Gelin boljak gyz
Ähli zatdan ilki bolsa edepli,
Türkmen ojagyna gelin boljak gyz.
Hemem bolawersin peýdaly nepli,
Türkmen ojagyna gelin boljak gyz.

Agzyna gelenin diýmeýän bolsa,
Ýupka kofta jinsi geýmeýän bolsa,
Ýaryndan başgany söýmeýän bolsa,
Türkmen ojagyna gelin boljak gyz.

Öýkesi kinesi gitmese käne,
Azajyk näzini cekeñde näme?
Garaýşy çuñ bolsa sözi dürdäne,
Türkmen ojagyna gelin boljak gyz.

Arzyly ýaşmagy ýerinde bolsa,
Gep gürrüñe gitmän serinde bolsa,
Hyzmaty ýürekden derinde bolsa,
Türkmen ojagyna gelin boljak gyz.

Rysgy çogdam bolup boýlasa öýi,
Kalby kir kimirsiz päk bolsa küýi,
Getirse törüne kän bäbek toýy,
Türkmen ojagyna gelin boljak gyz.

kitaphana.net

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir