“Gün nähili reňkde?” diýen soragyň jogaby hemmelere gyzykly bolsa gerek. Biz Günüň reňkini sary diýip bilýäris. Ýöne bu, hakykatdanam, şeýlemi?

Hakykatda, Gün ak reňkde. Onuň täsirli temperaturasy (ýagtylygy) 5780 Kelwin bolup, bu ýyldyzyň ak reňkde şöhle saçmagyna sebäp bolýar. Has sowuk ýyldyzlar gyzyl, has gyzgyn ýyldyzlar gök görünýär. Ýöne ýyldyzyň şöhleleri Ýere ýetende, birneme sarymtyl reňke eýe bolýarlar diýip, popmech.ru belleýär.
Sebäbi Gün görünýän spektriň ähli reňklerini şöhlelendirýär we gamma şöhlelerinden başga elektromagnit tolkunlarynyň ähli ýygylyklaryny çykarýar. Görünýän elektromagnit spektriniň aşaky ujundaky fotonlar (bu sary, mämişi, gyzyl, olar uzyn tolkunlara eýe) aňsat ýaýradylmaýar, ýöne ýokarky spektriň fotonlary (benewşe, gök, ýaşyl – gysga tolkunlar) aňsat ýaýraýar. Ýeriň atmosferasy spektriň sary-gyzyl böleginden has uzyn tolkunlary goýberip, ýagtylygy “süzýär”.
Gün özüniň sarymtyl öwüşginini atmosferadaky hapalar sebäpli alýar, bu dargamak täsirini güýçlendirýär, şonuň üçin asmanyň arassa we bulutsyz ýeri bolan çölde ýyldyz ak görünýär.
Köplenç, Gün doganda we şapakda ýyldyzy oduň reňkinde görmek bolýar. Bu wagt Gün gözýetime ýakyn gelýär we ýagtylyk köp mukdardaky atmosfera molekulalaryndan geçmeli bolýar.
Güni hakyky reňkinde diňe kosmosda görmek bolýar, sebäbi bu ýerde ýagtylyk fotonlary hiç zat bilen täsirleşip bilmeýär.


çeşme: tmcars

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir