak ýoluňa seretmeli ekeni. Fizika sapakdaky ýalňyşlygym maňa ullakan sapak berdi.

Cheshme:vk.com/mugallym_we_biz

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir