"Erkek sözüniň manysy näme üçin erkek diýildi" temasyna jogap
Düýn Mr. Writer agzamyz erkeklik hakynda birnäçe zatlary ýazypdyr, okanlaryma haýran galyp jogap bermek borjum hasaplaýan.
1. Erkek sözi edil bir erk sözünden gelenok, köne türki dillerinde "er" bolmak, doly we bütin bolmak, ýetişmek sözlerinden emele gelip "ek" at we sypat kiçeldiji goşulmasyndan emele gelen. Ek goşulmasyny biz başga sözlerde hem görýaris. Böwrek, ýüpek, goçak, menek, dalak köýnek we şm. Erk sözi hem başyny "er" den alýar.
2. Temanyň dowamynda hasam bulaşdyrýar we biziň aýal gyzlarymyz özlerini kiçeldilmegini gynansagam boyun alypdyrlar, hatta özlerini nämaniň kiçeldýänini "kategoriçeski" düşünenok. Mysal üçin; zenana erkek diýilmeýäniniň sebäbi olar özlerine erk edip bilmeýärmişin , syr saklap bilmeýämişin we şm. Tewsirçi gyzlar bolsa özleri hakynda nähili kiçeldiji zat ýazylanyna düşünmän awtory tassyklaýarlar.
Zenanlar siziň özüňiz özüňizi kiçeltmege itergi berseňiz ýaşaýyşda her wagt ikinji synp adam bolarsyňyz!!!

Edebiýat, yashalym tarapyndan 1 hour ago
Nirvana1 hour ago
Ýürejigim bola:)

Goldaýan👍
Nirvana1 hour ago
Siz meñ tanaýan yashalymymmy ýa-da bashga?!
Jupiter_Fire25 minutes ago
Gowy tema yöne hazi munam biri pozar :(
Ahmedik_9718 minutes ago
Tanayanynyz bolmagy ahmal. Beylekilerden bular yaly manyly tema chykmaz.
Tiko14 minutes ago
Bul tema pozulmaz ýalak täze tema edip açaýyn
Tiko3 minutes ago
Bul tema pozulmaz ýalak täze tema edip açaýynmy
yashalym1 minute ago
Açamaly ýöne kän bir komment bolmasa gerek:(

Sorag-jogap, Tiko tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir