Meni ol jaýa súýráp diýen ýaly dykdy soñ gapdalda duran ýúpe gózi dúşdi. Men ilki náme etjek bolýanyny añşyrmadym. Soñ seretsem meñ elimi arkama geçirip, soñam bútin gówrám bilen sarady. Ol ýúp şeýle bir uzyn eken, Maýsa ejemler ómrúne sygyr saklansoñ, sygyr dañýan ýúpleri bolmalyda meñ boýumdan başlap aýagyma çenli ýetdi. Dañyp duranyna gaharym gelip gózúmden ýaşymy saklap bilmedim, sógúndim hem agladym.


- Goýber elimi samsyk náme úçin dañdyñ saña diýýán dañma meni dáli - diýip agladym.


Rówşen tá dañyp bolýança sesini çykarmady. Soñ bútin dañan soñ:


- Ynha indi boldy, eger gygyrsañ agzyñam ýaparyn, dañaryn şonuñ úçin ýemşijek gúrlemánjik diñle meni. Barybir gygyrsañam hiç kim eşitmez. Ózúñem aglama tuşuñ akar - diýip ýylgyrdy.


- Çóz meni, çóz meñ ellerimi haýwan, samsyk, akly azaşan, men ejeme aýdyp seni edişime seret - diýdim.


- Diñle meni ýemşijek. Men saña bir zatlar aýdasym gelýá. Emma buny şeýdip aýtmasam sen maña aýtmaga rugsat bermezdiñ - diýip náme maksat bilen şeýle hereketler edenini dúşindirmáge başlady:


- Ýadyña dúşýármi ýemşijek mekdep dówrúnde señ adyñy biri tutsa men señ arkañy alardym, soñ uly okuwda da şeýle, men ol wagtlar ózúmde námeleriñ bolup geçýánine dúşinemokdym. Ýóne ynha arada sen klasdaşymyñ toýuna gitjek diýeñde bolsa men seni şeýle bir goýberesim gelmedi, bolmasa men śol gún boşdum seni arkaýyn ákidip getirip bilýádim. Men şo gún saña berilen toý çakylygy alyp dúrláp júbime salamda ózúm óz bolşuma haýran galdym. Şol gún saña jogap bermán elimi galgadyp çykyp gidemde men senden çekinip ýa gorkup gitmedim, men ózúmden óz boluşymdan gaçyp barýardym. Şol gún sen toýa gideñde men seni górúpdim, sen kim bilen gidip kim bilen gaýtdyñ hemme zady bilýán, ýóne men gyrada seredip durmakdan başga zat edip bilmedim. Ôzúmden gorkdum...


- Náme úçin gorkduñ, náme maña gaharyñ gelip meni uraryn óýtdúñmi? Ýa has beter sógúşmekden gorkduñmy? - diýip geñ galyjylyk bilen soradym. Asla onuñ maña náme aýtjak bolýanyna dúýbinden dúşinmedim.


Ol maña naýynjarlyk bilen gózúme seredip:


- Wahhh... Ýeke aladam şol bolsady... Leýlim men seni ilden gorap, ózúmden goramagy unudaýypdyryn, meni bagyşla, ýóne Men seni sóýýáýdim óýdýän - diýip gózúne ýaş aýlady.


Men náme diýjegimi bilmedim, has dogrusy doñup galdym. Şu gúne çenli " Rówşen meñ doganym" diýip ýórenim, beýle bolup çykaýmalymy diýsene.


- Saña sóýmáge başga gyz gapyşdymy dáli. Biziñ damarlarymyzdan akýan gan meñzeş. Men saña doganym diýip ýórúnâ - diýip ýene aglap başladym.


- Bilýán Leýlim,.. Ýóne meñ gursagyma Alla sóýgi guýsa men gúnákármi aýt? Men islemedim şeýle bolmagyny şu zatlañ, eşidýáñmi meni, men asla islemedim, men gaçdym seni górmejek boldum, ýóne gaçdygymça nirá seretsem sen bar - diýip janyrgap meni silterláp dúşúndirjek bolýardy.


-Maña bildirenok ol zatlar silterleme meni - diýip aglamaga başladym:


- Meni çöz däli. Men hemmelere aýdaryn seň kimdigiñi ellerimi, ózúmi dañandygyñy aýdaryn.


- Çözjekdäl.


- Çözmeseň men gygyraryn - diýdim, sebábi men toý kóýnekde dañylgy ýatanyma darykýardym.


- Gygyr, seni hiç kim eşitmez - diýip içimi ýakdy.


- Sen meni bärde baky saklap bilmersiň, barybir göýbermeli bolarsyň.


- Göýbermeli bolýançam bir saklaýyn. Soň göreris.


- Göýber haýwan. Sen dälliräpsiň.


- Seň "tuşyň" akypdyr.


- Näme???


- Men aýtdyma aglasaň "tuşyň" akar diýip.


- Sen däli, sen hakyky däli. Men hemme kişä aýdaryn seň dälidiňi - çynym bilen agladym...


Ol bolsa:


- Sen meni däliredýäň. Seň gözleň meni däliretdi - diýip gózlerime seredip ýaşymy súpúrdi.


- Sen häzir meni göýbermeseň meni gözläp ugrarlar, Máhri, Melek, ejem olar meni gózlár.


- Goý gözlesinler. Seni hiç kim tapmaz.


- Nejis sen. Sen ýerçeken meýt. Sen, sen, sen bara. Men seni ejeňe aýtjak.


- Aýt aýt. Kime aýtsaň şoňa aýt.


- Çöz ellerimi. Edil şu wagt çözseň hiç kimiň ýanynda gürlejek däl. Bolýamy? Hiç zat bolmadyk ýaly ýene toýa çykjak - men sypmagyñ aladasyny edýárdim....

Dowamy bar...

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir