Belki..... (bolan hekaýa)

Jennetiň ýazan haty şeýle diýýärdi: "Belki söýenim maňa ýalan sözlemedik bolsadyň, wah käşkä bolsady bu gün ilkinji gezek söýgüliler günümizi bellärdik. Ýöne näme üçindir sen biwepa, sen aladyň, men alandym. Sen çyn ýürekden söýüpdim, hemmeden gabanypdym. Sen esgerkäň men saňa wepaly ýar bolup garaşypdym. Wepaly ýar az sen bolsa maňa wepaly bolduň diýip göwnümi götererdiň bir wagtlar. Indi näme boldy men saňa näme etdim.... Eger-de meň ýanymda indiden beýläk sen bolmajak bolsaň durmuşyň manysy näme????"

Jennet 9-njy synp okuwçysydy, ol mekdepde iň bir göreldeli okuwçylaryň biridi. Häsiýeti, görki, alçaklygy, edepliligi bilen hemmäni haýran galdyrýardy. Ejesi kakasy oý hojalykçydy, baý ýaşanokdylar garyp hem däldiler. Günlerde bir gün oňa Ybraýym atly goňşy kolhozdan bir 18 ýaşly, görmegeý, gelşikli, güýçli-gaýratly hem-de jalaý oglan söz aýtýar. Ol oglanyň kakasy söwdagärdi. Jennet ony hiç hili ýagdaýda tanamaýardy, şonuň üçin gyz onuň sözüni almady. Onda dost bolaly diýdi oglan. Onda bolýar diýdi Jennet. Bular 1-2 gün ara salyp gürleşýärdiler. Jennet oňa öwrenşipdi. Ynha bir gün Ybraýym gulluga gitdi. Gulluga gitmezden ozal Jennete garaşarmyň diýdi. Ol hem oňa garaşjakdygyna ant içdi. Ybraýym: gitmäkäm seni bir bagryma basaýyn Jennetim, diýdi.
Jennet: Ýok bolmaz biz dost ahyryn, diýdi. Onda muňa gahary gelen Ybraýym: onda sen indi meň dostumam däl, diýdi.
Jennet ilki ilkiler ony ýatlamadam, küýsemedem, idemedem, ýöne Ybraýymam 1,5 ýyllap Jennetden habar tutmandy. Jennet ol ýanynda ýok wagty öz okaýan dersinden ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boldy. Işi ugrunady. Ulalamda lukman bolmakçy diýerdi. Ýöne näme üçindir ol soň soňlar diňe Ybraýymy pikir etýärdi. Namaz okan mahaly diňe Ybraýym sag-aman gullukdan gelsin diýip, dileg ederdi. Orazada agzyny beklende hem Alladan eden dilegi diňe şol hakdady. Ol öz içinden: Gelensoň meni idärmikä, jaň edermikä diýip pikir ederdi. Şeýdip Ybraýymyň gulluga gidenine 1,5 ýyl dolup barýardy. Günlerde bir gün nätanyş belgiden Jennete jaň gelýär. Ol ilki ony almady. Soň sms geldi, onda şeýle diýär: jaň alaý hökman size aýtmaly zadym bar. Jennet derrew jaň gelende alýar: Alo
- Alo salam Jennedim
- siz kim
- tanamadyňmy
- ýok siz kim?
- men Ybraýym Jennet, tanadyňmy
- hawa, gowumy ýagdaýlaň?
- hawa sesiňi eştdim hasam gowy boldum Jennedim, sen nähili
- menem oňat
- seňem sesiňi eşitmek bar ekenow, seni ýaman göresim geldi
- näme üçin öň habar tutmadyň menden
- men gullaukda, öz nomerimi geçen aý äkeldiler. seňem nomeriňi düýn gözläp tapdyma Jennedim.
- hä bor, bolýala oňat bolsaň
- oňat, häzir meni çagyrýalarda soň habarlaşarys, Jaň etsem algynyň
- bor bolýar onda sag bol.
Jennet uçaýjak bolýar. Ol ynanyp bilenok şunça wagtlap dileg edip, pikir edip ýörern Ybraýymynyň jaň edenine. Ol gaty haýran galýar. Allam saňa müň şükür maňa şu günlerem görkezeniňe diýip gat begenýär. Şeýdip olar ençeme wagt gürleşýärler. Soň Jennet Ybraýymyň sözüni alýar. Bular indi söýgüli. Gullukdaka Ybraýymyň telefonuna 1-2 günden Jennediň özi jaň ederdi. Ybraýyma aýtman hepde-de 5 manat pul salardy, ejesi kakasy bilen dostlary bilen arkaýyn gürleşsin diýip.Gullukda wagty Jennete ençeme sözler beripdi Ybraýym. Ynhada günlerde bir gün ol esger geldi. Ýöne näme üçindir indi Jennet bilen gürleşesi gelmän başlady, jaň edenokdy, jaň alanokdy. Jennet oň bilen gürleşmek üçin öz telefon belgisini Gizlin belgi edipdi. Bolmasa ol jaň almaýardy. Ýa-da başga telefon nomerlerden jaň ederdi Jennet. Her gezegem häzir jaň etjek ertir jaň etjeň diýip gyzy güýmärdi.
Bir gün Ybraýym: Jennet gaýrat etde indi maňa jaň etme bolýamy, hemme zat dynny sen henizem düşünmediňmi maňa, men saňa diňe içim gysany üçin jaň etdim gullukda bolýamy" diýdi we telefony onuň ýüzüne öçürdi.
Jennet hiç zada düşünmedi, diňe aglady, okuwa höwesi gaçdy. Elleri titreýärdi her gün. Näme üçindigini özem bilmeýärdi. Bir gün ol şeýle zady eşitýär: Ybraýym gullyga gitmänkä guda bolupdyr. Indi basym öýlänýär." Jennediň bar guran dünýesi üstüne ýykylýar. Men nädip bilmidem, nädip, nädip duýmadym.... Diňe gözýaş aýtýardy ýüregindäki agyryny, sanjyny. Diňe ony ýatlaýardy. Ine bu gün 14-nji fewral ol oňa şeýle hat ýazýar we öz janyna kast edýär.

Edebiýat, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir