Türkmenistanda ýolagçy dermi ýol gatnawlaryna täze düzgünler girizilýär. Bu düzgünler sebitde we dünýäde dowam edýän çylşyrymly epidemiologik şertlerde arassaçylyk-öňüni alyş talaplaryny berjäý etmäge mümkinçilik berýär. Bu düzgünler barada Lebap welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy «Türkmen gündogary» gazetinde bildiriş ýerleşdirdi.

Täze düzgünler ýolagçylara bolşy ýaly, hyzmat edýän işgärler düzümine hem degişlidir.
Ýolbeletler otlynyň ugramazyndan 6 sagat öň, otly soňky stansiýa baryp, ýolagçylar düşenden soň hem-de onuň hereket edýän döwründe her 3-4 sagatdan zyýansyzlandyryş çärelerini geçirip durmaly.
Türkmenabatdan Aşgabat şäherine ugrajak raýatlar demir ýol menzilinde gurnalan içki migrasiýa seljeriş toparyna ýüz tutup, COVID-19 ýokanjyna barlanmak üçin şol ýerdäki lukmançylyk otagynda nusgalyk tabşyrmaly. Barlagyň jogaby hem şol ýerde berilýär.
«Aşgabat şäherine gelýän we welaýatlara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda, her bir ýolagçyda soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagy barada tassyknama bolmaly. Kepilnamasy bolmadyk we gyzgyny 37 derejeden geçýän ýolagçylara otla münmäge rugsat berilmez. Türkmenabatda bu tassyknama 4-nji Saglyk öýünde berilýär.
Otla münmezinden ozal demir ýol menziliniň degişli saglygy goraýyş nokadynyň işgärleri tarapyndan her bir ýolagçynyň bedeniniň gyzgynlygy ölçeniler, onuň burun boşlugyna oksolin melhemi çalnyp, elleri zyýansyzlandyrylar. Ýolagçylardan demir ýol menzillerinde, stansiýalarda we otluda agyz-burun örtüklerini ulanmak, kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik gigiýenasynyň düzgünlerine berk eýermek talap ediler.
Küpelerdäki ýolagçylaryň sany iki esse azaldylar.
Meýilleşdirilýän ugurlarda otlularyň ýol ugrundaky stansiýalarda durman we säginmän geçmegi göz öňünde tutulýar. Gatnaw dowam edýän wagtynda ýolbeletler ýolagçylaryň bellenen talaplara eýermegine gözegçilik ederler. Bu işe ulaglardaky polisiýa işgärleri hem goldaw berer.
Ozal hem habar berlişi ýaly, gatnaw Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça hepdäniň çarşenbe güni, Türkmenabat — Aşgabat ugry boýunça penşenbe güni gurnaldy.

Täzelikler, Mister X tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir