Azerbaýjan Hazar deňziniň kenarynda, Kawkaz daglarynda, Ýewropa bilen Aziýanyň çäginde ýerleşýän döwletdir. Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlary gadymdan bäri hut Azerbaýjanyň üstünden geçipdir. Ol gadymy syrly Hytaý bilen baý Ýewropanyň aralaryndaky özboluşly “derweze” bolup hyzmat edipdir.
Azerbaýjan Respublikasynyň tutýan meýdany 86,6 müň kw.km bolup, ol Russiýa, Gruziýa, Ermenistan, Türkiýe we Eýran ýaly döwletler bilen araçäkleşýär. Gazagystan we Türkmenistan bilen bolsa deňiz üsti bilen araçäkleşýär.
Meýdany onçakly uly bolmanlygy sebäpli dünýä kartasynda ony tapmak kynrak. Bu döwlet barada diňe goňşy ýurtlar, türki dilli ýurtlar we öňki sowet respublikasyna giren döwletler bilýärler. Eýsem-de bolsa, bu ýurduň baý taryhy we medeniýeti, tebigy gorlary bar. Şol sebäpli, biz Azerbaýjan barada käbir gyzykly maglumatlary topladyk, bu maglumatlary hat-da goňşy döwletler hem doly bilmeýärler.

Azerbaýjan barada faktlar

Azerbaýjan Ýer ýüzünde iň uly köl hasaplanýan Hazar deňziniň günbatar kenarynda ýerleşýär. Şol bir wagtyň özünde Azerbaýjan Hazar deňzine çykalgasy bolan türki dilli üç döwletleriň biri bolup durýar.


Gür ilatly ýurt

Azerbaýjan – Kawkazda iň bir uly we gür ilatly musulman ýurdudyr. Türk dünýäsinde ilat sany boýunça dördünji orny eýeleýär. Emma dört esse köp azerbaýjanlylar ýurduň çäklerinden daşarda ýaşaýarlar.
Azerbaýjanlylar Demirgazyk-Günbatar Eýranyň ilatynyň aglaba bölegini tutýar. Ýurduň etniki toparynyň sany boýunça parslardan soň ikinji orny eýelemek bilen, Eýranyň iri milli azlygy bolup durýar.
Bütin dünýä boýunça 50 milliondan hem gowrak azerbaýjanlylar, şol sanda 10 milliondan gowrak adam öz watanynda, Azerbaýjanda ýaşaýar.

Günorta Kawkazyň iň bir bütindünýä döwleti

Azerbaýjan – köpmilletli ýurt, bu ýerde ähli halklar azerbaýjan jemgyýetiniň bir bölegi bolup durýar. Ýurtda ähli halklaryň (ahyska-türkler, awarlar, udinler, suarlar, lezginler, rutular, tatarlar, talyşlar, tatlar, kürtler, molokanlar, ingiloýlylar, gruzinler, nemesler, ruslar, ermeniler, jöhitler) we dinleriň (musulmanlar, hristianlar we iudeýler) wekilleri parahatçylykly şertlede agzybir ýaşaýarlar.

Iň gysga araçäk

Dünýäde uzynlygy 17 kilometrden gysga bolan birnäçe araçäkler bar. Mysal üçin, Azerbaýjan bilen Türkiýäniň araçägi bary-ýogy 15 km. Azerbaýjanyň bir bölegi bolup durýan Nahiçewan Awtonom Respublikasy Türkiýe bilen araçäkleşýär.

Azerbaýjanyň çäkleri Ermenistan döwleti üçin ýapykdyr

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň aralarynda diplomatik gatnaşyklar ýok, Ot açmaklygy hemişelik bes etmek baradaky Ylalaşyk (1994) taraplara ýuridiki jähetden iki taraplaýyn diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaklyga, parahatçylyk baradaky şertnama baglaşmaklyga mümkinçilik berýän ylalaşyk baradaky resminama bolup durmaýar. Dagly Garabah üstünde Ermenistan bilen Azerbaýjanyň aralaryndaky dawa 1988-nji ýylyň fewral aýynda başlandy. Şol sebäpli, Garabag dawasy başlanyndan häzirki wagta çenli Ermenistan bilen araçäk ýapykdyr.

Azerbaýjan 9 sany klimat zolagynda ýerleşýär

Azerbaýjanda bir wagtyň özünde bar bolan 11 klimat zolagynynyň 9-sy ýerleşýär. Azerbaýjanyň köp bölegi subtropiki guşaklykda ýerleşýär. Bu ýerde ýarym çöl klimat, gurak sähralyk klimaty, subtropiki, orta we sowuk klimatlar bar.

Azerbaýjan bilen Türkmeniistanyň pul birlikleriniň atlandyrylyşy birmeňzeşdir

Manat – Azerbaýjanyň häzirki pul birligidir. Türkmenistanyň pul birligi hem manat diýlip atlandyrylýar, emma TMT harp koduna eýedir. Ýeri gelende, SSSR döwründe rublyň Azerbaýjanda hem, Türkmenistanda hem resmi ýagdaýda manat diýlip atlandyrylandygyny bellemek gerek. Şuňa meňzeş at Gruziýada hem bolupdy – maneti, emma häzirki wagtda Gruziýanyň pul birligi – lari.

Gara işbil önümçiligi boýunça öňdebaryjy

Gara işbiliň esasy alynýan ýeri (90% çenli) Hazar deňzidir. Gara işbili esasy eksport edýän döwletleriň hatarynda ençeme ýyllar bäri 5 döwlet durýar: Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan, Azerbaýjan we Eýran. Gara işbiliň has köp mukdary Hazar deňziniň günorta-günbatar kenarynda ýerleşen Gilýan we Mazendaran welaýatlarynyň hojalyklarynda öndürilýär.

Kiçijik naşyja kitaplaryň muzeýi

Bakunyň gadymy merkezi bolan “Içeri Şäherde” ýerleşýän kiçijik naşyja kitaplaryň muzeýi dünýä boýunça özboluşly, ýeke-täk muzeýdir. Muzeýde 66 döwletden 7500-den hem gowrak kiçijik kitaplar toplanandyr. Bu ýygyndylar dünýäde iň uly ýygyndy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdir.

Azerbaýjan tagamlarynyň köpdürlüligi

Azerbaýjanyň milli tagamlary dünýäniň iň bir gadymy we baý tagamlarynyň hataryna girýär. Azerbaýjan tagamlarynda diňe palawyň özüniň 200 görnüşi bar, palaw Azerbaýjanyň milli tagamlarynyň iň bir naýbaşysy hasaplanýar.
Şeýle hem dolmanyň (dolama) 30 görnüşi mälimdir.

Terjime eden: Gurbannepes Jürdekow.

#türki döwletler #azerbeýjan

cheshme:vk

Sorag-jogap, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir