Okuwcy wagtymyz ceper eserleri kop okardym. Durmusy eserleri okanymda asyk-magsuklaryn biri-birlerine gowusmadyk halatynda:"Soygusi gursagynda garrady" diyen jumla kop gabat gelerdim.
Yone soyginin gursakda nadip garrap biljekdigine akyl yetirip bilmeyardim. Durmus bu jumlanin manysyny mana anryÿany bilen ayan etdi. Pasmadyk soyginin yyllar gecse-de, gursakda yasayandygyny subut etdi. Cunki ol ilkinji, pak hem arassa soygi.
Mekdep yyllarymda synpdas oglanyma synym oturdy. Orta mekdebi tapawutlanan attestat bilen tammamlanymda hemmeler bilen birlikde, onun hem gelip gutlaryna garasdym. Yone Myrat uzagrakdan bas atyp, yylgyryp onaydy. Soyen yurek ucin so-da yeterlik bolmaly. Onun yurekden yylgyrmasyna monca boldum. Welayat merkezindaki lukmancylyk mekdebinde cagalykdan arzuw edyan karim boyunca okuwymy dowam etditdim. Okuw yenil daldi. Gije-gundiz elimizden kitap dusmezdi. Onda-da, sahel wagt tapsam Myrat hakdaky oy-pikire berlenimi duyman galardym. Ona, ondan geljek habara garasdym. Watan gullugyna gidendigini esidip, begendim. Sondan son ol barada obadan gelen-gidenlerem hic hili soz acmadylar.
Lukmancylyk mekdebini tamamlap, etrap merkezindaki hassahanada ise basladym. Synpdas joralaryma dusanymda, hokman Myrat barada sorardym. Onun Watan gullugyny tamamlap gelip, suruji bolup ise baslanyndan habarlydym. Garasyardym. "Bir gun hassaha gelip, yagdayymy sorar, soz aydar"diyip, garasyardym. Yone ol gun geler yerde gelmedi....
Dowamy bar
Guller Dowletgeldiyewa
1.03.2021 23:23

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir